Nirä gitdi Oguz hanyň şöwketi Hany Mahmyt botşikeniň hem tagty? Nirede ýatyr Seljuklaryň ak bagty Ýatan bagty oýandyryp bolmazmy? Bolmazmy? Üç bölnüp, mezlum bolan türkmenler Birleşigiň ýolun tapyp bolmazmy? Jahan lezzetinden mahrum ýörenler Birleşmäge ýol alyp bolmazmy? Bir entegimiz Eýran mülke çatyldy Bir millionimyz Owgan ile gatyldy, Millionlarça Türkmen herýana atyldy Bir düşekde, ýenem üýşüp bolmazmy? Nifak ody bizi her ýan göçürdi Seltenetden, fahyrmyzdan düşürdi , Humaý guşy başlardan uçurdy Uçan guşy ýenem tutup bolmazmy? Tezar, inglis çeken çäklerin üzsek Ýaýran göwherleri ýaňadan düzsek, Guwanç derýasynda mest bolup ýüzsek Bul pikiri ýola salyp bolmazmy? Nirä gitdi Oguz hanyň şöwketi Hany Mahmyt botşikeniň hem tagty? Nirede ýatyr Seljuklaryň ak bagty Ýatan bagty oýandyryp bolmazmy? Türkmen ili, nirede bolsa oýansa Mahmyt kibi güýçlerine daýansa, Döwlet gurap, dirilikde guwansa bul myrad piruz bolup bilmezmi? Türkmen ýurt at tapyp bir döwlet Gurulyban tapsa jahanda şöwket, Türkmenler hem tapsa dünýäde lezzet Bul düýşi haka ýorup bolmazmy? Direlse Türkmensähranyň güýji Balha ýeter tolkun atyp bir uwjy, Şora taşla bu pähmini her möwji Türkmenleri güýçlendirip bolmazmy? bu goşgy : abdylkerim bahman dyn

Köneler, yolbors tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir