GÜRRÜŇIŇ GUÝRUGY

Soltansöýün patyşa nahar edinip gelýärkä, bir garry onuň öňüni kesip geçäýmezmi? Şonda gany depesine uran hökümdaryň bolmajysy bolýar.
- Heý, sylaşyksyz pelit! Idinsiz aýaga çolaşyp, gürrüňiň guýrugynam-a basdyň. Bilip goý! Indi onuň üçinem-ä jogap bermeli borsuň.
Bu ahwalata haýýaty göçen garry görgüli aglap-eňreýşine, garyp çatmasyn...

Dowamy »

1057 0
Edebiýat, 5 years ago


NÄME SÜÝJI?

Myralygyr Soltansöýün bir ýaňa ugranlarynda, patyşanyň ýene-de öňküleri ýaly, wezirine degşesi gelipdir:
- Aýtsana, dünýäde iň süýji zat näm-ä?
- Ýumurtga - diýen Myraly, ýetirmän-goýman gaýtargysyny suňşuransoň, ol gürrüň şol taýda galýar.
Aradan üç ýyl çemesem geçýär. Ine, bir günem olar tirkeşip ýola çykanlarynda, wezirini g...

Dowamy »

1031 0
Edebiýat, 5 years ago


Ugr tapyjylyk

ÝYLAN SAGAMOK

Soltansöýün, ýagny Hüseýin Baýkara suwsap gelýärkä, bir aýal maşgala oňa çal guýup berýär:
- Ysy janyňy alyp gelse-de, seň çalyňdan içjek däl. Halama ekeniň. Içinde gyl bar.
- Içmeseňiz, içmäň, aga! Gyl gönezlige gatançdyr. Onsoňam men gylly geçi sagýan, ýylan sagamok - diýen laýykatly jogaby eşiden patyşa...

Dowamy »

1143 0
Edebiýat, 5 years ago


GÜNDE BIR, HEPDEDE BIR...

- Kaka, aý kaka! Düýn gyzar ikindinler gelýärkäm, ýolda ýüküm agdy. Hiç urubam bilmedim. Görsem, gaýraky hataryň aşak başyndaky garaýagyz ýaşulynyň ogly gelýär. Emma bagrymy ýaryplar ýalbarsamam, ol ýükümi uruşmady. Onsoň oňa: “Sen asyl beýle ekeniň-ow. Gör, bakaly, biriňize dereserlik sataşaýsa, dädemi (Lukman hekimi) gapyňyzdan garatman” diýdim w...

Dowamy »

1072 0
Edebiýat, 5 years ago


ÝOGALANYNY ÝAŞYRSAŇAM...

- Men-ä, käbäm, Hatam taý janyň ýogalanyny il-günden gizläp, onuň sahylyk ýörelgesini dowam etdirjekdirin.
- Be, şeý diýsene?! Ýöne, oglum, bir zat, sen onuň aradan çykanyny jemagatdan ýaşyryp bilersiň. Oňa ynanýan. Emma Hatam janyň eli açyklyk kesbini welin, her zat etseňem, bilmejekdigiňi aýnyhata aňýan.
- Nädip aňýaň?
- Sebä...

Dowamy »

988 0
Edebiýat, 5 years ago


Abul–Fazlyň (Saragtbaba) aramgähi

Saragtbaba aramgähi Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry

Göroglybeg eýýamynda dürli görnüşli hünärmentçiligiň arasynda Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Saragtyň binagärleriniň guran ymaratlary Eýranyň we Merkezi Aziýanyň orta asyr şä...

Dowamy »

951 0
Edebiýat, 5 years ago


Ýartygümmez aramgähi

Ýartygümmez aramgähiÝadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry

Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorta-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez aramgähi ýerleşipdir. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilip...

Dowamy »

961 0
Edebiýat, 5 years ago


Sarahs galasy hakynda rowaýat

Sarahs ýer ýüzündäki ýurtlardan özüniň hoş howasy bilen tapawutlanypdyr. Ony Turan şasy Afrasyýap bina edipdir. Afrasyýap şa parasatly we akyldar bolupdyr. Halaýygyň her bir müşgil işi Afrasyýap şanyň adyllygy bilen çözüler eken. Öňki wagtlarda Sarahsyň adyna “Galaýy Afrasyýap” hem diýipdirler. Ol ýedi derwezeli gala bolupdyr.

Erk ga...

Dowamy »

920 0
Edebiýat, 5 years ago


Nusaý galasy hakynda rowaýatlar

Bir patyşa täze Nusaýy saldyrýarka, işe ýekeje pursat gijä galany diriligine palçygyň arasyna oklap, üstündenem palçygy guýduryberýän ekeni. Şeýle zalym ekeni, şeýle bir zulumdar ekeni.

Günlerde bir gün, Gurban nähilidir bir sebäp bilen işe gijä galyp baraýmazmy! Atly aýlanyp ýören patyşa biçäräni ýanyna çagyrypdyr-da:

Dowamy »

930 0
Edebiýat, 5 years ago


Soltan Sanjar mowzeleýi

XII asyryň ortalarynda Muhammet ibn Atsyz as-Sarahsy tarapyndan gurulypdyr. Sungaty öwreniji G.A. Pugaçenkowa bu ýadygärlik hakynda: “Eger-de Mary özi hakynda gürrüň berýän taryhy maglumatlar we şäherler bilen bilelikde ýitip giden hem bolsa diňe şu ýadygärligiň özi hem onuň öňki şöhratyna şaýatlyk etmäge ýeterlik bolardy” diýip ýazypdyr.

Dowamy »

934 0
Edebiýat, 5 years ago


Magtymguly hakynda rowaýatlar

Gündogary öwrenijileriň ykrar edişi ýaly, Orta Aziýa halklarynyň içinde Magtymguly Pyragy ýeke–täk türkmeniň milli şahyrydyr. Gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy Çingiz Aýtmatow „XVIII asyr beýik Magtymgulynyň asyry“ diýipdi. Şol sebäpli Magtymgulynyň döredijiligi tutuş Orta Aziýa, Gündogar, galyberse hem, dünýä haklarynyň poýeziýasynyň altyn hazynas...

Dowamy »

948 0
Edebiýat, 5 years ago


BU DERDI

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagynda,

Ne beladyr, kimse çeker bu derdi.

Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,

Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.



Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,

Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,

Egiler haýbatly, kuwwatly dagl...

Dowamy »

942 0
Edebiýat, 5 years ago


NÄME SEN

Asla seni görmemişem, dildarym!

Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!

Gamgyn köňlüm hyýalyňda aldaram,

Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!



Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň,

Ýa sakymyň, ýa şerapmyň, ýa jammyň,

Ýa ýylmy sen, ýa gündizmiň, gijemiň...

Dowamy »

975 0
Edebiýat, 5 years ago


GÖRDÜŇMI

Ýagty salar gider zulmat tününde,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Bahar eýýamynda, heýhat gününde

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!



Anka sypat turup, “Hüw!” diýip galkan guş.

Gijesi tirikdir, gündizi bihuş,

Redaly jindeli, egni hyrka puş,
...

Dowamy »

953 0
Edebiýat, 5 years ago


Ýar senden

Bilbilleri ýesir eden güli-handan

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Ýedi yklym maňa görüner zyndan,

Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!



İspendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,

Şam, Nejefde, Mekke, Dymşyk ilinde,

Arzy Karsda, Kerbelanyň çöl...

Dowamy »

926 0
Edebiýat, 5 years ago


Bady sabani görsem

Dehistanyň baýrynda

Bady-sabany görsem.

Bahaweddin Mirkulal,

Zeňňi Babany görsem.



Nagleýni arşa täçdir,

Ady äleme paçdyr,

İki jahan mätäçdir,

Arap zybany görsem.



Gelen geçer çaşt edip,

Dowamy »

1020 0
Edebiýat, 5 years ago


Mihail Şwydkoý: – Türkmenistan GDA Başlyklyk etmeginiň çäklerinde möhüm başlangyçlary öňe sürdi

Mihail ŞWYDKOÝ, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda möhüm syýasy we medeni çäreleriň ençemesi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümeta...

Dowamy »

1265 0
Täzelikler, 5 years ago


Aşgabatda Prezidentler G.Berdimuhamedow bilen W.Putiniň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün – 11-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putinyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...

Dowamy »

1292 0
Täzelikler, 5 years ago


Daśy syndyrar.

Ykbalyň oýansa, döwlet ýar bolsa,
Daga azy ursaň, daşy syndyrar;
Täleýiň ters gelse, bagtyň şor bolsa,
Paludanyň peri dişi syndyrar.

Ajalyňdan gorkup, girseň ummana,
Gorkudan ne peýda gidejek jana,
Ömrüň ahyr bolup,
dolsa peýmana, —
Haşhaşyň samany başy syndyrar. <...

Dowamy »

1067 0
Edebiýat, 5 years ago


Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
11-nji oktýabrda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşe...

Dowamy »

1620 0
Edebiýat, 5 years ago


Görner

Dogry bakmazlar julluýa,
Göze gyzyl donly görner;
Söze pähm etmez akmaklar,
Öz ýanyndan tilli görner.

Başa degmänkä gurtlar.
Kast etmäň, gerekdir ýurtlar,
Ýagyda tanalar mertler,
Il içinde mally görner.

Pikr et, başa iş düşende.
Yssy ýokdur, soň puşmanda,

Dowamy »

993 0
Edebiýat, 5 years ago


Ara­bi­ýa (He­ka­ýa)

Mek­dep sa­pak­la­ry­nyň tamamlanýan pur­sa­tyn­dan baş­ga wagt De­mir­ga­zyk Riç­mond kö­çe­si üm­sümlikdi. Kö­çä­niň gu­tar­ýan ýe­rin­de, öz goň­şu­la­ryn­dan bir­ne­me uzak­da­ky meý­dan­ça­da iki gat­ly boş jaý bar­dy. Öz için­dä­ki sa­pa­ly dur­mu­şy­na buý­san­ýan beý­le­ki öý­ler bolsa, gy­zy­lym­tyl-go­ňur, pa­ra­hat durky bi­len bi­ri-bi­...

Dowamy »

1017 0
Edebiýat, 5 years ago


Iň köp satylan kitap

ABŞ-nyň ozal­ky bi­rin­ji ha­ny­my Mi­şel Oba­ma­nyň “Eme­le ge­liş” at­ly aw­to­bi­og­ra­fik ese­ri oky­jy­la­ryň ara­syn­da iň­lis ýa­zy­jy­sy Eri­ka Leo­nard Jeým­siň “Ça­lyň 50 öwüş­gi­ni” at­ly ese­rin­den hem uly meş­hur­lyk ga­zan­dy. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen 7 ýy­lyň do­wa­myn­da “Ça­lyň 50 öwüş­gi­nin­den” köp sa­ty­lan ki­tap bol­ma...

Dowamy »

990 1
Edebiýat, 5 years ago


Te­le­fon­lar üçin ni­ýet­le­nen ro­man­lar

Yk­jam te­le­fon­lar­da­ky ede­bi­ýat – bu il­ki-il­ki­ler ýan te­le­fon­la­ryn­da dö­re­di­lip, baş­ga bi­ri­ne ug­ra­dyl­ýan ýaz­gy­lar­da ula­ny­lan ede­bi dö­re­di­ji­lik­dir. Dö­re­di­ji­li­giň bu gör­nü­şi Ýa­po­ni­ýa­da dö­räp, “mo­bil ro­ma­ny” ady­na eýe bol­ýar. Bu ede­bi­ýat žan­ry Ýa­po­ni­ýa­da bol­şy ýa­ly Hy­taý, ABŞ, Ger­ma­ni­ýa we...

Dowamy »

966 0
Edebiýat, 5 years ago


Jedel

Kons­tan­tin Uşins­kiý, rus ýa­zy­jy­sy.

Agaç­lar öz ara­la­ryn­da haý­sy bi­ri­niň peý­da­ly­dy­gy ba­ra­da je­de­le gi­rip­dir­ler. Şon­da dub aga­jy be­lent ba­şy­ny gal­dy­ryp, şeý­le di­ýen:
– Men äh­li agaç­la­ryň se­re­si. Me­niň kök­le­rim ýe­riň jüm­mü­şi­ne ara­laş­ýar, sü­tü­nim üç gu­jak, ba­şym gö­ge di­re­ýär, ýa...

Dowamy »

1010 0
Edebiýat, 5 years ago