Konstantin Uşinskiý, rus ýazyjysy.
Agaçlar öz aralarynda haýsy biriniň peýdalydygy barada jedele giripdirler. Şonda dub agajy belent başyny galdyryp, şeýle diýen:
– Men ähli agaçlaryň seresi. Meniň köklerim ýeriň jümmüşine aralaşýar, sütünim üç gujak, başym göge direýär, ýapraklarym nagyş salnan ýaly nepis, şahalarym bolsa, misli polatdan guýlan ýaly mäkäm. Hiç bir apy-tupan, hiç bir bela-beter maňa zeper ýetirip bilmese gerek.
Alma agajy onuň magtanýandygyny eşidip, söze başlapdyr:
– A-how, sen “Men beýik, men ýogyn” diýip, kän öwnüberme, asla-da seniň gozadan başga berýän zadyň beri barmy? Meniň bolsa al-gyrmyzy almalarymyň toý saçagyna-da zynat berýändigini bilip goý!
Bulary diňläp oturan sosnajyk tikenli başyny ýaýkap:
– Siz öwünmäge howlukmaň entek. Ine, gyş geler welin, ikiňiziňem ýapraklaryňyz sypba syrylyp, ýalaňaç galarsyňyz. Meniň iňňepisint ýaşyl pürlerim bolsa, şol bir durkuny saklar. Gyşyň örküjinde adamlara mensiz ýaşamak ýeňil däl. Çünki, men olaryň peçlerinde ýanyp, öýlerini ýyladýaryn, pürslerimden bolsa jaý salýarlar – diýipdir.
Terjime eden
Aýgözel GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.