hormatly agzalar men kerim gurbannepesowyn gosgularyny halayaryn.oyde kitaplary bardy alyp gaytmandyryn.dostlar kyn gormeseniz shol shahyryn setirlerinden bilyanjanizi yazayynda ya-da shonun goshgusynyn saydy bar bolsa aydayynda. . . !
Kerim agan sungatyna hormat
-
dostluk
13 years ago
- salam )))))))))))))))
-
dostluk
13 years ago
- hormatly agzalar men kerim gurbannepesowyn dostluk hakyndaky goshgularyny ugradayynda????????????????????
-
Friendship
13 years ago
- Gözüñ sürtüp merhum enäñ alnyna,/ bir aglapdyñ, indi beri aglama! / öz ogluñy eliñ bilen jaýlama,/ nobatyñda gara ýere sümüp git!
-
Friendship
13 years ago
- Dünýä gelmegiñ-de nobaty ýag$y,/ ýene ölmegiñ-de nobaty ýag$y,/ men diñe bir zatda nobata gar$y,/ islän çagyñ dost öýünde gonup git!
-
Friendship
13 years ago
- Dag ýoluna,çöl ýoluna belet bol,/ dag ýolunda çat açmaýan polat bol,/ çöl ýolunda lemmer-lemmer bulut bol,/ te$ne görseñ,dodagyna damyp git!
-
Friendship
13 years ago
- Gözelligi sor bagryña,öýkenñe,/ söýülseñ-söý,söýülmeseñ-süýkenme,/ söýgi hem go$gudyr,ki$ä öýkünme,/ öz möhrüñi,öz közüñi goýup git!
-
Friendship
13 years ago
- Ýene bir söz,magtanmak däl,öwüt däl,/ mazaryma da$ oturtmak sargyt däl,/ gara ýeriñ astynda-da da$ gyt däl,/ bakylyk $ol, $ol da$lara siñip git!
-
Melike86
13 years ago
- Friendship sag bol onun in bir gowy goshgularnyn biri
-
tihiy
13 years ago
- sag bolun dostlar friendship dost kerim agan ozu bola in onat goshusyny yazypsyn.
-
Friendship
13 years ago
- Ba$ üstüne!
-
VETER
13 years ago
- www.turkmenedebiyaty.com
-
menbet
13 years ago
- Kerim gurbannepesow manglayyndan op.
-
Bahbit
13 years ago
- Öz-öziñi tanamak ücin kiciräk anketa
Ir bilen oýanýañ öýiñ ýerbe-ýer
Keýpiñ kök,janyñ sag,hudaýa sükür
Goñsyñdan bir dertliñ nalasy gelýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Öýiñdäki ajap sapa hakdamy
Ýa $ol dertlä gerek $ypa hakdamy
Ynha bir edara.baslygy-dostuñ
Ikinizde icerde"kikirde-kikir"
Gapyda kyrk adam garasyp otyr
$onda name hakda edersin pikir
Doslukdaky täsin gudrat hakdamy
Ýada i$ikdäki nobot hakdamy
Saklandy gapyñda kerpicli masyn
Masynyñ safýory bir ogry mekir
Ýarpy bahasyna al suny diýýär
$onda name hakda edersiñ pikir
Jübiñe bähbitli arzan hakdamy
Ýa kellä bähbitli wyjdan hakdamy
Ynha et dukany satyjy goñsyñ
Saýlap secip sana bir budy ceker
Yzyndaka bolsa gaty oñurga
$onda name hakda edersin pikir
Öziñe edilen lezzet hakdamy
Ýa ili cürkeýän ülpet hakdamy
Barýar köce bilen maýyp weteran
Dine maýybam däl bir gözem sokur
Sen bolsa wolgaly dazlap barýarsyñ
$onda name hakda edersiñ pikir
Öz ornuñ öz parhyñ wolgañ hakdamy
Ýa wolga ýetiren pälwan hakdamy
Merhum sahyrymyz Kerim Gurbannepesow
-
DG
13 years ago
- Bir basym bar ,mun isim bar dunyade.
Mun sukur!Yykylyp galmaysym besdir.
Baryna yetmeli payy-pyyada,
Tigircek hokman dal-su kowsun besdir.
***
haywana mahsusdyr ac bas dync gulak,
ynsana mahsusdyr zat-doretmek gurmak
doredyan yerde dync almaz gursak,
on ene bagrynda dync alsyn besdir
K.Gurbannepesow *yurek poemasy* bolek,hormatly agzalar su saytdyn onki temalaryny kyn gorman okasan Kerim sahyryn gosgulary kan!
-
Bezdelnik
13 years ago
- Ay yazmaga zadam goymansyñyz gepleshige gowy tema
-
Friendship
13 years ago
- Gaññalyñ oýunda-tejende galdy,/ meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ./ ok geçmez ýylgynlañ içinde galdy,/ meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtyñ.
-
Friendship
13 years ago
- Diýerdim:"geregim,çen boldy,oýlan,/ ähli boýda$laryñ ba$lary boglan",/ sen diýerdiñ:"garrap barýañmy oglan?!/ ýigdiñ öz wagty bar,gyzyñ öz wagty."
-
Friendship
13 years ago
- Bilmedim nämäniñ hesibi boldy,/ eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy,/ $eýtdi-de özgäniñ nesibi boldy,/ bula$dy howamyz dünýäñ ýaz wagty.
-
Friendship
13 years ago
- Atdylar ma$yna,ses etdiñ aglap,/ topuldym-çekdiler golumdan towlap,/ bir menzile gitdim yzyñdan ylgap,/ gök kürtelem bolsañ,heniz gyz wagtyñ.
-
mirasymyz
13 years ago
- göterdiler enäniň ak guş ýaly tabydyn,
ýaz şemaly ykjatdy üstündäki mawudyn.
içki öýüň agzyna eltilende enäni,
iki egnini diräp çukuryň erňegine
hiç giresi gelmedi öz girmeli öýüne.
iň soňkyja pursatda-da öz ogluna garaşdy
ýazsamam ýazdym weli kyn düşdi bu goşgy.
-
Friendship
13 years ago
- Arada aýlandym tejen ýerlerne,/ ýa$lyk ýyllarymyñ geçen ýerlerne,/ seredip gözýa$yñ seçen ýerlerne,/ geçirdim bir gije,bir gündiz wagtym
-
dostluk
13 years ago
- minetdorlyk bildiryan HORMATLY dostlaryma minetdar!!!!!!!!!!!!!!!!!
-
Friendship
13 years ago
- Gaññaly hem otyr öñki ýerinde,/ toraññy hem otyr öñki ýerinde,/ bir tapmadyk zadym öñki ýerinde,/ meniñ ýigit wagtym,seniñ gyz wagtym.
-
mirasymyz
13 years ago
- friendship sagbol. baryny birinde ýazan bolsaň arasy üzülmezdi.
-
Friendship
13 years ago
- $unça hazynany bir kürtä döküp,/ ýitdiñ gözlerimden dañyñ saz wagty./ go$gyma dü$üner y$k ýükün çeken,/ çekmedik ýitirer öz eziz wagtyn.
-
Friendship
13 years ago
- Ýazyp bilemmok yzygider,mirasymyz,bagy$la!
-
mirasymyz
13 years ago
- ýazyp bolmaýan bolsa basyber dost.
-
akwa
13 years ago
- bahbit kerim agan gowy goshgusyny yazypsyn,on okamandym!
-
akwa
13 years ago
- freinship salam,sanada kop sag bol gosgylarny yazanyna!
-
Friendship
13 years ago
- Salam, akwa! Sag bol!
-
Ayjagash
13 years ago
- Shahyr shahyrlygyn chyn bolyan bolsa, Sonup yamyp yene sonup yanyp git, Ynsanlyk yazgydyn chun bolyan bolsa, Gara yere chumup chykyp chumup git/ Hem akyl ber hem ilinden akyl al, Kitapdan dal gara yerden nakyl al, Alan zadyn demin b.n yakyp al, Son yenede yerin suydin emip git/ Dag yoluna chol yoluna belet bol, Dag yolunda chat achmayan polat bol, Chol yolunda tirkesh-tirkesh bulut bol, Teshne gorsen dodagyna damyp git./ Yol agyrdyr mun yanylar ochuler, Bagtly yollar kynlyk b.n gechiler, Yel ugruna shaglap gitse gechiler, Sen okuz dek yele garshy ynyp git/ Dost paylansa aber diyp gyssanma, Alandan son gysgaltma hem gysgalma, Dileg etse gozlerinide gysganma, Birin berde biri b.n onup git./ Sorasan aydayn kyyamt nedir, Erkekler onnasa kyyamat shodyr, Her bashy telpekle goymagyn gatyr, Bash telpegi bir gynaja danyp git./ Haly wagtyn menzemegin kilime, Diri wagtyn gyssanmagyn olume, Ochen wagtyn oykunmegin chilime, Ichi kozli ojar yaly sonup git. (galan bentlerinem frienship agzamyz yazypdyr menem shon yzyny dowam etdim)
-
Friendship
13 years ago
- Sag bol, ayjagash! Men saýlap ýazaýypdym.
-
tihiy
13 years ago
- bet bet ayjagaz halanyan goshgusyny yazypsyn.sagja bola dilerne guller bitsin
-
Bahbit
13 years ago
- Ilkinjin mugallymym Nurýagdy Agaýewe
"A"
35-nji ýyl.Senýabryñ 1-i
Güýzüñ ilki güni.Iñ ajap pasyl
Ýadymdan cykanok henize cenli,
Sonky deme cenli cykmazam asyl
mekdebin deregne- kiciäk kepbe,
partanyn deregne -ýasama stol.
Her stol basynda-dört sany caga,
(kabirinde bä$ hem bolmagy ahmal).
Her cagan elinde-ýönekeý galam,
her cagan elinde-suratly "Harplyk".
Göýä özimiz hem harplan öninde
düzil$ip oturan düsnüksiz harpdyk
harp bizi tananok,biz bolsa harpy
harp bize seredýär,biz bolsa harpa...
Onýancada birden garaja kepbän
gyzylja gapysy acyldy jarka.
Ätledi gapydan bir uly adam
(ýasyny hasaplap otursam indi.
Uly bolup görnen sol uly adam
on ýedäde ýetmän ekeni sindi.)
salam diýip ýüzimize seretdi.
Biz bolsa. Hiczady görmedik caga.
Nehä jogap berdik, ne-de gozgandyk.
Göýä bakan ýaly ullakan daga.
Hemmämiz ankaryp ýüzüne bakdyk
(ýyljyraklap bize seredýär olam).
Önümizde bolsa suratly harplyk
ýenede üc depder, ýene bir galam
-
Bahbit
13 years ago
- ilkinji salamy sondan öwrendik
salamy ozalam bilýärdik weli
salam diýen sözin uly manysyn
ilki öwredipdi mugallym dili
ilkinji edebi sondan öwrendik
edebi ozalam bilýärdik weli
edep diýen zadyn uly manysyn
has aýdyn edipdi mugallym dili.
Ilkinji "A" harpy sondan öwrendik
A harpy ozalam bilýärdik weli
A diýen harpdan son N-nyn bardygyn
ilki öwredipdi mugallym dili.
Watanyn basyna is dü$ende güni
moskwan üstüne cökende bulut
biz ücin ilkinji bol$y ýaly
ýenede gitdi ol ilkinji bolup.
Gidisi,gidisi-gelmedi gaýdyp
ýasyny hasaplap otursam indi.
Onunjy klasly nazar oglymyn
ýasynada ýetmän ekeni sindi...
Kerim gurbannepesow
-
Bahbit
13 years ago
- Ýap-ýañjady mata sumkany gola alyp
Mekdep gapysyndan ätlän gunlerim
Bu gun bolsa juwanlary wasp edýär
Bir wagtky harplyk sanan dillerim
Ýa$lygym ýa$lygym eziz ýa$lygym
Ýene bir gezejik dolanmazmyñ yzyña
Seniñ beýle tiz gecýäniñ sebäpli
Indi ser salmak kyn dü$ýär yzyma
-
Bahbit
13 years ago
- Ýap-ýañjady mata sumkany gola alyp
Mekdep gapysyndan ätlän gunlerim
Bu gun bolsa juwanlary wasp edýär
Bir wagtky harplyk sanan dillerim
Ýa$lygym ýa$lygym eziz ýa$lygym
Ýene bir gezejik dolanmazmyñ yzyña
Seniñ beýle tiz gecýäniñ sebäpli
Indi ser salmak kyn dü$ýär yzyma
-
tihiy
13 years ago
- ko o o o o o o o o o o o o o p kop sag bol bahbit dost bizinem yashlyk dowrumizi yada saldyn.
-
menbet
12 years ago
- gozume yash geldi! Kerim agan goshgularyny nache okasanam doyup bolmayar!!!
minnetdar yetireninize!!!
-
wulkan
12 years ago
- Ekiz tayy yaly jorasy bilen,
jumjume gullerin arasy bilen,
jumjume koynekli bir gozel gelyar
jumjume yaglykly jorasy bilen.
-
turkmenntug
12 years ago
- ýeňillaý birhili käbir goşgulary.
-
akgultm
12 years ago
- KERIM AGA GAYTALANMAJAK SAHYRLARY
SAG BOLUN GOSGYLAR U/C
-
akgultm
12 years ago
- SAHYRLARYN BIRI
-
menbet
12 years ago
- dogry
ahmetjan18 13 years ago- Günälerimiz bagy$laýar Eneler
Sebäp Eneleriñ ak süýtli dö$i
Köp köp garalygyñ günäsin gecýär
$eýdibem kemelýär Eneleñ ýa$y