KAKAM HAKYNDA GOŞGY
Isa pygambere meňzeşdi kakam,
Hemem Kuýaş ýaly nuranady ol.
Ynanardyk ony Taňryň asmandan
Ýere ugradanna diýip «Kaka bol!..»
Aladasy mydam bizdik bendäniň,
Hem iki dogany — iki didesi.
Olary söýerdi has-da ilerläp,
Diýip: «Atam, enem janyň nepesi»
Öz işine juda berlendi hemem,
Oturmazdy ony ýerne ýetirmän.
Haçan görseň hysyrdanyp ýörendir,
Işlärdi ol irmän, arman, oturman.
Kolhoz zadyn artyk iýjek bolmazdy,
Ýogsam başlyk, ferma.... gemirýän bardy.
«Halal aşym nesip etse bor» diýip,
Haramdan özüni çetde saklardy.
Iliň gelin-gyzna gyýa bakmazdy,
A zenanlar welin, onuň tersine,
Bir gezek görenler ol çynar boýy,
Soňra synlamagy islärdi ýene.
Kä eneler agtygyna görkezip,
Diýerdi: «Tanagyn sen şol adamy.
Şonuň ýaly gowy bolmagňy isläp,
Allanazar goýduk seniň adyňy!»
Agrasdy ol oturanda-turanda,
Ýörmezdi her ýerde geplejek bolup.
Ýöne geplänlerem ol bar mahaly
Geplärdi her sözün hasaba alyp.
Gerek bolsa, toý palawny bişirdi,
Bardy ol hemişe iliň ýasynda.
Öwlüýäde jaý gazardy merhuma,
Özi gidip, gerek bolsa käsinde.
Şeýle kakam bardy — taýpamyň begi,
Biz oňa guwanyp doýup bilmezdik.
Elli alty ýaşda älemden ötdi,
Isläbem, deregne ölüp bilmedik.
Elli alty ýigit ýaşy dälmi nä,
Bar-a ýaşap ýören ýetmiş-segseni.
(Käteler şeýle bir göresim gelýär,
Indi on ýyl bäri göremok ony).
...Isa pygambere meňzeşdi kakam,
Ýüzüňe sylmaly,
Hut ekiz taýy,
Kakam janyň şekilinde görýärin,
Indi köpden bäri Taňrym — Hudaýy.
1989.
* * *
Oglankam-a pökgä meňzeýärdi Gün,
Dagyň arkasyndan bäri depilen.
Ony kowup gelýän topar oglanyň,
Tizden görünjegne ynanýardym men.
Jahyl günlem Gün gyzlara meňzeşdi,
Ol meni synlardy galyp belende.
Duýýardym süňňümde aljyraňňylyk,
Kuýaş-Gyz ýylgyryp nazar salanda.
Garran çagym nämä meňzärkä Günüm,
Täsirsiz-ä ötmez meniň deňimden,
Çakym eger meniň çak bolýan bolsa,
Şonda kempir bolup çykar öňümden.
* * *
Alys bir ýerleri küýseýär göwün,
Bilmezden ol ýeri niçik hem niri.
(Hem göwnüme gelýär sygan bolmasyn,
Meniň mamalarmyň ikiden biri?)
Gözüm gidýär uçup bilýän zatlara,
Şolaryň seýlinde meniň höwesim.
Aýdym aýdyp, soňam ony kowalap,
Ýetip alaýasym gelýär öz sesim.
Kä şemalam göç geçirip duşumdan,
«Uçaly!» — pyşyrdap aýlanyp gidýär.
Ýöne duýýan kimdir biri ýeňsämden,
Meniň uçjaklygma müňkürlik edýär.
Şeýle bolýar, şeýle bolýar kä ýarym.
Dünýäň giň kalbyna syganok adam.
Onuň bir ýerlere gidesi gelýär.
Bilmese-de göwnüň gözleýän zadyn.
* * *
Gitmek ata-baba bar zadyň biri,
Maksada ýetmezlik, ah, şu welin däl.
Etjek işiň edip,
Bir keýpden çyksaň,
Ana, onsaň nätse şeýdäýsin ykbal.
Gitmek — munuň özi hemişe dymmak,
Meniň aýdylmadyk aýdymlarym kän,
Töwerekde hemme gahrymanlarym
Okyjyň huzurna ýetmek isleýän.
Bilýärin gitmäge hakym ýok häzir,
Pikirler kalbymda telim bir gasyn.
Ýüz sen, gämim,
Ummanlara ýeteli!
Ynjalyp bilmerin kit awlamasam.
1976.
* * *
OGULLARYM BILEN TIRKEŞIP
(Degişme goşgy)
Pöwrize jülgesi. Gijara. Sergin,
Gezim edip ýörün ogullam bile.
Iki oglum iki ýerden çytylýar,
Bir gelin ýylgyryp bakaýsa çala.
Olar bolsa her ädimde telim bar.
Görsemem nädeýin, görmedik bolýan.
Göçgünli saz elesledýär kalbyňy,
Sähel ahmal bolsaň göçerli kelläň.
Düýnkime görä-de bu gün agras men,
Öňden ýöräp barýan düýrügen bolup.
Gapdalymdan geçen gelinleň käsi,
Duýgudaşlyk edýär keýpihon gülüp.
Bilýärin, ogullar maňa düşünmez,
Düşüner aý-ýyllaň ençesi geçse.
Özleri-de meniň düşüşim ýaly,
Şeýdip, ogullarnyň öňüne düşse.
Her ýanymda ogullarmyň birisi,
Ynamly saklawym — garawulym bar.
Olar meni ejesinden uzakda,
Gelinleriň yhlasyndan goraýar.
* * *
ÇYNARLAR
(Ýazguly Hudaýberdiýewe)
Çynarlary synlamagy halaýan,
Olaň belent başy, galkan döşi bar.
Çynarlary synlamaly synlasaň,
Olary synlasaň gözüň dokunýar.
Sen özüňi ösýän ýaly duýýarsyň,
Buldy goltugyna alyp dur goly.
Eger zeminimiň tugy bar bolsa,
Onuň tugy şu çynarlar bolmaly.
Köp ýaşabam ir ölýärler çynarlar,
Muňa has beterem ýer heläk bolýar.
Sebäbi ol ýaradanda olary
Hemişelik - bakylyga ýaradýar.
* * *
POEZIÝA
...Pyragydy onuň ady bir mahal,
Soň Kemine boldy, Zelili boldy...
Kerim, Berdinazar diýdiler oňa,
Gurbannazar ýene — bir ady şoldy.
Topragmy ýylydyp oturan ot ol,
Ynanýan ýene-de geler kän ärler.
Türkmeniň giň kalby onuň mekany,
Bu gün oňa Nobatguly diýýärler.
1980.
***
(TÄŞLI GURBANOWY ÝATLAP)
...Dostlam meni gözläp gapymdan gelmez,
Duşmanym özüni ýeňiji duýýar.
Wagt ölçär meniň eden işimi,
Doganym garraplar oduma ýanar.
Aladasy artar ýakynlarymyň,
Köp ýerde: «Wah, şolam bolsady!» diýler.
Şonda syçyraplar turasym geler,
Ýöne gerdenimden basar meniň ýer.
Islän ümsümligim ýetik bol bärde,
Jedel ýok juda köp oýlanjagyma...
Söwer ýarym her ýyl gurbanlyk eder,
Ynanyp ruhumyň aýlanjagyna.
* * *
(Dostum Gurbanýaz DAŞGYNOWA)
Goşgy ýazsam syýahatça öwrülýän,
Unudýan men öňki şahyrlaň baryn.
(Bar asmanda obajygy duýgynyň,
Goşgy ýazsam, men şol oba barýaryn).
Ol ýerde älem giň eden çakyndan,
Onda ýürek bilen ýürek sözleşýär.
Setirlermi men şol ýerden tapýaryn,
Ol ýerde duýgular galgap uçup ýör.
Duýgy ýygýan, undup wagtyň hasabyn,
Bu obada meniň goňşym çal bulut.
Diňleýärler bu obada goşgyňy,
Okap beren çagyň ýyldyzlar gelip...
Gör, men näçe gezek geldim bu ýere,
Öz pelime menem ekdim ekini.
Mahal-mahal Taňryň özem şu oba,
Gelip goşgy diňläp, gidýän ekeni.
Goşgy ýazsam, özem her gezek şeýle,
Golaý baranlygymy duýýaryn Güne,
Hem ynanýan meňem ýazan goşgymy,
Okanymda Taňryň diňlejekdigne.
***
ÄÝNEKLI ÝYLAN
HAKYNDA HAKYKAT
...Çakdy meni-de ol äýnekli ýylan,
Kesekiniň eli bilen duýdurman.
Tanap goýuň ony, bu gün çakmasa,
Erteki gün sizem çakar ol hökman!
«Ilim» diýen bolar herhal gürlände,
Ýöne şoldur iliň ganym duşmany.
Ýigrenýär ol güli, «Ýaşyl, al» diýip,
Ýigrenýär dirini «Bar – diýip — jany».
Ýigrenýär ol dagy, onuň gerşiniň,
Müdimilik beýik bolany üçin.
(Atasynyň aýadyna barmady,
Gurhan okalmaly bolany üçin..).
Mydam wezipede äýnekli ýylan,
Edaraň ýanynda «Ýylan kursy» bar.
Il-gününi juda ýigrenýän ýaşlar,
Şol mekdepde yhlas bilen okaýar.
Guwanyp özüniň şägirtlerine,
Göm-gök bolýar ol begene-begene.
Her gün üýşürip zäher paýlaýar:
— Degiň degmedige,
Degiň degene!
Gowusyran bolup,
Dil ýalmyldadyp,
Onuň tizden ýuwha çykasy gelýär.
Dünýäň töweregne guýrugny aýlap,
Soňam depesinden çakasy gelýär.
Hawa, ol ýylany köpler tanaýar,
Senem synla haçan çyksa öňüňden!
Onuň göripligi gara ýag bolup,
Syrygyp durandyr iki gözünden,
Äýnegiň aşagyndan.
1990.
* * *
MEN ADYMY ÇALYŞJAK
(Möjegiň aýdymy)
Oba baryp gaýtjak men,
Ferma agamy görjek.
Göz görkezdi ol maňa,
Epilip, salam berjek.
Agam begener diýseň,
Et berer näçe iýsem.
Boldugyny bilýärin,
Öýünde hemme zadyň.
Tüýs hakyky möjek ol,
Bolsa-da ady Adam.
Kolhoz malyp şol iýýär,
Iýende-de bol iýýär.
Ogullarnyň hemmesi,
Aldy ýokary bilim.
Wah, güýç dagy däldir-le,
Güýji goýundyr puluň.
Giýewlerem bireýýäm,
Maşyn, howluly boldy.
Islese, goýnuň puly,
Ýere düşürýär buldy.
Möjek iýdi etmäge,
Tüweleme, agam zor.
Omaçany oň bilen,
Deň gemirýär prokuror.
Men barjak-da, adyma,
Özüň eýe bol diýjek.
Goý, götersin bu ady,
Eti tapyp bol iýjek.
Agam hakyky möjek.
Tanaýaňyz agamy,
Aýtmasam-da oň adyn.
Agam möjek adyna,
Diýseň mynasyp adam.
1986.
Awtor: Agageldi Allanazarow