Kitabymy okap bašlanymda,asmana gol bulap,howalanyp duran garry čynar agajynyň ašagyndaky oturgučlarda menden bašga adam ýokdy.šol oturšuma agyr oý-pikirleriň holtumyna düšenimi hem bilmän galypdyryn. Kalbyma čöken gara labyrdan baš čykaryp bilmän durkam, birdenkä bir čagajyk golaýyma geldi.ol gönü gabadyma gečip,begenč bn: Meniň tapan zadymy görsene-diýdi. Čagajygyň elinde süllerip gurap ugran gül bardy. -Bar oýnaber-diýip,ony bašymdan sowjak boldum.emma ol ýüzüme ýylgyryp seretdide,ýanymda oturdy. -Gör,bu gülüň nähili ajap ysy bar.özi hem šeýle bir owadan.ine,ony šonuň ün gopardym siziň ün dp ýüregindäkini aýytdy. Güle gül diýmäge dilim barmasada ony almalydym.ýogsam čaga jygyň meniň ýanymdan gitmejegini bilýärdim. elimi güle uzadyp : Bu gul tüýs meniň isleýän gülümdä-dp,ony almakčy boldum.čagajyk bolsa entäk hem,güli ysgap durdy.šonda men bir zada düšündim.čaga- jyk kör ekeni. Oňa šeýle owadan güli getirip bereni ün sag bolsun diýmekči bolanymda agym tutdy.ol: -Hökman däl-dp ýylgyrdyda,meniň ýanymdan uzaklašdy.ol meniň kalbymda nähili yzgaldyranyndan bihabardy ol öz oýnuna gümra boldy. ol čagajygyň garry čynar agajynyň ašagynda oturup,öz-özüne nebsi agyrýan,bir kempiri görüšüne haýran galdym.meniň,öz-özümi iteren bu derdimi ol nädip aňdyka? belki,ol bu hakykaty özünüň kalby bn görendir. Kör čagajygyň gözlerinden šulara düšünüp galdym: mesele dünýäde däl,asyl mesele mendim,özümdim.bašga wagtlar men edil kör ýaly hereket edipdirin.šol gün dürmüšuň gözelligini görmäge,maňa pešgeš beren her sekunt ömrüm ün šükür etjekdigime söz berdim. Gülüň hošboý ysyny demime dartdym.čagajygy synlap otyrkam öz-özüm ýylgyrdym: Ol bolsa ýene bir gül bn bašga bir kempiriň durmušyny üýtgetmäge barýardy.
Güllü oglanjyk
-
Diamond
13 years ago
- Örän gowy hemde manyly hekaýa eken!
-
ADALATLY
13 years ago
- Diamond dost senem
barmyň,ýitdiňle dost.
-
Diamond
13 years ago
- Menem barla Adalatly dost, ýöne soñky döwür opera mini ishlänok, nesip bolsa gelerin dost!
-
Ayjagash
13 years ago
- Diysen gowy yazgy. Sag bolun yenede yazyp durun.
-
magnit
13 years ago
- gowy hekaya, sagjabol!
-
Bibisara
13 years ago
- gowy eken ozan
-
Toty
13 years ago
- hm
mirasymyz 13 years ago- sagbol dost. gowy ýazgy. ýene-de ýazyp dur dost.