KURAN OKAMAKLYGYŇ SOGABY Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdy: „Kim Kurany gowy okaýan bolsa we şony okasa ol ahyretde ýagşylar bilen we ýazýanlar (ýazyjy perişdeler) bilen bilelikde boljakdyr. Kim Kurany säginip we kynçylyk bilen okaýan bolsa oňa iki esse sogap berler“. (Buhari we Müslim) ŞERHI: Ýagny Kurany gowy okamany bilýänler, karylar Kurany adamlara okap berip uly haýyr-sogap iş edýärler. Şonuň üçin olar ahyretde perişdeler bilen deňleşýärler (dereje we fazyletde). Elbetde olaryň sogaby köpdir. Ýöne bu ýerde şuny aýtmakçy. Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) şu we şuňa meňzeş araplar üçin ýagny hadys diline düşünýänler üçin aýdypdyr. Kary Kurany arapça bilmeýän adamlara sogap berse, onuň hem elbetde sogaby bardyr (kalplara täsir babatynda we imanyň nurlanmagy babatynda). Ýöne adamlar şoňa düşünmeýärler. Düşünmeseler (terjime we tefsirine) Allahyň buýruklaryny nähili berjaý edip, gadagan eden zatlaryndan nädip daşlaşsynlar? Indi Kurany säginip we kynçylyk bilen okaýanlar barada. Olara Kuran okamak kyn we agyr, olar bary bir yhlas edýärler. Yslam amallarynda bolsa esasy amaldaky yhlasa görä baha berýärler, netijesine garalmaýar. (Netije Allahdandyr). Şonuň üçin onuň sogaby ýeňillik bilen Kurany okaýan we şony endik eden adamyňkydan (karyňkydan) köpdir. Onuň şol amaly (Kuran okamaklykda) çekýän kynçylygy onuň diňe sogabyny artdyrýar. Bu ýerde şuny belläp geçesim gelýär, käbir karylar Kurany tejwidli we dogry okamaly, ýogsa golaýlaşmaly däl diýip birnäçe adamyň Kurana bolan yhlasyny ýatyrýarlar. Säginip okasada, owazsyz okasada ony saklamaň ýerine höweslendirjek bolmaly. Sogabynyň köpdigini aýtmaly düzeltseň hem agram bermän, hikmet we mylaýymlylyk bilen düzeltmeli. Kurany okamany öwretmek şygary bilen adamlary ýygnap güýmäp öz üstünligiň bilen ýyldyrap olaryň Kurana çalt gowuşyp şondan lezzet almagyna päsgel bolmaly däl.
HADYS 9 (dokuzunjy)
-
Yolotenli
13 years ago
- Gaty gowy tema Yslam aga sag bol :-)
-
Melike86
13 years ago
- Shular yaly temalar kop aydylsa gowy adamlarda iman oyarmak u.n we dushunmeyan zatlaryna jogap tapar yaly berekella
-
Bibisara
13 years ago
- salam Iler yaly Yslam aga diyeyin menem. temada beyan edisinede soz yok. Suny yazmana sarp eden wagtynam,suny okan adamlarda oyaran yagsy duygynam sen şodyna sogap bolup barsynda.Allajan bizin ahlimizi hak kitapdan daslasdyrmasyn
-
ymam
13 years ago
- Essalawmaleykim Yslam aga,elleriňe saglyk.bir sorag bar welin jogap ýazarsyň diýip umyt edýän.šu saýta gireňde
Gunča b/n Nuryň ady agzalyp gečýär welin olar öz adlarynyň ýazylmagyna rugsat berdilermi ýada özleriniň
adlary ýazyljakdygy aýdyldymy.bilišiň ýaly bärde dini tarapdan seretseň gul haky barmyka diýýän.gul hakynam özüňiz bilýäňiz.
Nury agadan (ýatan ýeri
ýagty bolsyn)hakyňy halal et diýibem boljak däl.belki ýalňyšyan bolsam bagyšlarsyňyz!
sizi hormatlamak b/n ymam...
-
Bahbit
13 years ago
- Yslama agam kuran barada ýazanyna sagja bol sogap dileyan beyik allamdan
-
pokkis
13 years ago
- sag bolun yslam aga seyle hadyslary yenede yazmagynyzy hayysht etyan
-
best
13 years ago
- salam yslam aga, kuran okamagy kan adamdan sorapdym eger yalnysh okaysan birden, okasan bolyamyka yada bolmayamyka diyip, her kim bir zat diyadi. Gunamika diyip okamakdan gorkyadym, siz gaty gowy dushundiripsiniz Alla sizden razy bolsun.
-
yslam
13 years ago
ymam | 2011-02-03 11:00:59
Essalamaleyum!
... EnshaAlla ayyryarys!!
-
yslam
13 years ago
- Alla hemmamizden hem razy bolsun!!!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun yslam aga. Yaltanman bize hadyslary yazyp duryanynyz u.n alla sizden razy bolsun. Howes b.n indiki hadysa garashyan.
-
Camry
13 years ago
- Allam sizden razy bolsun Yslam! Tañryýalkasyn!
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
-
muzazzi
13 years ago
- sagbol kop-kop
-
enesh91
13 years ago
- Islam sagbol!
-
asiya
13 years ago
- gor allah nahili beyik hemde merhemetli....
hatda biz yaly biz yaly atdyk patdyk okayanlaryñ sogabyny iki esse kop berya....
allahyma muñde shukyr (alhamdullilah)
-
asiya
13 years ago
- wiii yslam aga begenjime sagbolsunam aytmandyrna...
alla sizden razy bolsun bize yetirenñe!!!!! cynym owadan okap bilmeyanime gaty utonyadym allañ oñunde(((((((
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Gowy temalardy... Alla razy bolsun
Yolotenli 13 years ago- Gaty gowy tema Yslam aga :-)