Fransiýadaky Alp daglarynda ýerleşen kiçijek oba ilaty bary-ýogy 4000 adamdan ybarat. Ýakynda şu obadaky orta mekdebiň ýolbaşçylary okuwçy ýetmezçiligi sebäpli 11 synplardan birini ýapýandygyny aýtdylar. Bu habar ene-atalary aýaga galdyrdy. Nädip kellelerine geldi,Hudaý bilsin. Ýerli fermeri yrdylar. Fermer 50 sany goýnuny alyp mekdebe bardy. Mekdep ýolbaşçylaryndan şu goýunlaram mekdebe almaklaryny sorady. Eger şeýle edilse,synp ýapyljak däl eken. Bu habar mer Jan-Lui Mare jenaplaryna hem ýetdi. Geň ýeri, ol hem pikirlenip bu teklibi goldady. Ýöne 50 goýundan diňe 15 sanagy mekdebe kabul edildi.

Täzelikler, Гость tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir