“Bagyşla mugallym”
Bagyşla,mugallym diňlemändirin,
Seň jan edip beren leksiýaňy men.
Şol säwlikden häli-hälem kösenýän,
Kän gowy bilemok leksiýämy men
Şeýle boljagyny aňýardym öňden,
Men närza däl,zerurlygy duýşumdan.
Ýöne welin şonda-da men sözleňi,
Geçiripdirin gulagymyň duşundan.
Sebäp seň gaşyňda-öňki partada,
Seň ýüzüňe bakyp otyrdy bir gyz
Men bolsa şol gyzyň aý dek ýüzünden,
Gözlerimi üzüp bilmezdim hergiz.
Synlap onuň kirpiklerniň neşderin,
Synlap onuň zülpleriniň taryny.
Seň diýýän sözleňi eşitmegä däl,
Hatda unudypdyryn seniň baryňy.
Her bir ownuk hereketin yzarlap,
Doýup bilmän onuň jady meňzinden.
Her gezek jaň kakylanda çykardym,
Arzuwlaryň,hyýallaryň deňzinden.
Beren sapagyňy almanlygymy,
Bagyşla mugallym,bagyşla her hal.
Sebäbi ol gyzyň beren sapagam,
Durmuşda seňkiden peslär ýaly däl.
Awtor belli däl???
MrOKaS 4 years ago- Hormatly ýürekdeş bu goşgynyn menin durmusyma bagly yeri yok seyle halanym ucin paylasdym. Hickimin gozlegine cykmadym entek!