Mihail ŞWYDKOÝ, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili
Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda möhüm syýasy we medeni çäreleriň ençemesi geçirildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisi, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Ykdysady geňeşiniň mejlisi ýaly çärelerdir duşuşyklary aýratyn nygtamak isleýärin. Çünki bu çäreleriň ählisi öwgä mynasyp hem-de nusga alarlyk derejede guraldy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara derejede iri möçberli çäreleri geçirmek üçin meýdança öwrülendigini tassyklaýar.
Diňe şu günki duşuşygyň mysalynda biz nämä göz ýetirdik?! Elbetde, Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyň has-da pugtalanýandygyna, köptaraplaýyn diplomatiýanyň ýaýbaňlanýandygyna göz ýetirdik. Ýurduň öz sözi, öz ýüzi bilen dünýä syýasatyna ynamly goşulyşýandygyna göz ýetirdik. Dünýä içre ykrar edilýän Türkmenistanyň abraýynyň-mertebesiniň barha artýandygyny gördük. Hakykatyň ýüzüne göni seredeliň! Bu işleriň ählisi Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýiti zehini hem-de öňdengörüjilikli syýasy liderligi esasynda amala aşyrylýar. Muny biziň ählimiz biragyzdan ykrar edýäris!
Aslynda, şu gezekki guralýan duşuşyklarda — daşary işler ministrleriniň hem-de döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerinde köp babatda Türkmenistanyň teklipdir başlangyçlary aýratyn üns berlen meseleleriň biri boldy. Men, ilki bilen, Arkalaşyga agza ýurtlaryň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň ähmiýetini göz öňünde tutýaryn. Bu möhüm resminama, esasan, Ýewraziýa ykdysady giňişliginde uly ähmiýete eýedir. Şol bir wagtda, Türkmenistan üçin-de, beýleki agza ýurtlar üçin-de onuň ähmiýeti örän ýokary. Çünki Türkmenistan Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ählisi bilen netijeli ykdysady gatnaşyklary yzygiderli berkidýär, ösdürýär. Bu ugurda taraplaryň ählisi üçin hem ägirt uly ykdysady bähbitler bar. Şol milli bähbitler esasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we baýlaşdyrmak örän möhüm. Munuň özi bilelikdäki ykdysady giňişligi doly derejede herekete getirmäge hem-de özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer diýip pikir edýäris.
Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew: «Eger Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny biziň gatnaşyklarymyzyň maddy esasy diýip alsak, onda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar onuň ruhy esasydyr» diýip nygtaýar. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde biz şu hili gatnaşyklaryň deň-derejede ösdürilýändigine şaýat bolduk. Sebäbi ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda medeniýet we medeni hyzmatdaşlyk hem Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky esasy ugurlaryň biridir. Muňa şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.