Ýartygümmez aramgähiÝadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Sarahs etraby

Ýadygärligiň döwri: b.e. XI asyry

Sarahs harabaçylygynyň 7-8 kilometrlik günorta we günorta-gündogar tarapynda gaty weýran bolan Ýartygümmez aramgähi ýerleşipdir. Onuň ýüzündäki ýazgynyň görkezişine görä, bu desga 1098-nji ýylda bina edilipdir. Ol bişen kerpiçden (23x23x5-5,5 santimetr) bina edilipdir. Öz meýilnamasynda inedördül (daşyndan taraplary 12×12 metr) bolan bu aramgäh uly üç güberçekden düzülen, depesi dördünji güberçek bilen tamamlanýan özboluşly gümmez bilen örtülipdir. Ýelkenleri gež bilen suwalypdyr. Bu aramgähiň aýratynlygy onuň girelgesiniň günorta bakdyrylanlygy, içinde tagçalarynyň we girelge peştagynyň ýoklugydyr.

Desganyň diwarlary pilçeler bilen üç bölege bölünipdir. Munuň iň täsin örümi jaýyň çüňkleriniň kerpiçden örülen dörtden-üçlik sütünler bilen birneme ýapgytly endiganlanmagydyr. Jaýyň taraplarynyň diwarlary, Abul-Fazlyň aramgähindäki ýaly, goşalanan kerpiçlerden nagyşly örülipdir. Içinde kerpiçler arça şekilini emele getirýän tertipde örülipdir. Jaýyň dündogar tarapyndaky diwarynyň daş ýüzünde mährap saklanypdyr. Bu bolsa, bu diwara metjit diýlip gurlan agaç bassyrma birikdirilendir diýip çaklamaga esas berýär.

G.A.Pugaçenkowa bu aramgähi Samanynyň berýän maglumatyna görä Sarahsyň golaýynda jaýlanan şyh Ahmed al-Hadynyň guburhanasydyr diýip çaklaýar. Eger-de Abul-Fazlyň döwürdeşi, şyh Lokmanyň (XI asyr) golaýda, Tejen derýasynyň Eýran çäklerindäki kenarynda ýerleşen aramgähini göz öňünde tutsak, onda Sarahsdaky XI asyryň gümmezli aramgähleriniň arhitektura keşbiniň aşakdaky ýaly endigan ösüşi göz öňüňe gelýär: ilki, peştaksyz Ýartygümmez aramgähi, soňra, çalarak ösgün peştakly Abul-Fazlyň guburhanasy we doly kemala gelen, ünsüňi özüne çekýän belent peştakly Lokmanyň aramgähidir.

Edebiýat, 12 tarapyndan 5 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir