Bu agyr gürrüňi kagyz ýaryma sygdyrmak aňsada düšmez.barybir synanšaýyn.düšünmek agyr,düšündirmek ondanam agyr.iň bolmanda,öz düšunmegim üčinem düšündirjek bolmagym gerek. Her zadyň bašlanmagynada,tamamlanmagynada bir zat sebäp bolýar.bašlanan išiň dowamy,bereketi, manysy....bašgada köp zatlar kä halatda šol sebäbe bagly bolýar. munuň učinem däl,birden namaza bašlaýšym ýadyma düšdi oňa iteren sebäp hakynda oýlandym. šol döwürler bu dünýäde ýašanyňdan öleniň has gowydygyna düšünipdim.muny maňa iň ýakyn dostlarym-kyn günlerim düšündiripdi. ýok,bu düšünjäm mende ejizlik döretmändi.nala- madymam,aglamady- mam.janymyň ýangynjy- na gözümiň gören zady- ny ýykyp-ýumuraýynam diýmändim.ýakynlarym mende beýle pikiriň döräňdigini dašymdan duýanam däldirler.ýöne, gaplaň bolmasamam,özü- miň ömir kapasasynda- dygyma anyk düšünip- dim.bu kapasadan bolsa dine ölümiň čykarjakdy- gyna aklym ýetipdi.ýok, beý diýsem boýununa syrtmak salmaga synan- šandyr öýdäýmäň.belki, ejizläp,züwwetdinlän bolsam janyma kast etse- mem ederdim.šol pursat maňa iň uly güýč beren bu kapasanyň gapysynyň ölümiň bardygyna düšünmegim boldy.gapy bar bolsa irde-gičde ačy- lar.maňa degišlisi ol ga- pyny ačjak bolup dyza- mak dälde,ačylan wagty abraý bn čykmak. Ölmek bar-ölmek bar. kim özüniň hič kimdigini görkezip,boýnuna syrt- mak salýar.kim gorkup, hopugup,owal ony aky- lyndan kowup,ahyr bir günem kowanyň bn onuň gitmeýändigini,ony kowjak bolmagyňam iň netijesiz pišesidigini bilip, aljyrap näme etjegini bil- män ýatyr.bala-čagalary bn hošlašyp,razylašsa gidip barýan ýaly,hošlaš- masada ýene gidip bar- ýar.kim bolsa özüni aldap onuň bn dalaš gurup,.. Sen gelmänkäň keýipden čykaýyn..dp,indem oýunda utulanyny görüp, öz masgaralygyny özi düýup ýatyr... ýok,bu düšünjäm meni dünýeden doýurmady. diňe onuň ýüzi soldy,ýalančy reňki öčdi.
Dünýä
-
AHAL
13 years ago
- ay sag bol doss olumin bardygyny yatlatdynow!!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Adalatly, menä näme diýjegimem bilmedim dost, sözüm ýok. Sheýle liriki oýlanmalaryñ höwri köp bolsun!
Ölümi ýatladanyñ üçin bolsa sagbol dost!!!
-
serkangaharjan
13 years ago
- Hachan olyan onda adgjmptw
-
Adgjmptw
13 years ago
hachan olyan onda
adgjmptw
serkangaharjan |
2011-03-03 11:20:23
Diñe Allah bilýär, men diñe ýatlaýan...
-
Servi
13 years ago
- Siz bu sözleri şeýle çeper ýazypsyňyz.Berkella!
Bu dünýede barymyzam ölmeli,şonuň üçinem şol ömri özüme ýakyn adamlarym bilen söýüp hem-de söýüp ýaşasam oň bahasyna ýetesi zat ýok.
-
mirasymyz
13 years ago
- Sagjabol dost.
ADALATLY 13 years ago- Dünýäniň süýjilerinden
doly süýjisi meniň ün zähere dönmedi.ýöne onuň hakyky bal däldiginem bildim.muny
bilmek aýylganč bir zatdyr öýütme,hatda ýakymsyz zadam däl.dogry,bir bada birhili
boldum.kelläme taýak degen ýaly,gitjek ugrymy bilmedim.näme
ýapyšsam aldanjagymy görüm,hič zada ýapyšmasam has beter
aldanjagymy,öz-özümi
aldajagymy duýdum.čünki menem bu dünýä kapasadyr öýütmändim.özüme gözügidijilik bn seredenlerinde,batly-
-batly ädimlerimden ýaňa aýagymyň ašagyndan ot čykýandyr
öýderdim.bašarmajak išim,almajak galam bardyr öýütmeýärdim.hata maňa biriniň üsti bn ..Gaty gitme,gaty gitseň,
gaty ýykylarsyň..diýenlerem
bolupdy.olar ýykylmasaň,ýašap bolmaýandygyny bilmeseler dagy näme diýsinler.men ýašamaga
čalyšdym.ýašamagy söýdüm.
..Yašamaz ýaly nalač
Diri ýašasym gelýär..
diýdim.häzirem šeýle pikirde.iň soňky demime
čenli hem šu arzuwym
kemelmesin.
ýöne Magtymgulynyň:
..Ten kapasdyr,jan bir guš..
Nejip Fazylyň:
..Her gapyda müň aglap,
Soň gapyda ýylgyrsam..
diýen setirlerni gör,näče
gezek,dogo deýin gaýtalap gezendirin.häzirem šeýle.Gapy bir gün ačylar,abraý bn čykyp bolsa....