Soltansöýün patyşa nahar edinip gelýärkä, bir garry onuň öňüni kesip geçäýmezmi? Şonda gany depesine uran hökümdaryň bolmajysy bolýar.
- Heý, sylaşyksyz pelit! Idinsiz aýaga çolaşyp, gürrüňiň guýrugynam-a basdyň. Bilip goý! Indi onuň üçinem-ä jogap bermeli borsuň.
Bu ahwalata haýýaty göçen garry görgüli aglap-eňreýşine, garyp çatmasyndaky ýalňyz gyzynyň ýanyna gelýär.
- kakam jan, näme ýaman hunabirýan görünýäň-le? Aýt ahyryn! Ýeri, saňa näbelalar ýolugaýdy?
- Wah, jan balam! Meň nämelere dahyl gelendigimi sen sorama, menem aýtmaýyn.
- Näme aýtman! Aýtsana, kaka jan!
- Aýtsam, işigaýdan janym, başymyň salgyna, ýaňy Hüseýin Baýkaranyň öňüni kesip geçäýsem nätjek. Heňkirip ugransoň-a, üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldumam welin. “Soňky tüýkülik sakgal ezýämi” näme? Özem “Bujagaz ýoknasyzlygyň saňa gaty gymmat düşäýmese ýagşydyram” diýdi.
- Ýa heý, kakam jan! Patyşa halyna tapýany şonuň ýaly tebähetsiz suňşurma bolsa, onuň jogabyny bermek meň bilen. Seň ýasy ýasy ýanyň ýerde bolsun. Gam iýme-de, nan iý, kaka jan!
Şondan soň geçse bir hepde geçendir-dä. Ine, bir günem heleý öýlesi boluberende agyr sülsadyny eýerdip gelýän patyşa hälki ýaşulynyň işiginde jylawy çekýär.
- A gyz, şujagaz öwsele, hol günki gürrüňiň guýrugyny basan peläkediňkimi?
- Hawa, şahym!
- Aýt-da, onda, hany ataň?
- Ol-a, şahym, ýerdölede syçanyň şahyny çarhlap otyr.
- Bo-how! Gyz bar, seň aklyň bir ýerindemi? Heý, syçanyňam bir şahy bormy?
- Ýa heý, kyblaýy älem! Näme, gürrüňiň guýrugy bolanda, syçanyň şahy bolmaly dälmi?