Kemsinme, ezizim,
Kemsinme asla,
Geýýän geýimleriň sadalygyna.
Seni söýgim bilen bagryma basýan,
Melul men gözleriň jadylygyna.
Kemsinme, ezizim, durmuşda häli
Meň kärim utulmak,
Utup bilemok
Hem käbir işewür adamlar ýaly,
Arzan alyp, gymmat satyp bilemok.
Kemsinme, ezizim, berme gama ýan,
Ir-giç seniň sargydyňy bitirin.
Häzir men bergimi üzmäge barýan,
Soň saňa köýneklik mata getirin.
Maňlaýdan der saçyp,
Dilden dür saçyp,
Işleýärin, baýlygym ýok, pulum ýok.
Ýöne men bir zady aýdaýyn açyk:
Meniň senden başga söýýän gülüm ýok.
Men seni söýýärin,
Söýýärin, ýöne
Söýgi köýnek ýaly geýilýän däldir.
Geýnüwli gelinler, Aý dek gelinler,
Belki, seniň ýaly söýülýän däldir.
Jumanazar ANNAORAZOW
“KEMSINME, EZIZIM...”
-
soho
3 years ago
- çozdu:lay, kimka bu shahyr?
-
Pegas
3 years ago
- @soho, goşgulary az. TDU-da mugallym bolmaly. Taryhçy.
-
kwazimoda
3 years ago
- Drug gowumy. Nomerine sms yazdym jogaplamadynla
-
Pegas
3 years ago
- @kwazimoda, şükür. Maňa SMS gelmedi.
-
ETIKA
3 years ago
- @Soho menin mugallymym uniwerde gaty zehinli mug
-
ETIKA
3 years ago
- @Pega sonam ady Jumanazar dal Jumadurdy bolmaly
-
kwazimoda
3 years ago
- Bah.
Nama hayran galanyna sorap yazypdym arasynda
-
yyldyz.
3 years ago
- Hak aydypdyr ana ana
-
Korolewa
3 years ago
- Yyldyz , goshulyan)
Black Wolf 3 years ago- ++++++