Ýewropaly bir gyz bar diýeliň.Ol dogulandan ateistleriň arasynda doguldy.Ene-atasy,dogan-garyndaşy,tutuş tanyş-bilişi ateistdi.Aňy bekäp başlandan oňa "Hudaý ýok"-diýip öwredip başladylar.Gyz şol terbiýe boýunça ulalyp başlady.15-16 ýaşyndan başlap dostlary bilen otuluşyklar gurnady.Oturuşyklarda doslary bilen arkak içdi,çilim çekdi,oglan doslary bilen jynsy gatnaşykda boldy.Aý garaz dostlarynyň edenini etdi.17 ýaşynda-da tarpa-taýyn ýogaldy.Sorag:17 ýyllyk nädogry durmuşy üçin,şol gyzy ebedi dowzahda ýakmaklyk dogrumy?Ebedi azaba duçar ediljek bolsa,şol adam dünýä inenden inmedigi gowy dälmi?Mysal üçin:Maňa 50 ýyl ömür berildi diýeli.Adam bolsaň günä işlerden saklanyp bolýarmy?Birde saklansaň,birde saklanyp bolonok.Şol günälerim üçin 5000 ýyl dowzahda ýanmaly bolsam,maňa 50 ýyl ýaşandan ne peýda?Maňa:"Seni dünýä indireli,50 ýyl ömür bereli,ýöne ölenden soň ebedi dowzahda ýanmaly bolýaň"-diýseler,men şol 50 ýyl ömür gerek däl diýerdim.Ozalam dünýä inýänçäm näçe müň ýyl hiç zady bilman ýatdym,otda ýanandan ebedi bilmän ýatanym gowy diýerdim.Uzak ýyllar otda azap çekip ýatandan,azapsyz hiç zady bilman ýatanyň gowy dälmi eýsem?
Adam ata şeýtan tarapyndan aldanyp jennetden kowuldy diýilýär.Hudaý şeýtanyň Adam atany aldajagyny öňünden bilip,şeýtana garşy çäre görmedik bolsa,onda Adam atada näme günä?Adam ata şeýtana aldanan bolsa onda,Adam ata-da ýene güna ýok.Sebäbi Hudaý ony şeýtana aldanar ýaly edip ýaradan.Eger Hudaý Adam atany şeýtana aldanmaz ýaly ýaradan bolanda,onda adam şeýtana aldanmazdy,ony jennetden kowmaga sebäbem bolmazdy.
Aý garaz logiki tarapdan oýlap görseň dogry diýip hasap edip boljak zadyň özi ýok dünýäde.Şol sebäplem adamlar biri-biri bilen dawalaşyp bir pikire gelmän gezýärler.Bir zat anyk.Pikir bar ýerde oňa garşy antipikir hemişe-de bolýar.Anyk bolmaýan zat,bir-birine gapma-garşy pikirler hiç wagtam çözümän galyberýär.
Men ateist däl,men musulman.Ýöne "hemmeler uýup ýörä"-diýip,köre-kör bir zada uýup ýörmegem akyllylykdan däl.Öz uýup ýören zadyňa azda-kände akyl ýetirmäge synanyşmak erbetlik bolýan bolsa,onda men erbet adam.Ýokardaky ýazgylaram meniň logiki tarapdan pikirlenip akyl ýetirip bilmeýän pikirlerim.Hemmeler owadan ýazmany bilýärler ýöne 100% nyşana urup bilýäni ýok.Bir jogap özi bilen ýene100 soragy döredip dur.
Adam bir zat ýasaýar.Şol ýasan zadyny synap görüp bilmese,ol adam onuň kemçililerini bilmeýär.Eger adam öz ýasan zadynyň kemçiliksizdigine 100% däl 500% gözi ýetýän bolsa,ony synamaga ne hajat?
Hudaý öz ýaradan bendesiniň kemçiligi we kemçiliksiz taraplaryny bilip durubam,ony synamagynda many barmy?Adamy kösäp ýörmezden gowy adamy jennete ugradyp,erbet adamy ebedi otda ýakmazdan,ony hiç wagt ýaratmadygyň gowy dälmi?!
.......
-
Khanture
3 years ago
- kitapcy.com saytynda Dark wolf bolmaly. Shol agza Tereddut diyen kitaby mowzuk edip paylashya. Okamagy maslahat beryan
-
Dowsypat00
3 years ago
- Men owadan sözler bilen uzyndan-uzyn düşündirilişinden,gysgaça hem sada düşündirilişini gowy görýän.
-
Khanture
3 years ago
- Gysgaça hem sada düşündirilende ýenede siwallar döreýär. Bu seniň uzyn bir teksti okama ýaltanyp edýän bahanaň :))))))
-
Khanture
3 years ago
- *sowallar
-
Panturkist
3 years ago
- 1- Başdaky soragyňa meňzeş şu soragam sorap bileris; Egerde sen Şwesiýada bir hristiýan şwed maşgalasynda dogulan bolsaň ýene-de musulman bolardyňmy?
Siziň dogýan maşgalaňyz siziň diniňizi kesgitleýär. Eger siz Konýada bir türk maşgalasynda dogulan bolsaňyz musulman borduňyz, eger siz Delide bir hindu maşgalasynda dogulan bolsaňyz hindu bolardyňyz, Tel Awiwde bir ýewreý maşgalada dogulan bolsaňyz ýehuda bordyňyz.
2- Allah hemme zady öňünden bilýär, Adam atany ýaradanda onyň öeýtanyň gpine gidip günä işlär ýaly edip ýaratdy, ýagny ýaradan adamynyň şeýtana ynanjagyny entäk ýasamanka-da bilýärdi. Ýasady we soňam ony jezalandyrdy. Bu adalatsyzlyk dälmi?
-
Pegas
3 years ago
- Meňem kellämde ýaşaýan sowallar şular. Awtora minnetdarlyk bildirýän. Ýöne käbirleri ýaly, bu teswirim meň ateistligimi aňladýan däldir. Allaha şirk hem ýetirjek bolamok. Men diňe düşünmek isleýän. Dinimizi dogry tanamak isleýän.
-
maksat00
3 years ago
- 2- Allah hemme zady öňünden bilýär, Adam atany ýaradanda onyň öeýtanyň gpine gidip günä işlär ýaly edip ýaratdy, ýagny ýaradan adamynyň şeýtana ynanjagyny entäk ýasamanka-da bilýärdi. Ýasady we soňam ony jezalandyrdy. Bu adalatsyzlyk dälmi?
@Panturkist, Allah Adam atany ýaratmanka şeýtanyñ gepine gidip gūnä iş etjegini bilýär. Erk-ygtyýary Adam atanyn özūne berensoñ, şol erbetligi özi saýlap alýar, we adam nesliniñ bu dūnýäge synag un gelmegine sebäp bolýar.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Mendenem bet meselem:
Wonderfull, sen ozunde mysal getirjek, onunden sorry!
Aydaly, sen oyune tarap koche bilen yorap gelyan. Yzyndan bir adam gelyar-de sana esgi (hasa, mata bolegi) ysgadyp ozunden gidiryar. Senem ozunden giden adam, hich zatdan hanaryn yok.
Seni 3 sany erkek kishi bolup 3 sagat zorlayarlar, ukudan achylmankan yene onki yere eltip, adam yok yerde skameykada oturdyp gidyarler. Oyandyn, gozuni achdyn, ozunde uytgeshme bolanyny bildin, indi sen shuna name diyjek?
1. Yazgytmy?
2. Manlaymy?
3. Nesibemi?
Saylaw senki.
24.06.2021, 19:43
-
Ahmedik_97
3 years ago
- *Senem ozunden giden adam, hich zatdan habaryn yok.
Bolmaly.
Khanture 3 years ago- Pygambering sozuni esitmedik, kurandan habarsyz adamy Allah dowzahda jezalamaz. Emma esidip yzarlanyp dini owrenmese onda dowzahda yanybersin. Gurhanda bir ayadam bar shuna menzesh. Pygamber iberilmedik kowumlar jezalanmaz diyen yalyda.