17-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde türkmen Lideri ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar hem-de Dokma senagaty ministrlikleri, ýurdumyzyň önüm öndürijileri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, häzirki döwrüň talabyna laýyklykda degişli işleri ýerine ýetirýärler.

Çeşme: tmcars.info

Täzelikler, Mister X tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir