TÄZE GELIN
Nätanyş töwerek,
Nätanyş ojak,
Diňe bir söwer ýar tanyş hem ýakyn.
Bilýär gelin ýat hem bolsa özüniň,
Indi ýat däldigni bu ojak üçin.
Gaýynene töwerekde hozanak,
Eý görýär çagalar «Gelneje» diýşip.
Gyzjagazlar ony ussat hasaplap,
Keşde öwrenýärler ýanyna üýşüp.
Bilip barýar hemme zady kem-kemden,
Kime gaýyn, baldyz diýmeli kime.
Adamsy hem käte göwünlik berýär,
«Goşulşyber, öwrenşersiň diýdim-ä!».
Töweregiň mährin duýmak ýakymly,
Öňde bolsa uly jogapkärçilik.
Geçirmeli ol kenara bu öýüň,
Nesil kerwenini sen köpri bolup.
Gelin bolmak,
Öýe düşmek, ornamak,
Birje sahypasy gyz taryhynyň.
Ýöne iliň biri bolmak aňsat däl.
Gerek öýe söýgiň,
Hemem yhlasyň.
Bu ýol eneleriň torç eden ýoly,
Hem gyzlarna arzuw eden ykbaly.
Hut, saňa-da ejeň arzuw edipdi,
Doglan çagyň özi ýaly bolmany,
Özündenem has bagtyýar bolmany.
Asylly gelinleň ykbaly meňzeş,
Girişer durmuşa çermäp bilegin.
Söýüp, dogrup, üwräp, duýmanam galar,
Ol özüniň gaýynene bolanyn.
* * *
KEÝWANY
Öýüň azy ýaran keýwanysy ol,
Aladasy bilen hemişe onuň.
Bişirip ýör,
Düşürip ýör,
Ýuwup ýör,
Neneňsi geçennem duýanok günüň.
Diňe bularam däl ähli alada
Ýene okuw diýen bir «bela-da» bar.
Çagalaram her gün bilmedik zadyn,
Ýerli-ýerden gelip, ondan soraýar.
Aşhanada geçýär wagtyň köpüsi,
Myhman gelse gije çekýär dowamy.
Ol gyzgynjak nahar iýdirýär hemmä,
Özüniňem paýy onuň sowany.
Käte ýadap çagalarna käýinýär,
Şonda ol ýarynam aýap goýanok.
«Kiçi ogluň bezzat, görübem ýörsüň,
Şonda-da sen oňa hiç zat diýeňok.
Hammal bolup hyzmat edýän men ýene,
Bir maňa gerekmi şu zatlaň bary?..»
(Her gezek ol şeýdip käýäp ugranda,
Turup ötägidýär ýanyndan ýary).
Küpürseýär soň ol ýene birsalym,
«Atam-enem göremok men şolarmy...»
(Adamsy düşünýär küpürsemese,
Onda ondanam bir heleý bolarmy).
Sowaşansoň ýene gowlugy ýatlap,
Şükür edýär saglygyna, baryna.
Soňundanam onuň özi gynanýar,
Gahar ugra «pürken» bolsa birine.
Telim gün soňam ol uýalyp gezýär,
Ýada salyp öz gatyrak geçenin.
Adamsyna gysmyljyraýar baryp,
— Getireýin, ajyja çaý içermiň!
Çagalar ýok wagty, çola otagda,
Bu-da onuň «Bagyşlawer» diýdigi.
Soňam ylgap çykyp gider içerden,
Bahanalap gazda goýan süýdüni.
Onuň söwer ýary — hudožnik ýigit,
(Öňem az däl şeýle işlerniň sany).
Ol ýene-de çekdi bu gün meňzedip,
Öz ýaryna Afrodita — Hudaýy.
BENTLER
Öwran-öwran goşgy ýazýan köwsarlap,
Ynanýaryn bu ykbalyň ýelgini.
Oduň okarasy — meniň ýüregim,
Ýylydasym gelýär dünýäň kalbyny.
* * *
Asman ýere ýakynlaşdy bu günem,
Ýere buldun-çaparlarny ataryp.
Otyr zemin göýä mähnet asmanyň,
Gazanyny depesine göterip.
* * *
Gitdi enem garrap-garrap bakyýa,
Indi ol geçmişim, küýsegli ýogum,
Ene hany öwrülsene bäriňe?
Galypdyr ahyryn ýumagyň igiň.
* * *
Gämä mündüm, suw çaýkandy öňümde,
Serim suwda, kalbym ymtyldy daga.
Meniň bir ýerlere gidesim gelýär,
Çolalygmy alyp, özüm bolmaga.
* * *
Tut hiňlenip otyr atyz içinde,
Ony diňledikçe diňläsiň gelýär.
«Duşurawer meni, Taňrym, ussama,
Meniň gazma dutar bolasym gelýär!»
* * *
Türkmeniň ýüregi — älemiň syry,
Her ýeten ol syry tiribem bilmez.
Türkmeniň taryhy — dünýäň taryhy,
Bir girseň içinden çykasyň gelmez.
* * *
Bu ýeriň jahanda döräli bäri,
Onuň ýokarsynda nurly Gün hem bar.
Asmandan seretseň, Ýer gyzdyr, belki,
Ol gelip, zemini ýanyplar söýýär.
* * *
Ömür — wokzal, gelýänem bar, gidýänem,
Duşuşygyň, aýralygyň mekany.
Wokzal, muňa gelýändenem gidýän kän,
Menem bu gün şu wokzalyň myhmany.
Göwnüme bir ýerden gelen ýaly men,
Küýsäp, bu deräni uzak ýol söküp.
Ýene bir-de ugrap barýan ýaly men,
Biraz oturamsoň bolsady ekip.
Gidilmeli bolsa gitmeli bor-da,
Artykmy men ýa-da illerden kemmi.
Göwnümde birhili düşnüksiz gubar,
Ugrap gitmek has-da kyn bora çemli.
Ömür — wokzal, men ýene-de perronda,
Ilki bilen gelenleri göreýin,
Hem özümi ugrap gitjegme däl-de,
Gaýdyp gelenligme ynandyraýyn.
Awtor: Agageldi Allanazarow