Günleriň birinde bir baý adam ogluny oba alyp gidýär. Bu syýahatyň ýekeje maksady bardy; adamlaryň nä derejede garyp bolup biljekdiklerini ogluna görkezmek. Gaty garyp bolan bir maşgalada iki gün boldular. Obadan şähere gaýdyp gelýärkäler, kakasy ogluna: “Adamlaryň nä derejede garyp bolup bilýändiklerini gördüňmi?” diýip soraýar. “Hawa.” “Hany aýt, näme öwrendiň?” “Şuny öwrendim: Biziň öýümizde ýekeje itimiz bar, olarda bolsa üç. Biziň howlymyzda ullakan bir howuzymyz bar, olarda bolsa soňy bolmadyk dereleri. Bizde birnäçe halymyz bar, olarda bolsa ýaşyl öwsüp duran, gözýetimiňe çenli uzanan otluk meýdanlary. Biziň görüş çägimiz garşyky bina çenli, olaryňky bolsa tutuş gözýetime çenli.” Ogly sözüni tamamlanynda, kakasy aýdara söz tapmady. Ogly dowam etdi: “Minetdar kaka, biziň nä derejede garypdygynyzy görkezeniň üçin!”
Garyplyk
-
Ayjagash
13 years ago
- Tuweleme ogly akylly eken. Chunki baylygy gormani basharmaly. On ogly bolsa shony basharypdyr.
-
balochka
13 years ago
- ependi gowy hekaya eken
-
EsCaDa
13 years ago
- betinden hekaya, sagbol tm diline tercime edenin un
-
NMG
13 years ago
- ogly köp bilmiş eken. Wapşe bay oglanyng aklyna bunung yaly zatlar gelermi geng zat.
-
AHAL
13 years ago
- hokman bay bolsa kellesi bosh bolmaly diyen kanun barmy?
-
NMG
13 years ago
- bay adam oglunung kelesine akyl bilen doldurmaga derek jüwisine pul bilen doldyrya...
-
ependi
13 years ago
- sen kakan sheydyandir nmg
-
NMG
13 years ago
- meng kakam akylam bermedi pulam.
-
ependi
13 years ago
- bolya
-
DG
13 years ago
- Ahal baýyñ kellesi bo$ diýilenok,diñe kellesinde pul,pul,pul bar.Akyllyñ deregine bolsa hytyrçylyk bar
-
NMG
13 years ago
- dg men bola
-
ependi
13 years ago
- goysanay
Friendship 13 years ago- Sapak alaýmaly tymsal eken. Minnetdar,ependi!