MrOKaS
"Gyz tisgindi, Özem ýaman tisgindi.."
PURSAT
Gyz tisgindi,
Özem ýaman tisgindi,
Garaşan hem garaşmadyk sözüne.
Aýdylanlar ýürekdendi, kesgindi,
Ýer ýok onda degişmä ýa hezile.
Bütin durky bilen sygjak ol häzir
Tapsa ýerden ýarym garyş gädigi.
Ýaňja eşdenne-de ynanmady gyz:
«Eý-ho!
Eý-ho, hakyt, şeý di...
"SÖÝGI PURSATLARY"
SÖÝGI PURSATLARY
Söýgi bir gün bir janana öwrülip,
Näz-kereşme bolup ýanyma geldi.
Demi bilen çoýup meniň kalbymy,
Gollaryny çolap boýnuma saldy.
Yzyna düşürip äkitdi soňam,
Onuň posalarna boldum men maýyl.
Süýji-süýji sözler diýdi pyşyrdap,
Ýene-de kän gowluk boldy meň paýym.<...
“Bagyşla mugallym”
“Bagyşla mugallym”
Bagyşla,mugallym diňlemändirin,
Seň jan edip beren leksiýaňy men.
Şol säwlikden häli-hälem kösenýän,
Kän gowy bilemok leksiýämy men
Şeýle boljagyny aňýardym öňden,
Men närza däl,zerurlygy duýşumdan.
Ýöne welin şonda-da men sözleňi,
Geçiripdirin gulagymyň duş...
"Sen nirede?"
SEN NIREDE Ýürekdeşim, ýüregimdeş..! TÄZE GELIN Essalowmaleykim gadrly dost, doganlar inede ýewropa çempionlar ligasynyñ final duşuşygyna-da sag-salamat ýetip geldik. Takmyn edişimiz ýaly "PSJ" toparyny ýeñmegi başaran "Nemis ulagy" çempionlygy öz adyna resmileşdirdi. Hasrat OBA HEKAÝATY KAKAM HAKYNDA GOŞGY UEFA çempionlar ligasy. Pleý-off. Ynsan bolçulygynda, ynsap gytçylygy... Essalowmaleykim dost, doganlar! Bu gün ünsüñizi kän bir global bolmadyk şeýlekin beden we ruhy saglygymyz baradaky internet sahypasyndan okan maglumatlarmy siz bilen paýlaşmakçy. Essalowmaleykim hormatly dost, doganlar. Hemme sag salamatmy? Men bu mowzugy açmagymdan magsat kimdirleri howsalalandyrmak däl. Emma her bir ynsan öziniñ ýaşap ýören jemgyýetinde nämeler bolýandygyny bilmäge haklymyka diýýän. Şonuñ üçin resmi internet sahypasynda okan zatlarymy hem-de öz pikirlerimi sizler bilen paýlaşmagy makul bildim. Ýurdumyzyñ... ÖÝDÄKI ZORLUKDAN GORANMA! Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz... NÄME ÜÇIN ULY ÝAŞLY ERKEKLER ÖZ HEREKETLERI ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄRLER? Bagyşlawer. BIR GEZEK СOVID-19 BILEN KESELLÄP GUTULSAŇ, KESEL TÄZEDEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI? HLORY ÝA-DA NATRINIŇ GIPOHLORIDINI HOWA SEPMEK KORONAWIRUSY ÖLDÜRIP BILÝÄRMI? Salam eje! Bu ýene men - Ikinjiň... Bary-ýogy internetde ýazyşdyk. Garagüjük degişmeleri... AÝAL DOGAN "Liverpul" "Çelsi" toparyny 5-3 hasabynda ýeñmegi başardy we APL çempionlyk baýragyny öz adyna resmileşdirdi.
Gözleglerim şowsuz meniñ,
Barmyka ýa ilden kemim.
Boýma boý, deñme-deñim,
Sen nirede, sen nirede?
Aýsyz gijeler garañky,
Zaryñdan dünýäm garaldy.
Saçlarmy şemal darady,
Sen nirede, sen nirede?
Göwnümi ynjydýar ýyllar,
Doñan ýürek haçan ýylar?!
"Ýürekdeşim, ýüregimdeş..!" oýlanma
"HÜÝRSYPAT GYZA
Gözleň çydamymy synaga salýar,
Sözleň gülle bolup ötýär içimden.
Saňa duşup, haýallady hyýallam,
Saňa duşup, galdym wagtyň göçünden.
Ömrüme gülgüne öwüşgin çaýdyň,
Özüme özümi garşy goýduň sen.
Ýylan ýaly sypyrdym-da geýimim,
"Täze gelin"
Nätanyş töwerek,
Nätanyş ojak,
Diňe bir söwer ýar tanyş hem ýakyn.
Bilýär gelin ýat hem bolsa özüniň,
Indi ýat däldigni bu ojak üçin.
Gaýynene töwerekde hozanak,
Eý görýär çagalar «Gelneje» diýşip.
Gyzjagazlar ony ussat hasaplap,
Keşde öwrenýärler ýanyna üýşüp...
ÝÇL Final!
UEFA Çempionlar Ligasy Final
23/08/2020
PSJ 0:1 Bawariýa
...
"Hasrat"
Hasrat ýekelikde çekilýär eken,
Ýalñyzlyk aýdymyn öwrenipdirin.
Ykbal batyransoñ kalbyma tiken,
Öñkimden üýtgäp, özgeripdirin.
Öwrenşipdir kalbym sensizlige-de,
Sessizlige-de men öwrenşip barýan.
Wysalyñ tapmadyk arzuw, hyýallam,
Şemalyñ ugryna sowrulýar, gaýýar.
...
"Oba hekaýaty" poema
(Poema)
I
Ähli obamyz bilýär
Meň kimligmi — taryhym.
Ýigitleriň içinde
Bar meniňem tarypym.
Görýän gyzlaň içinden,
Näzli bakýan gözlerem.
Ýöne diýýän özüme:
«Görmedik bol, gözlerim!»
Wah, olar däl, başga gyz
Meň ýüregmi...
"Kakam hakynda goşgy"
Isa pygambere meňzeşdi kakam,
Hemem Kuýaş ýaly nuranady ol.
Ynanardyk ony Taňryň asmandan
Ýere ugradanna diýip «Kaka bol!..»
Aladasy mydam bizdik bendäniň,
Hem iki dogany — iki didesi.
Olary söýerdi has-da ilerläp,
Diýip: «Atam, enem janyň nepesi»
Lion 0:3 Bawariýa
1/2-tapgyr. 20/08/2020
Lion 0:3 Bawariýa
Serj Gnabri - 18'
Serj Gnabri - 33'
Robert Lewandowskiý - 88'
Stadion: Estadio Jose Alvalade
Baş emin: Antonio Mateu Lahoz
Essal...
Ynsan bolçulygynda, ynsap gytçylygy...
#gamgyn uýam bilen söhbetden soñ...
Bu gün meniñ bilen syryñy paylaşmak islediñ, saña goldaw berdim, "Aýt belkem yüregindeki yüküñ yeñlär" -diyipdim. Ýazanlaryñy okanymdan soñ öz yüregim ynjap gitti. Bu zamanyñ oglanlary näme bilen ýaşaýa. Gelejegini nämäñ içinde göz öñüne getiryä...
SEMIZLIGIŇ DEREJELERINI NÄHILI ANYKLAMALY?
SEMIZLIGIŇ DEREJELERINI NÄHILI ANYKLAMALY?
Semizligiň derejelerini anyklamaga kömek edýän dürli usullar işlenilip düzülen bolsa hem, semizlig...
СOVID-19 WE ÝURDUMYZ: KÖNE WE TÄZE SORAGLAR!
ÖÝDÄKI ZORLUKDAN GORANMA!
"Öýdäki zorluk" düşünjesi Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakyndaky kanunyň 3-nji babynyň 22-nji maddasynda kesgitlenilýär. Şeýle-de bolsa, Türkmenistanda henize çenli öýdäki zorluk barada aýratyn kanun çykarylmady.
Biz b...
Wahh dünýämize sygmadyk gyz, ýigrimsine dolmadyk gyz...
Sen Muhammet s.a.w pygamberiñ ymmaty bolup doguldyñ, şonda ene-atañy nähili guwandyranyñy bir bilsediñ, ah bilmediñ. Asyryñ başynda sentýabryñ on altysyna perişde ýaly gyz bäbek bolup dünýä indiñ. Mollanyñ şaýatlygynda bagty aý ýaly ýagty, görki gül ýaly gözel bolsun diýip...
NÄME ÜÇIN ULY ÝAŞLY ERKEKLER ÖZ HEREKETLERI ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄRLER?
O döwür men 17 ýaşymdadym. Gapy öndüriji kärhanasy bolan telekeçiniň elinde işlemäge başladym. Bu meniň aýlyk alyp işlän ilkinji işimdi. Iş wagty başlygym hiç hili üm-yşarat etmeýärdi ýa-da lak atmaýardy. Onsoňam ol öýlenendi, çagalary hem bardy. Ýöne kimi bu...
Bagyşlawer, Mähre zar gyzlyk dünýäňe...
Ir säher "Ertiriň haýyr" diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma "Hyýaldaky ýigidiň".
Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni "şahyr" diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkill...
BIR GEZEK СOVID-19 BILEN KESELLÄP GUTULSAŇ, KESEL TÄZEDEN ÝOKUŞYP BILÝÄRMI?
COVID-19-yň gaýtadan ýokaşmagy şu güne çenli keselden sagalan adamlarda entek doly tassyklanmady. Hususan-da, täzeden ýokuşmanyň bolup geçmeýändigini alymlar entek subut etmediler. Ýöne, endemik betakoronawirus bilen kesellän adamlarda ýokuşma başlanyndan 90...
HLORY ÝA-DA NATRINIŇ GIPOHLORIDINI HOWA SEPMEK KORONAWIRUSY ÖLDÜRIP BILÝÄRMI?
Türkmenistanda natriniň gipohloridi(agardyjy) we hlor dezinfisirleýji serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Bu baradahabarlarda şeýle diýilýär:
"Ýokançlyklardan goranmak üçin,howadan dezinfeksiýa işleri alnyp barylýar. Ýeňil motorly uçarlar köp...
Salam eje! Bu ýene men - Ikinjiň...
EJEME HAT. Salam eje! Bu ýene men - Ikinjiň. Öz aýdyşyň ýaly - ýaşajyk şahyr!
Oýlanyp - oýlanyp säher, ikindin,
Ýene-de galama ýapyşdym ahyr.
Ýagdaýlarym gowy, janymam sagat,
Özbaşdak ýaşaýyş düşüp dur egne.
Öýden gaýdyp gözüm ýetirdim magat,
...
Sen hakda..(Oýlanma)
Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.
Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen ç...
Garagüjük degişmeleri...
Meniň garry enem üçin men manýak, ogry, ganhor bolaýyn parhy ýok. Esasy zat wagtly-wagtynda naharymy iýsem bolýar.
Biz üçem bolup dogulduk. Ýaltalyk, men we ynsap. Soňkymyz dogulup otyranda ýogaldy.
Akylly, terbiýeli oglandan aýalyna sms:
-Ejeden söwünüp ýalbarýan,...
"Maşgalany dolandyrsa erkekler, Zenanlar dünyäni dolandyrýarlar."
Neçüýn gözleriň gülenok,
Ümürli sen, aýal dogan?
Aýaklam boýun egenok,
Gapyň maňa hyýal, dogan!
Bagtyň bizi ýyladyp ýör,
Göz degmesin günüňize.
Saňa ýüz berip bilemok,
Ýüz berýänlem ýüzüm ezýär.
Öýkeläňok öňküler deý,
Arada yssy ýylgyr...
"Liverpul" "Çelsi" toparyny 5-3 hasabynda ýeñmegi başardy we APL çempionlyk baýragyny öz adyna resmileşdirdi.
Surat 1| 37-nji tapgyr duşuşyklaryndan soñky jedweldäki ýagdaý.
Surat 2| 37-nji tapgyrdaky toparlaryñ netijeleri.
Surat 3| 38n-nji tapgyrda bolmaly oýunlar.