Biziň Döwletimiz bolan Beýik Seljuk Döwleti (BSD) 1194-nji ýylda dagady. Köp kişi BSD-niň uruşlar sebäpli dagalanyny aýtsada aslynda agzalalyk sebäpli dagandyr. Bilşimiz ýaly agzalalyk diňe göwünleri däl, uly imperiýalary hem ýykýar eken. Seljuk tagtyna laýyk görüljek Soltanlaryň arasyndaky tagt söweşi Seljuk Döwletiniň soňuny getirendir. Soltan Sanjaryň Berkýaruk döwründe Merwi Seljuklardan bitarap etmesi, Berkýarugyň diňe ýegenleri daýylary bilen urşyp tagty bermejek bolşy bularyň iň uly subutnamasydyr. Gara Hytaýlylar bu zatlardan peýdalanyp Soltan Sanjary uruşda ýeňendir we Seljuklar esasy urujy güýjüni ýitirendir. Bulam Soltan Sanjaryň az wagtdan ölümi bilen tamamlanyp yurt taryh sahnalaryna garaşyp gitjekdi
Seljuk imperiýasy näme üçin ýykyldy ?
-
Pegas
3 years ago
- Hiç imperiýa hem uzaga gidenok.
-
Nazarhann
3 years ago
- Ay bolman uly imperiyan dushmanlary az bolmaza
-
Jeksparro
3 years ago
- @Pegas, Osmanly imperiýa 620 ýyl ýaşady.
-
Pegas
3 years ago
- @Jeksparro, taryh üçin hiç zat ol möhlet.
-
Nazarhann
3 years ago
- "Hiç imperiýa hem uzaga gidenok."
King imperiýasy 2123 ýyl taryh sahnasynda galyp iň uzyn wagtlap galan imperiýa. Pegas gözläp teswir yazaý
-
Nazarhann
3 years ago
- "Osmanly imperiýa 620 ýyl ýaşady."
Ondanam uly iki sany imperiýa bar
-
Jeksparro
3 years ago
- @Pegas, bir döwleti 1-2 asyr ýaşatmak hem az zat däl. Uly mertebe bolandyr şol eýýamlar üçin.
-
Nazarhann
3 years ago
- "taryh üçin hiç zat ol möhlet"
Taryh üçin her bir sekundam wajypdyr. Eýnşteýnin atomy parçalan sekundy hem taryh, Çingiz hanyň ölen iň soňky sekundy hem taryh
-
Jeksparro
3 years ago
- @Nazarhan, olaryň seň oýun dälmaý!? 😁
-
Nazarhann
3 years ago
- Düşünmedim ?!
-
Pegas
3 years ago
- King imperiýasy barada birinji gezek eşidýän. Google hem diňe oýun çykardy.
-
Nazarhann
3 years ago
- Qing, Ouingt, Òinği, Kiņğo, Ging yaly sözlerem diýilýär. Türkmençesi King diýäýdim. Iň uzyn wagt galan imperiýa dp ýazyp göräý. Bolman Türkmen mediýasynda olar ýaly zat barmy :)
-
Nazarhann
3 years ago
- https://www.google.com/amp/s/www.sozcu.com.tr/2015/gunun-icinden/tarihte-en-uzun-sure-hukum-surmus-5-onemli-imparatorluk-953608/amp/
Çeşme
-
Nazarhann
3 years ago
- https://www.google.com/amp/s/blog.obilet.com/dunyanin-en-uzun-sure-hukum-suren-5-imparatorlugu/
Çeşme
-
Реалист01
3 years ago
- Bizä Beýik Seljuk imperiýasynyň ýykylan ýylyny 1157ý diýip bilýäris.Sen her gezek hem bir türk taryhsumagynyň makalasyny okap,birzatlar ýazyp goýberýäň:-)
-
.Leyla
3 years ago
- Gurply döwlet däbiniň bolmazlygy sebäpli.
-
Black Wolf
3 years ago
- Seljuk imperyasynynam icinde talyplardakylar yaly haramzadalar bolupdur sholar sebapli yykylypdyr
Jeksparro 3 years ago- Şu Seljukly Döwletini ýykan içki uruşlardyr welin esasy ýykgynlyk melgun Hasan Sabbahyň goşuny Batynydlaryň (häzirki döwrüň dilinde aýtsak Terroristler, Wähhäbistler) içki ýykgynçylygy döwleti ysgyndan gaçyrýar we döwletiň agzalalygynda şolaryň eli bar diýilip hasap edilýär...