Jorj Kleýson
Pul gazanmagyň ýönekeý kanunlaryny bilýän adamlaryň puly hiç haçan tükenmeýär
1. Gapjygyňyzy dolduryp başlaň.
2. Çykdajylaryňyzy hasaplaň.
3. Altynyňyzy köpelmäge mejbur ediň.
4. Tygşytlanyňyzy ýitgilerden goraň.
5. Serişdäňizi jaýa goýuň.
6. Geljekdäki girdejileriňizi ýola goýuň.
7. Mümkinçilikleriňizi we gazanjyňyzy artdyryň.
Sözbaşy
Halkyň gülläp ösmegi her bir adamyň şahsy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna, maddy baýlygynyň artmagyna baglydyr. Bu kitap nädip baýlyk gazanmalydygyny gürrüň berýär.
Üstünlik — bu biziň yhlasymyzyň hem-de ukyp-başarnygymyzyň netijesi. Biz haçan-da, hereket etmäge taýýar bolanymyzda üstünlige ýetip bileris. Hereketlerimiziň akylymyza görä bolýandygyny, pikirlenişimize esaslanýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Biziň hereketlerimiz hiç haçan pikirlerimizden akylly bolmaz.
Bu kitap ýuka gapjyklary galňatmaga niýetlenip ýazyldy. Kitabyň maksady, baý bolmak isleýän adamlara maliýe meseleleriniň merkezine seretmäge kömek etmekden ybarat. Kitap size pul gazanmagy, tygşytlamagy we olary täze pullary gazanmak üçin nähili ulanmalydygyny öwreder.
Biz siz bilen häzirki wagtda-da bütin dünýäde ykrar edilen we ulanylýan esasy maliýe ýörelgeleriniň dörän «sallançagy» bolan gadymy Wawilona gaýybana syýahat ederis.
Kitabyň awtory täze okyjylaryna, eýýäm bu kitaby okap, üstünlik gazanan adamlar ýaly, bank hasaplarynyň dolmagyny, täze maliýe üstünliklerini we çylşyrymly maliýe meselelerini çözmekde kitabyň itergi bermegini tüýs ýürekden arzuw edýär.
Şeýle-de awtor pursatdan peýdalanyp, bu kitaby dostlaryna, maşgalasyna we kärdeşlerine okamagy maslahat beren telekeçilere hoşallygyny bildirýär. Bu kitapda beýan edilen ýörelgeleri tejribede ulanyp, ep-esli girdeji, üstünlik gazanan adamlaryň pikirleri has-da gymmatly.
Wawilon puluň gymmatyny bilýän, ygtybarly we subut edilen maliýe ýörelgelerini ulanan, puldan nädip pul gazanyp bolýandygyny bilen ilatynyň kömegi bilen gadymy dünýäniň iň baý şäherine öwrülipdi. Olar biziň her birimiziň isleýän zadymyzy: geljekde durnukly girdeji almagy öwrenipdirler.
(Dowamy bar)
Terjime eden: Arslan Alaýew.
Biznes we motiwasiýa
Pul gazanmagyň ýönekeý kanunlaryny bilýän adamlaryň puly hiç haçan tükenmeýär
-
kwazimoda
3 years ago
- Puly zahmet çekip gazanmaly
-
Dowsypat00
3 years ago
- Bar bolsa goy yzyny.Okap goreli.
Esasy zat zahmet cekip pul tapmak dal.Esasy zat tapan puluny netijeli ulanmakda.Natijesiz pul sowsan omur boyy zahmet ceksenem artdyranja zadyn bolonok kwazimoda!
-
kwazimoda
3 years ago
- Darkray_ft.Rahym_Amanmyradow_ft_Begmyrat_Kõmekow_-_Gõni õylenjek
-
zumerchi
3 years ago
- Arslan Alayew, Wawilonyn in bay adamy kitaby dalmi shu!?
-
Arslanalayew
3 years ago
- howa edil özi
Arslanalayew 3 years ago- Täze kitapdan bölek kitabyň doly görnüşini okamak isleýänler teswir galdyryň