Gadym zamanlarda bol suwly ummanyň kenarynda,ajaýyp ada bolanmyş.şol adada hem bir gözel gyz özüniň ýalňyz käbesi bilen ýaşan eken.Onuň at-owazasy dünýä ýaýrap,tiz wagtdan sawçylar gelip başlapdyr.Emma gyz hiç kime razylygyny bermändir.şeýdip,aýlar- günlerem geçip duranmyş.Günlerde bir gün gyz gije ýatyrka şeýle düýş görenmiş: Hamana düýşünde ada bir ullakan,bir çet ýurduň gämisi golaýlap gelýärmiş.Onuň ýelkenleriniň pasyrdaýşy howuňy basýarmyşyn.Basym gämi kenara ýetip,ondan birnäçe gullar çykyp,gämiden tä gyzyň öýüne çenli gyzyl,gymmat baha halylar bilen düşänmişler.Bir haýukdan soň bolsa ynha bir görmegeý,salyhatly,kaşaň geýinen bir ýaş ýigit çykyp,şol halylaryň üsti gyzyň öýüne tarap ýöräpdir.Ol gyzyň ýanyna baryp,elinden tutupdyr-da gämä tarap alyp gidipdir. şol günüň ertesi düýşündäki ähli bolan zatlary ejesine gürrüp berip,şondan başga hiç kimä durmuşa çykmajakdygyny aýdypdyr.Ejesi görgüli ýarym-ýaş bolup aglapdyr.Emma ýeke perzendiniň hem göwnüni ýykyp bilmändir.Aý näme,"Ene-atanyň göwni perzendinde bolsa,perzendiň göwni dag bilen düzde".şeýlelikde, gyz her gün kenara çykyp,alyslara seredip,şol gämä garaşmak bilen bolupdyr. Ynha günlerde bir günem şol arzyly gämi görnüpdir.Ol gämi golaýlap,ondan birnäçe gullar çykyp,ýigidiň ýolyny gyzyl halyçalar bilen düşäpdirler.Birhaýukdan bezemen,görmegeý ýigit çykyp,gyza tarap ýönelipdir.Ol gyzyň elinden tutup,gämä tarap alyp gidipdir.Oba adamlary bilen birlikde gyzyň ejesi hem oňa ak pata berip,gözi ýaşly galyberipdir. Görlüp oturylsa bu ýigit daşary ýurtlara gidip,söwda edýän baý täjir eken.Ol gyzy öz ýurduna getirip,zyndana salypdyr-da,ýanyna bir mollany getirdip,öz dilini we däp-dessurlaryny öwretmäge başlapdyr.Ol häli-şindi uzak ýerlere gidip,söwda edip gyza her-hili gymmat baha parçadyr,şaý-sepler sowgat eder eken.Tiz wagtda gyz bu ýeriň doly öwrenipdir.Gyzyň kem zady bolmandyr,emma haly teň bolup,işdäsi kemelip halys horlanmaga başlapdyr.şol wagt ýigidem çet ýurda giden eken.ýolda gaý turup,gämisi gark bolup,özini zordan kenara taşlapdyr.şol ýeriň tanyş täjirleriniň kömegi bilen iki-üç aýdan soň öýüne sag-salamat gaýdyp gelipdir.Gyz adamsynyň gaýdyp gelenine diýseň begenipdir,emma wagt geçdigiçe öňküsinden-de has saralyp solmaga başlapdyr.Ahyry ýigidiň oňa rehimi inip,oňa näme bolýandygyny sorapdyr.Gyz bolsa ata-watanyny,käbesi küýseýändigi,eger mümkin bolsa onuň görme-görüşe äkitmegini haýyş edipdir.ýigit razylaşypdyr we gyzyň adasyna gelipdirler.Eje görgüli ýalňyz gujaklap,toý beripdir.Adanyň adamlary gelip,gyzyň daşyny gallap,hal-ýagdaýyny sorapdyrlar.Gyzyn bolsa begenjiniň çägi bolmandyr.Emma ýene aýralyk pursaty ýetip gelipdir.Gyz özüniň ýalňyşyna düşünipdir we gözüni ýaşdan dolduryp,hemmeler bilen hoşlaşyp,gämä münüpdir.Ol tä ada gözden ýitýänçä serdipdir-de,uzyn saçlaryny ýaýyp,adamsynyň gözlerine garap: -Ezizim men seni söýýän,ýöne öz watanymy sendenem has gowy görýän,meni bagyşla!-diýip,özüni ummana oklapdyr. -
Musurde sha bolandan oz ilinde geda bol!
-
Servi
13 years ago
- Ajaýyp goşgy!Okanyň üçin minnetdar!
-
DG
13 years ago
- Sag bol servi,gowy rowaýat.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Servi, sagja bola, manyly rowaýat eken.
-
idealman
13 years ago
- gobek ganyn daman yeri,yerin merkezi bolup goruner diydi ahyryn yashuly.dogduk yerin in owadan,in mahirli yer bolup gorunyar ahyryn
-
Shadyyan
13 years ago
- örän gowy rowaýat.sagbol minnetdar.bu dunýäde ak ýürekli adamlar köp bolsun.
-
ibet
13 years ago
- pipec rowayat okamana yaltandym yone
-
aynash
13 years ago
- Servi sagja bol.Gaty gowy rowayat.Dogrudanam,ata watanyng gadyry dinge ozge yerde bolan wagtyng bilinyan eken.
-
idealman
13 years ago
- konechno
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bol servi ellerinize guller bitsin. Gowy hekaya. Ata watanymyzyn bir gysym topragam, dashary yurdun in gymmat zatlaryndanam ezizdir.
-
Adgjmptw
13 years ago
gobek ganyn daman
yeri,yerin merkezi bolup
goruner diydi ahyryn
yashuly.dogduk yerin in
owadan,in mahirli yer
bolup gorunyar ahyryn
idealman | 2011-03-03
22:03:04
Göbek ganym daman eý ata ýerim,
Men senden aýrylyp, nirä giderin.
Ýatyr munda müñläp shehit pederim,
eziz galam, dogduk depäm Gökdepäm.
-
worldmanforever
13 years ago
- bet bet
mirasymyz 13 years ago- sagbol servi. elleriňe güller bitsin.
sen biziň enemiz, biz seniň balaň,
ýerde çüýremezmiş topragy sylan.
säher bilen turup, iň ilki saňa,
onsoň enemize berýäris salam. (K.G.)