SÖÝGI PURSATLARY

Söýgi bir gün bir janana öwrülip,
Näz-kereşme bolup ýanyma geldi.
Demi bilen çoýup meniň kalbymy,
Gollaryny çolap boýnuma saldy.

Yzyna düşürip äkitdi soňam,
Onuň posalarna boldum men maýyl.
Süýji-süýji sözler diýdi pyşyrdap,
Ýene-de kän gowluk boldy meň paýym.

Söýginiň hyzmaty indi biz goşa,
Belki, bu bir düýşdür, jadydyr, aldyr.
Belki-de, bir çaklar maňlaýa ýazlan,
Uzaklara gitjek ýazgyt, ykbaldyr.

* * *

...Daşymyzda bardy
Garaňky gije.
Bardy hemem meniň
On sekiz ýaşym.

Sona hemmelerden
Owadan gyzdy.
Hut şony söýmekdi,
Meniňem işim.

Süýt kölüni
Döredensoň Aý gelip,
Ol köli gulaçlap,
Ýüzer ýörerdik.
Biz birek-biregiň
Ýürek kenarna
Höwes bilen,
Her gün ýüzüp barardyk.

Söýgi hiç zat däldir,
Jadydan başga.
Islän deresinden
Çykarýar bizi.
Ýyldyzlar köreşip
Synlaýar gökden,
Bizde häzir Aýyň,
Dünýäniň gözi.
Al asmanda,
Ýüzüp ýörüs, indem biz,
Çykyp serhedinden
Ähli däp-diniň.
Ýüzüp barýas,
Bir-birege guwanşyp,
Alysdaky adasyna
Söýginiň.

SÖÝGI

Uzakly gün gökde gezip ýadan Gün,
Öz batar ýerine ýetip barýardy.
Öý içinde eňek atan bir goja,
Kem-kemden jahandan ötüp barýardy.

Bardy ogul-gyzy töwereginde,
Kempiri diýýärdi: «Şeýdäýjekmi sen?
Ýer belläwer ol ýerde-de ýanyňdan,
Hyzmatyňa ýene gerekdirin men...»

...Şol arada gözýetimde göründi,
Keteni köýnekli bir mele gelin.
Töweregi ýuwdundyrdy dessine,
Özüniň görmegi, höwesi bilen.

Ony görüp, gojaň ýüzi ýagtyldy,
Galarly göründi ýerden kellesi.
Göz öňüne gelen şol gelni synlap,
Goja bu gün ýene ölüp bilmedi.


* * *

Seniň didelerňi
Arzuw etdim men,
Seniň huzuryňa
Uçup ýetdim men
Çytma gaşlaryňy,
Saçlaryň oýnap!
Söýgim alyp geldi
Günüme goýman.
Ynanman sen maňa
«Ykbal däl» diýseň,
(Ol ykbal aslynda
Nämemiş, eýsem!?)
Özgelere däl-de,
Geňeş göwnüňe,
Uzyn saçlaryňy
Dök sen egniňe!
Şeýdeňde hemişe
Owadan bolýaň.
Düýşde hem ýanyma
Sen şeýdip gelýäň.
Gaç, soňam öňümde,
Bol-da kebelek.
Men bagtly bolaýyn,
Seni kowalap...

* * *

«GUJAK-GUJAK» OÝNY

Şol çagalyk,
Bal çagalyk,
Onda bolan ençe zadym,
Öz töründen orun berip,
Saklap ýören eken ýadym.

...Orta alyp gyzlar meni,
Her sözüme gülüp «jak-jak».
Diýerdiler olar maňa:
«Gele-gele, gujak-gujak».

Gujaklardy Ajap meni,
Gujaklardy Ýazgül, Sona...
Hiç gujaklap ganmazdylar,
Islärdiler olar ýene.

Bilmezdim men ol gyzlaryň,
Mende niçik «ary» bardy.
«Gujak-gujak» oýnaldygy,
Şol gyzlaryň bary bardy.

...Ýyllar ötdi, durun ýene,
Oýun bolýan depe ýerde.
Göwnüm diýýär, çuwal gyzlar,
Hany ýene geliberse.

Esli durdum, ýola gözläp,
Ne gelýän bar, ne-de çykýan.
Penjireden geňläp gaýta,
Gyzlar meniň içim ýakýar.

... Oýun bolýar başga ýerde,
Sülgün başga,
Başga Ajap.
Oglanjygam men däl indi,
Oýnalanda «Gujak-gujak».

* * *

Perde açylanna boldy ençe ýyl,
Şeýdibem sahnada peýda boldum men.
Jahyllygyň ganatyna göterlip,
Sykylyklap öz sazymy çaldym men.

Aýdym bolsa diňleýjisem tapylýar.
Deň-duş gyzlar ilki ylygşyp bakdy.
Bile aýdym aýtmak höwesi bilen.
Olaň birem sahna, ýanyma çykdy.

Tanadym men ony şonda dessine.
Şol gyzdy-da ýaňky çetde oturan.
Men sykylyk çalan çagym galpyldap,
Birzatlardan uýaljyrap oturan.

Ynandyrdy soňam meni aýdymyň,
Bile aýtsaň gowy aýdylýandygna.
Ses goşamsoň dagy zowlady berdim,
Ýürekse edinip ol gyzy göwnüme.

Hemem ynandym men şol aýdym bilen.
Barýanyma albaý bulan geljegne.
Goşalanyp aýdym aýdan mahalym,
Ynandym has gowy aýdym biljegme.

* * *

Söýdüm gözelleri güllere deňäp,
Küýsäp, küýsäp, küýsäp çekeläp söýdüm.
Kükregimi oýkap, näzik bedene,
Hyjuw bilen ony ner bolup öýdüm.

Söýüldim, begendim meniň bilenem,
Arzuwlarny, höweslerni baglan bar.
Ertekä öwrülip, daş ilde galdy,
«Bagtym» diýip, bagra basan näzli ýar.

Özümi bir söýen natuwan gelne,
Ýazlar geçip güýz gelensoň düşündim.
Diýilmänmi näme «Hiçden giç ýagşy»,
Asdym özüm onuň nogta saçyndan
Algyr laçyn bolup indim başyndan.

Meni söýüp söýülmedik gelinler,
Soňra meniň ganym duşmanym boldy.
Gelniň göwni galsa şol bor ekeni,
Soňra ozal-ahyr duşmanyň ulsy.

Ýöne hyzmatynda durup bilseň-ä,
Şolar bolar dostyň iň gowsy.
Şindem jahyllykda saklap ýör meni,
Gelinleň söýgüsi, yhlas-höwesi.

* * *

Ýigdekçekäm bir gelini söýdüm men,
Babyr ak bilekler gözümde galdy.
Mylaýymdy,
Şelaýyndy,
Näzlidi,
Ýöne, arman, özi meniňki däldi.

Bulut bolup dykylasym gelýärdi,
Al asmanyň gazanynyň astyna.
Soňam şondan dökülesim gelýärdi,
Paýrap-paýrap şol geliniň üstüne.

Hyjuwlydym çalja taýçanak ýaly,
Gelnem synlap, guwanardy bolşuma.
Ýöne birem, birje gyzgyn posany,
Eçileýin — diýäýmedi — gel şuňa!

...Henizlerem şol geline duşaýsam,
Köräp-köräp, horlanjagma ynanýan.
Hemem dünýäň şol pursatdan gowlanyp,
Özüm üçin nurlanjagna ynanýan.

* * *

Deňziň boýy. Yssy günleriň biri,
Görsem bir gyz gelýär garşymdan ine.
Owadan saçlarny bir gujak edip,
Döküpdir ol güne ýanan derdene.

Messan-messan basyp gelýär, howlukman
Kenar öňküsinden indi has gowy.
(Bilýärin men mysal tutup özümden,
Şeýle pursat ýigitleriň arzuwy).

Gelýär peri, gelýär maňa golaýlap,
Gül bedeni töwerege güjeňläp.
Kämahalam keýerjekläp durýar ol,
Alyslary synlap,
Ummany geňläp.

Gyzy synlap, men otyram ýerimde,
Onuň bilen arzuwlarmy besledim.
Hemem bu deňizli, gyzly pursadyň
Mydamalyk bolmagyny isledim.

* * *

Ine, ýene-de bir islegli pursat,
Ýürek urgusyndan owsunýar gursak.

Gapdalymda arzuw edip ýetenim,
Çogup otyr ýakasyndan keteniň.

Golaýlygyň duýup birek-biregiň,
Isleýşi deý gursakdaky ýüregiň.

Otyrys. Çolalyk, göz-de ýüz bolup,
Ikimizem suw-sil ýagarly bulut.

Awtor: Agageldi Allanazarow

Edebiýat, MrOKaS tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir