bir bar eken, bir ýok eken. gadym zamanlarda bir öwünjeň towşan bar eken. ol haçan görseň, özüniň örän tiz ylgap bilýändigine buýsanyp, öwünip ýörenmiş. her mahal öz-özüne göwünlik berip, “bu tokaýda iň tiz ylgaýan haýwan men” diýip, gygyrar ýörermiş. ynha, günleriň birinde hälki öwünjeň towşan tokaýda aýlanyp ýörşüne gabat gelen haýwana ýüzlenip, endik edinen sözlerini aýdyp, uly ses bilen gygyryp ýörenmiş: “barmyka bu tokaýda?1 menden tiz ylgaýan barmyka?1 isleseňiz, ýaryş gurnalyň. meniň bilen ýaryşjak çyksyn garşyma!”. bu sözleri tokaýyň ähli jandarlarynyň eşidişi ýaly, pyşbaga-da eşidenmiş. bir salym ümsüm duran pyşbaga ahyrsoňy gaty ses bilen: - men ýaryşjak - diýip, towşana ýüzlenenmiş. şol wagt aljyraňňylykdan ýaňa towşanyň gözleri peträp gidenmiş. - senmi? meniň bilen ýaryşjak senmi? menden üstün çykaryn öýdýärmiň? sen dogry ýolda dogry ýöräbem-ä bileňok - diýip, towşan pyşbaganyň üstünden gülüp başlanmyş. - zyýany ýok. men ýaryşa taýýar. göreli-bakaly, kim ýeňiş gazanýar - diýip, pyşbaga towşana pert jogap berenmiş. birnäçe salymdan ýaryş başlanmyş. pyşbaga: “men bu ýaryşda ýeňiş gazanaýmaly” diýip, içini gepledip, haýal etmän ýola düşenmiş. towşan bolsa ýerindenem gymyldaman: “barybir ýeňiş gazanaryn” diýip, uklap galanmyş. towşan ukuda wagty pyşbaga pellehana ýetiber e n mi ş . u k u d a n oýanan ö w ü n j e ň towşan pyşbaganyň pellehana golaýlandygyny görüp, bar güýji bilen ylgap başlanmyş, emma gijä galanmyş. netijede, pyşbaga ýaryşda üstünlik gazananmyş. şondan soňra towşan ýaltalygyň, biperwaýlygyň üstünlige eltmeýändigini özüne sapak edinenmiş.
Pyşbaga we towşan (erteki )
-
Ayazdayy
13 years ago
- Dost erteki yaman dal bu diyyanin menin dushunshimche okuwa unus berin sapaklardan galman unusli bolyn diydigin mika oydiyan sagbol dostjan buda bize bir sapak.
-
Eldarado
13 years ago
- Hakykatdanam gowy hekaýa eken,sag bol.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Ependi aga, gowja hekaýajyk ýazypsyñ, berekella!
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowy hekaya eken. Sapak alybermeli.
-
menbet
13 years ago
- Howwa gowy hekaya eken ayjagash dogry aytya sapak alybermeli.
menbet 13 years ago- Salam ependi gowumy yagdaylar ertekingi ertir okap baha bererin men shu wagt diskotekada