Eşeklimi, düýelimi, atlymy,
Pişeklimi, pişeksizmi, pyýada...
Hemmesin bir demde bilmersiň aýdyp,
Günüň deň ýarysy geçip-geçmänkä,
Bazara gidenler gelerdi gaýdyp.
Boýunlary sapak ýaly bezzatlar,
Olaryň öňünde tutuş bir goşun.
Sesýetim meýdandan durup nyzama,
Taýýarlyk görerler almaga daşyn.
-Kakam gelýär- diýip gygyrýar biri,
Biz oňa sargadyk künjüli halwa.
Ejeme täzeje çit köýnek bilen,
Jigim ikimize bir gyzyl alma.
-Agam gelýär-diýip gygyrýar biri,
Men oňa sargapdym owadan çeňňek.
Eger-de şol çeňňek getirlen bolsa,
Shu ýerden gönüläp Şaýaba eňjek.
Menem noker bu goşunyň içinde,
Hiç kimseden gaýra durman, elbetde,
Gygyrardym:"Gelýärler-ä, gelýärler...",
Emma welin gygyrardym bir çetde.
Halyl Kulyýew
5nji synpda mugallym:" Ýatlamak hökman däl. Labyzly okap berseňiz boldy" diýse-de , ýatlapdym shu goşguny. Häzirem iň gowy görýän goşgym.
1946
-
LadaKalina.
3 years ago
- sagbola klasda$
-
zumerchi
3 years ago
- Halil Kulyyew bizin zyom)
-
Manikarnika
3 years ago
- LadaKalina bash ustune
-
Manikarnika
3 years ago
- Zumerchi
Lebap wel.nyn Darganata etr.da 1936-njy yylyn 7nji sentyabrynda dogulyar
-
zumerchi
3 years ago
- 👍👍👍Manikarnika!
-
Tiko
3 years ago
- 👍👍👍👍
Гость 3 years ago- Emma welin gygyrardym bir çetde.
😢