Dünýäde atdan düşsede eýerden düşmeýän adamlar bar.Bir zady müň gezek düşündirip aýtsaňda,şol başky heňine tutup oturýarlar.Ahyryn özüň zaýbal bolup "Seňki dogry" diýip gaçmak bilen bolýaň.
Yslam,hiristian,ateizim...Bularyň bary diňe bir ynanç.Dünýäde umumy "ýagşy we ýaman adamlar" diýen iki topar bar.Bar bolany şol.Dogabitdi zalym bolup dogulan adamlar musulman,hristian ýa-da ateistik ynanja ynanmagynyň parhy ýok,olar barybir zalym işleri edýärler.
Eger sen musulman bolsaň,şu dine ynanjyň bar bolsa,berlen ömrüňi jennete laýyk işleri etmäge bagyş etmeli,"başgalary düzetjek" diýip,özüňi ýatdan çykarmaly däl.Palan musulman däl,ol ateist ýaly gepleri köp aýdandan,ýekeje gezek "men hakyky musulman bolup bildimmi?"ýaly soragy özüňe bermeli.Bu edil türkmen elipbiýindäki 30 harpdan ikisini öwrenip,hiç hili harp bilmeýänleriň üstünden gülen ýaly bolýar.Ilki özüň 30 harpy öwrenip,şol boýunça gowy bilim alyp,ondan soň başgalar hakda pikir edeniň gowy.
Sen "ateist,hristian,butparaz"diýip üstünden gülüp ýören adamlaryň,belki Hudaý tarapdan ýalkanyp ýören adamlar bolmagy mümkün,tersine Hudaýyň bendilerini kemsidip sen bir topar günä gazanyp ýörensiň.
Bir söz bilen aýdanyňda,başga adamlaryň ynanjyna eýle-beýle diýmek bendeleriň işi däl,bendeleriň işi özüni düzedip bilse,şol hem ullakan utuş.Islän bendesini Taňry ýola salar,islemedigini salmaz.
Adaty adam özüni oňarsa şol hem ýeterlik.Ege-de,Hudaýda millionlarça adamy üýtgetmek islegi peýda bolsa Muhammet(s.a.w)pygamger,Mäne baba,Nejmetdin Kubra ýaly welileri dünýä getirýär.
Hudaý diňe özüni üýtgedip bilen adama dünýäni üýtgetmek üçin mümkünçilik berýär.Özüňi üýtgetmezden dünýäni üýtgetmek isleýän adam,ömrüni boşa geçirýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir