MUSULMAN AHLAGY Enesiň (radyýAllahu anhu) rowaýat etmegine görä Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Musulman özüne isleýän zadyny beýleki musulman doganyna islemeýän bolsa, ol kämil iman etdigi bolmaz“. (Buhary). ŞERHI: Bu ýerde „kämil iman etdigi bolmaz“ diýýäni, eger musulman özüne söýenini musulman doganyna söýmese imanynyň kämil bolmaýandygyny düşündirýär. Bu hadysa düşünmek üçin çuňňur düşünje we duýgy gerek. Hadys musulman jemgyýet üçin iň gerekli we doganlygy berkidiji tutanýerli bir kada getirýär. Musulman musulman doganyny özünden eý görmeli, onuň hak-hukuklaryna hormat-sylag bilen garamaly, onuň gowulygyny islemeli we ýagşylygy arzuw etmelidir. ''Meniň işim bitse bolýar daş-töweregimdäkiler näme bolsa şol bolsun'' diýýänler, jemgyýet bilen bilelikde ýaşap bilmeýän adamlardyr. Bu ahlak bilen Allahyň isleýän musulman jemagadyny gurup bolýan däldir. Dine giren adamda şol duýgy aslynda hidaýet bilen bile gelmeli. Hakykatdan päk kalp bilen iman getiren adamda bu häsiýet öz-özünden döreýär. Emma käbir adamlar şuňa düşünmeseler, onda olara giňişleýin düşündirmeli. Musulman öz başyna Yslamy ýaşap bilmez, bu din jemagat bolup ýaşalýan dindir. Ýöne şol jemagadyň sagdyn bolmagy üçin, musulmanlarda dogry düşünje we doganlyk duýgysy bolmalydyr. Diňe özüňi (öz bähbidiňi) bilmek, başgalara göwniýetmezçilik, olaryň işine üns bermezlik Yslamda ýokdyr. „Musulmanlaryň işi bilen gyzyklanmaýan adam (musulman) bizden däldir“ ýa-da „Özi dok bolup, goňşysy aç ýatan bizden däldir“ we ş.m. hadyslar musulman adamyň daş-töweregindäki adamlara, bolup geçýän hadysalara biperwaý bolup bilmejegini aňladýar. „Jemagatdan daşlaşan adam Yslam halkasyny boýnundan çykarandyr“ hadysy şol pikiri gör nähili gowy taryplaýar. Kuran aýatlarynda hem özi mätäç bolsa-da mu'min doganyny özünden öňde tutyp bilýän mu'minler nähili öwülýär. Bu bolsa imanyň kämilleşmegi we nebis isleglerini basyp, belent ruhy mertebä we Pygamberiň ahlagyna ýetmegi bilen bolup bilýär. Gynansak hem, şu hadys bilen amal edýänleriň sany azalýar. Goý, Beýik Allah (jelle jelaluhu) biziň hemmämize şolar ýaly kämil ahlak we takwalyk bersin. Ämin.
HADYS 15 (ON BASHINJI)
-
Servi
13 years ago
- Sagbol yslam!Sag bol aýýüzli!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun alla sizden razy bolsun.
-
myratmeredow
13 years ago
- yslam agam sag bol. allah senden razy bolsun
-
bestcellermeret
13 years ago
- dostlar ikinizede sag bolsun aydyan yazanlarynyzy okap kop zada dysunip galdym men olar yaly maglumatlary hic yerde okamandym.
-
hanbay
13 years ago
- Men diysen yeke galarsyn,
Biz diysen kömek alasyn,
O diysen halas bolarsyn...
-
Broker
13 years ago
- amin yslam dost. kop sag bol
-
Broker
13 years ago
- yslam admin aga men kop adminlara hayysh edipdim yarym yalta etyaler olar senbir meng hayyhymy gayrat edip bitirip beray kyn dal men bn hawarlash batyr_by91@mail.ru
-
yslam
13 years ago
- amin. Alla hemmamizden razy bolsun!
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
-
beyonce
13 years ago
- tanryyalkasyn yslam aga.
Ayyuzli 13 years ago- amin.sheyle bolawersin...
allatagala : "MANA GUNASIZ AGYZ BILEN DILEG EDIN" diyyar.yagny,bir-birin u.n dilemek.bashga adam u.n edilen dileglerin den derejesi dileg edene hem beriljekdir.yone nebis hem yakany goyberenok-da ansat...
Goriplik-adamyn uly dushmany.onem perishdeler birine : "hudaydan buyruk bar.islan zadyny dile.emma shol dilan zadyn 2 essesi gonshyna beriljekdir!" diyipdirler.ol adam asha goripmishin.oylanyp-oylanyp : "mana name bolsa,gonshyma 2 esse bolyamy?diyip sorapdyr."hava"diyipdirler.gorip name etjegini bilman : "onda menin bir gozumi oyung!"diyipdir...