Salam talyplar.com agzalary men bu soragy köpden bäri soraýyn diýip ýördüm. Meniň bir dostum bar, ol bir gyzy gaty halady. Ol gyzam dostumyň klasdaşy. Ýöne bu hem kinolardaky ýaly aýdyp bilmän gezip ýör. Ol gyza söz aýdan mahalynda, gyz hem sözüni almasa diýip gorkup ýör.
Gyz hem örän agras, ulumsy, owadanja gyz. Mundan öň 10-a golaý oglan söz aýtdy, hiçisini hem almady. Gaýtam ol oglanlaryň ýüzüni alyp göýberdi. Meň dostum hem gyza söz aýdan mahalynda şeýle bolar öýdüp gorkýar. Belki aýdyp bilmän bu soňkuja ýylyny hem geçirer. Ol gyz hem dostumy erbet görenok, dost ýaly mekdepdede.
Indi men hem bu söýgüň bular ýaly gutarmagyny islämmok, ol dostuma kömek edesim gelýär. Men oňa mekdep başlaýança aýtsaňa aýdýaň, aýtmasaňam özüm seň ýeriňe aýdyp berýän diýdim. Ol hem özüm mekdep başlasa aýtjak diýýä, ýöne meni howlukdyrma diýýä. Bilýän ony howlukdyrmasam hiç hili aýdyp bilmän gezer, sebäbi 3ýyl bäri şeýdip gelýär, aýtjak diýp utanyp ýör.
Indi size sorag
1. Nädip aýtmaly?
a) ýüzüne aýtmaly
b) hat ýazmaly
ç) birine aýtdyrmaly
2.Başgada nähili pikirleriňiz bar bolsa aýdaýyň?
Kömegiňiz gerekdidä!
-
Wrestling
3 years ago
- @Pegas! ýüzüne aýtsaň şol wagta "bolýa" diýmezmikä diýýän
-
Pegas
3 years ago
- Söz aýdan badyňa "bolýa" diýen gyzy özüňem isläp durmarsyň-la)
-
Wrestling
3 years ago
- Hawo onyňam dogry
-
Mister X
3 years ago
- Hat yazsyn
-
Wrestling
3 years ago
- Hany başga nähili pikirler bar?
-
Mister X
3 years ago
- Hat yazsyn diyenimiñ sebabi yuzbe yuz utanyp aydyp bilmejek sozlerini hatda beyan etmek ansat bolyar
-
@Resul
3 years ago
- Jañ at diýäýsenay.
-
Wrestling
3 years ago
- @Mister X hat ýazsaňam erbet däl
@Resul Ol gyz tel ulananoga, maşgalasy berk saklaýa
-
kwazimoda
3 years ago
- @wrestling menin pikirim b.ça ozi aytsa gowy bolya>Menem gyz birinin usti bn aydylmagyny halamok olam belki seyledir
-
Dogrudawalla
3 years ago
- Yuzune aytmaly yone goni jogap soramaly dal, yok diyjek bolsa, goni yok diyme diyme pikirlen diymeli. Ozem hakyky bolsy yaly aytmaly onden diyip bilman yordum zat diyen bolup dinletmelda
-
Wrestling
3 years ago
- @kwazimoda meňem pikirim şeýle
@Dogrudawalla şarpyk çalyp uraýsa näme?
-
Dogrudawalla
3 years ago
- Yuzuni yzyrakda saklamaly. Aralyk 2metr bolmala buwagt.
-
Wrestling
3 years ago
- @Dogrudawalla 😂😂😂 seň maslahatyň iň gowusy
-
kwazimoda
3 years ago
- @Wrestling 🙂
-
LadaKalina.
3 years ago
- hakyky ynanmasy kyn wariant,
ol gyz owadan we 04 bolsa hokman gullukdan gelen 2001 oglan halasyany bardyr bilyanem dalsin, bizem bilemzokduk
-
LadaKalina.
3 years ago
- 11 synpa çenli zat aydyp bilmedik bolsa meñ pikirimçe gaty gija galandyr
hazirki 11 synp oglanlar 8 9 synp gyzlary garasdyrp gulluga gityaler bu duzgun mydama gaytalanyar
-
Wrestling
3 years ago
- LadaKalina ýok ol gyzy men gowy tanaýan, hiç hili gürleşýäni ýok
-
kwazimoda
3 years ago
- @wrestling duynki aydysym yaly her kimin bileni icinde
Pegas 3 years ago- Gönümel ýüzüne aýtmaly, eger gaýrat bolsa)