Şençženiň köçelerinde jemgyýetçilik pianinolary goýuldy
Hytaýyň Şençžen şäheriniň köçelerinde jemgyýetçilik pianinolary goýuldy diýip, «24KZ» habar berýär. Saz guralynda islän adam mugt saz çalyp biler. Munuň üçin ukyp-başarnyk däl-de, köpçülik üçin saz çalmak islegiň bolmagy ýeterlik.
Ýerli häkimiýetler jemgyýetçilik saz gurallaryny ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmak üçin goýdular.
...
Nigeriýaly suratkeş talyp 100 sagatlap surat çekdi
Nigeriýaly Çensellor Ahagotu diýen ýaş suratkeş talyp 100 sagatlap arakesmesiz surat çekdi we soňky onýyllykdaky bu ugurda goýlan rekordy täzeledi. Öň şeýle üstünlik 2013-nji ýylda 60 sagatlap surat çeken Roland Palmaýertse degişlidi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Çensellor ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Atlantadaky Sungatlar we dizaýn kollejinde okaýar....
Şu gün Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar
Abu-Dabi şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurduň BAE bilen oz...
90 ýaşly Sereteli uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy
Nusgawy suratkeş Zurab Sereteli «Kp.ru» saýty bilen söhbetdeşlikde özüniň uzak ýaşynyň syryny paýlaşdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Men uzak ömürliligim enem-atamdan gan arkaly geçendir, belki-de heniz durmuşa geçirmeli köp maksatlarymyň bardygy üçindir» diýip, Sereteli aýtdy.
Häzirki döwrüň iň tanymal suratkeşleriniň biri ertire ynam,...
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň milli ýygyndylarynyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy. Yklym ýaryşy 12-nji ýanwardan 10-njy fewrala çenli aralykda Katarda geçiriler.
Özbek ýygyndysyna bu gezek hüjümçi Eldor Şomurodow kömek berip bilmez. «Kalýariniň» hüjümçisi dekabr aýynda aýagyndan şikes alypdy. Onuň ýaryş başla...
Hytaýyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin resminamalar kabul edilýär
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän ýaşlaryň resminamalaryny kabul etmek işleri başlandy. Häzirki wagtda Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr maksatnamasy boýunça okamaga isleg bildirýän ýaşlardan hem resminamalary kabul etmek işi guramaçylykly...
Katarda Aziýanyň kubogy ― 2023-iň baş baýragy görkezildi
Katarda ýakyn günlerde başlanjak futbol boýunça Aziýanyň kubogynyň baş baýragy ― arzyly kubok görkezildi. Dabaralaryň çäklerinde janköýerlere onuň bilen surata düşmek mümkinçiligi döredildi.
Ýaryşyň guramaçylyk toparynyň metbugat gullugy ony: «Ýylgyryşlara sebäp bolýan kubok» diýip atlandyrýar.
Yklym ýaryşynyň 12-nji ýanwarda badalga...
Radukanu tennise dolanýar
Dünýäniň 301-nji raketkasy Emma Radukanu ýylyň ilkinji Uly tuwulgasy bolan Awstraliýanyň açyk çempionatyna gatnaşar.
Bu amerikaly Lowren Dewisiň ýaryşa gatnaşyp bilmezligi bilen mümkin boldy. Ýeri gelende aýtsak, Beýik Britaniýaly tennisçi şu hepde sporta gaýtadan gaýdyp geldi. Ol elinden operasiýa geçirip, uzak wagtlap kortlardan uzak galyp...
Nowak Jokowiçli Serbiýa «United Cup»-yň ýer eýelerinden utuldy
Tennis boýunça Uly tuwulga tapgyryna girýän Awstraliýanyň açyk çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilýän «United Cup» ýaryşynda ýarymfinalçylar belli boldy.
Çärýekfinalda Awstraliýanyň milli ýygyndysy düzümine dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç hem bolan Serbiýany 3:0 hasabynda ýeňdi. Jübütleýin duşuşyklarda awstraliýaly Storm Hanter bilen...
«Flydubai» türkmen uçarmanlary üçin okuwlary geçirer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen «Dubai Aviation Corporation» kompaniýasynyň arasynda uçarmanlary taýýarlamak boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentligi habar berýär.
Ähtnama laýyklykda, taraplar «Flydubai» ygtyýarnama merkezinde uça...
Türkmenistanda täze futzal möwsümi Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlanar
Türkmenistanda 2024-nji ýylyň futzal möwsümi Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk bilen başlar. Bu barada TFF-niň Futzal bölüminiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda aýtdy.
Naýbaşu kubok ugrundaky duşuşyk Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetin...
Aşgabatda fransuz dili boýunça okuwlara kabul edilişik dowam edýär
Aşgabatdaky Fransuz instituty gyşky dil öwreniş okuwlaryna ýazylyşygyň dowam edýändigini habar berýär:
8-nji ýanwarda fransuz dilini öwrenip ýörenler üçin okuwlar başlanýar;
15-nji ýanwarda täze öwrenijileriň okuwlary badalga alýar.
Kabul edilýän öwrenijiler üçin ýerler çäklidir.
Goşmaça gyzyklandyrýan maglumatlary Insti...
Hytaý milli önümçiliginiň ilkinji elektrouçaryny synagdan üstünlikli geçirdi
«China Aviation Industry General Aircraft»kompaniýasy Çžeszýan welaýatynda HHR-de ilkinji gezek AG60E elektrouçarynyň barlag uçaryny amala aşyrdy. Bu barada «Xinhua» agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.
Uçar bir hereketlendirijili AG60 howa ulagynyň modifisirlenen görnüşine eýedir. Onuň uzynlygy 6,9 metr bolup, ganatlarynyň ýaýylyş g...
Meşhur futbolçy we tälimçi Mario Zagallo aradan çykdy
Braziliýaly ady rowaýata öwrülen futbolçy we tälimçi Mario Zagallo 92 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS onuň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabyna salgylanyp habar berýär.
Mario Zagallo brazil we dünýä futbolyna adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Ol futbolçy we tälimçi hökmünde dört gezek dünýäniň çempiony boldy. Futbol oýnan ýyllarynda 19...
Germaniýany görülmedik çabga basdy
Germaniýa yzgytsyz howa aralaşdy, ýurtda sowukdan ötri, yzy kesilmeýän çabgalar guýýar. Ýurduň has-da merkezi we demirgazyk-günbatary çabgadan ýaňa gark bolara geldi diýip, «MIR 24» ýazýar.
Netijede, meýdanlar köllere döndi, ýollar suwuň astyna gitdi, köçelerde gaýykly ýüzübermeli. Gatlalar suwa bäs gelip bilmän, derýalar kenardan agýar. Met...
Tokioda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy
Ýaponiýada şu ýylyň ilkinji söwda auksionynda äpet tunes balygy 800 müň dollara satyldy. Bu 1999-njy ýyldan bäri bu ugurdaky söwdalaşyklarda dördünji gymmat balykdyr diýip, «MIR 24» ýazýar.
Balygyň agramy 238 kilograma deň. Ondan taýýarlanjak suşini indi diňe Ýaponiýada däl, Nýu-Ýorkuň we Şanhaýyň garbanyşhanalarynda-da dadyp bilerler.
...
Futzal boýunça TFF-niň kubogy ugrundaky ýaryş geçiriler
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Futzal bölümi şu ýyl toparlaryň täze möwsümie taýýarlygyny gözden geçirmek üçin ilki federasiýanyň kubogy ugrunda ýaryş geçirmekçi. Bu barada bölümiň başlygy Annanur Gulow «Türkmen sporty» gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Onuň gürrüň bermegine görä, ýurtda futzal möwsümi geçen ýylyň çempiony «Deňizçi»...
V Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşany we şygary tassyklanyldy
2026-njy ýylyň 18 ― 24-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde Paraaziýa oýunlary geçiriler.
Ýaryşyň guramaçylyk topary ýakynda onuň resmi nyşanyny we şygaryny tassyklady. Oýunlaryň şygary «Bir ýürege derman boluň!» diýlen jümle bolar. Paraaziýa oýunlarynyň resmi nyşanyny bolsa habarymyz bilen ugurdaş ýerleşdirilen suratda görýä...
Ronaldu Dubaýdan göçme mülk satyn aldy
«Al-Nassryň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Birleşen Arap Emirliklerinden özüne göçme mülk satyn aldy. Bu mülk Dubaý şäherindäki «Milliarderler adasynda» ýerleşýär.
Ozaldan işlenip taýýarlanylan düzgünnama laýyklykda, bu mülk öňümizdäki bir ýylyň dowamynda portugaliýaly hüjümçä degişli bolar. Onuň bahasy mälim edilmedi, ýöne onlarça million ýer...
Sadio Mane dogduk obasyna üçünji uly sowgadyny hem bagyşlady
Ýakynda Senegalyň Bambali obasynda täze stadion açyldy. Ol «Al-Nassryň» hüjümçisi Sadio Maneniň serişdeleriniň hasabyna guruldy.
Täze stadionyň açylyş dabarasyna hüjümçiniň hut özi gatnaşdy. Sadio mundan ozal dogduk obasynda hassahana bilen mekdep hem gurdurypdy.
Mane 13-nji ýanwarda Kot-d’Iwuarda başlanjak Afrika kubogyna gatnaşmak ü...