Bir baý adam bar eken. Ölümden we gabyr yalňyzlygyndan şeýle bir gorkýan eken. Ol baý adam ölmänkä: 'Kimde kim meniň ölen günümiň gijesi gabyra girip maňa ýoldaş bolup ýatsa, şoňa baýlygymyň ýarysyny bagyş etjek!' diýip wesýet edipdir. Baý ölenden soň: 'Kim daňa çenli gabyrda ýatyp baý bolmak isleýär?' diýip adam gözläpdirler. Hiç kim çykmandyr. Ahyry bir garyp hammal: 'Meniň ählije baýlygym bir ýüpim bar. Ýitirjek zadym hem ýok. Ertire çenli ýatyp baý bolaryn' diýip pikir edip kabul edipdir. Ýaňky garyp hammaly öliniň ýanynda jaýlap gidipdirler. Soňra sorag-jogap perişdeleri gelýärler. Bir seretseler, gabyrda bir öli, birem janly adam ýatyr... 'Öliniň gitjek ýeri ýok' diýip, ýaňky hammalyň üstüne sorag baryny ýagdyrypdyrlar. 'O ýüp kimiňki? Nireden aldyň? Näme üçin aldyň? Nädip aldyň?...' Garaz daň atypdyr, hammalyň hasaby gutarmandyr. Ertesi irden ony gabyrdan çykarypdyrlar: - Indi baýlygyň ýarysy seňki! - diýipdirler. - Ýok, ýok. Alla saklasyn, gerek däl. Men daňa çenli birje ýüpiň hasabyny berip bilmedim. Munça baýlygyň hasabyny nädip bererin!? - diýip jogap beripdir...

Köneler, ependi tarapyndan 8 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir