PYGAMBER SÖÝGÜSI Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdy: „Janym (gudrat) elinde bolan Allahdan (jelle jelaluhu) kasam içýärin, siziň hiç biriňiz Meni öz atasyndan we çagalaryndan beter söýmese, iman etdigi bolmaz“. (Buhari) we ýene-de Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýdýar: „Öz arzuw-isleglerini Meniň getirenlerim (ýagny Sünnetim) bilen laýyk getirmeýän adam, doly iman getirdigi bolmaz“ (Buhary). ŞERHLERI: Biz bu iki hadysy hem bilelikde şu ýerde getirip, bilelikde şerh etmegimiziň sebäbi olaryň bir-birini tamamlamagyndan gelip çykýar. Pygamberi (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýmek her bir musulmanyň borjudyr. Şol söýgi bolmasa, mu'miniň imany kämil bolmaz. Emma söýgi duýgysyna her kim öziçe düşünýär. Käbiri Pygambere hormat goýmak üçin diňe salawat getirmeklik ýeterlik diýip pikir edýärler. Käbiri dilde „Janym gurban bolsun Resula“ diýip owadan sözler tapsalar hem, amallarynda bir buýuran zadyny (ýagny sünnetini) hem berjaý etmezler we şeýlelik bilen Resula (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýgüsini berjaý edendiklerini pikir ederler. Emma hakyky ölçeg (söýgiň ölçegi) birinji hadysda aýdylan. Resul (sallaLlahu aleýhi we sellem) söýgisi öz ene-ataň we janyňdan şirin görýän bala-çagalaryňdan hem eziz görmeli, oňa wepaly, çäksiz bagly, hormat-sylagly bolmaly. Bütin nebsi isleg-arzuwlaryňy şol Resulyň (sallaLlahu aleýhi we sellem) getiren ahlak we durmuş kadalaryna boýun egdirmeli. Resuly (sallaLlahu aleýhi we sellem) ýüregi bilen söýýän adam üçin bu kyn däldir. Ol başarar we söýýän adam öz söýýäniniň her diýenini eder, şonuň söýenini söýer, ýigrenenini ýigrener. Unutmaň, Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) adamzat ahlagyny tamamlamak üçin adamlara iberilen iň beýik we iň soňky Pygamberdir. Resula (sallaLlahu aleýhi we sellem) ytagatdan musulmany maşgalasy, ene-atasy, mal-mülki, söwda-satygy, iş-meşgulyýeti... hiç bir zat saklap bilmeli däldir. Sebäbi, onuň Resulullaha (sallaLlahu aleýhi we sellem) bolan söýgüsi bularyň hemmesinden ýokary bolmalydyr. Ol hiç ikirjiňlenmän, diňe Resul (sallaLlahu aleýhi we sellem)a bolan söýgi ýoluny saýlap almaly.
HADYS 14 (ondordunji)
-
ozik
13 years ago
- yslam aga hadyslar yazyanynyz u.n sag bolun!
-
andrey
13 years ago
- Pygambermiziň(s.a.w)her bir hereketi nusgadyr
-
Yazlale
13 years ago
- Kop,kop sag bol yslam!!!
-
darkman
13 years ago
- Alla senden razy bolsun!
-
yslam
13 years ago
- amin, Alla hemmamizden razy bolsun EnshaAlla!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun yslam aga. Indiki hadysa garashyas.
-
muzazzi
13 years ago
- alla sende razy bolsun yslam
-
artogrul
13 years ago
- yslam aga sagja bol.
-
artogrul
13 years ago
- hormatly agzalar in uly guna haysyka ?
-
yslam
13 years ago
- amin, Alla hemmamizden razy bolsun EnshaAlla!
-
Ayyuzli
13 years ago
- in uly guna shirk!(hasha)
-
Bibisara
13 years ago
- men Pygambermiz S.A.S seyle gowy goryan yone Hudaya bolan soygimin onune gecmeginden welin goty gorkyan. yslam mana maslahat bersene
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
Adgjmptw 13 years ago- Sagja bol Yslam, berekella! Ýash neslimiziñ yslam ylmyny çuññur öwrenmekligine esasy goshantlary goshýanlygyñ üçin köp-köp minnetdarlygymy bildirýän!