Salam Talyplar.com agzalary. Bilşiňiz ýaly men ýakynda asyrweb.com saýdyny satyn aldym we indi ýapylmaz we hemişe elýeterli bolar diýip söz beripdim. Emma gynansakda sözümde durup bilmedim we onuň ýörite sebäpleri bar we maňa dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän.

Ilkinji sebäpleriň biri saýdyň ady, ýagny asyrweb.com salgysyny hiç göwnemedim we köp agzalaram göwnemedi, ol mälim zat.

Ikinjiden bolsa, men saýt işine serýozny başlamagy ýüregime düwdüm, şol sebäpden hem köne zatlara üns bermezden, täze öz markamyzda sotsialny set bolsun we täze domenli we täze serwerli bolmagyny isledim.

We köp jedelli we oýlanyşmaly pursatlardan soňra, saýdyň adyny ULGAMDA.ORG diýip goýmaly diýen karara geldim.

We elbetde saýtda size täze üýtgeşmeler garaşýar, ynha olaryň käbirleri:
- täze maşynly oýun.
- täze diwarlyk (stena) funksiýasy
- has kämilleşen bildirişler tagtasy

We iň esasysy, saýtda KINOTEATR açyldy, indi siz saýtda filmleri ýokary hilde onlaýn görüp ýada telefonyňyza ýükläp alyp bilersiňiz!!!

Şol sanda, saýda serýozny başlanymy delil etmek üçin, goşmaça salgylar hem alyndy, ýagny:

www.ulgamda.org
www.ulgamda.co
www.ulgamda.net
www.ulgamda.me
www.ulgamda.info

Bularyñ ählisi biziň saýdymyzyň resmi salgylarydyr.

Şol sanda saýdyň esasy salgysy www.ulgamda.org üçin, ýörite tölegli DV derejeli SSL sertifikat hem satyn alynandygyny uly şatlyk bilen habar berýärin. Bu diýleni biziň saýdymyz Rapidssl kompaniýasynyň goragy astyndadyr we siziň şahsy maglumatlaryňyz howpsuzlykda saklanýanlygydyr.

Başgada islegleriňiz we teklipleriňiz bar bolsa ýazyp bilersiňiz.

Nesip bolsa ýakynda kiçiräk bäsleşik hem gurnarys. Hemmaňiz aramyza hoş geldiňiz!!!

Nesip bolsa ulgamda.org saýdymyz Türkmenistanyň iň tanalýan sotsial saýdy bolar diýen umydymyz bar.

Täzelikler, TrustORG tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir