TELEPATIÝA



Gomel atly Belarus şäherinde tomaşaçylary haýran galdyryp durka, şol ýerden ýaşyl geýnüwli iki esger salona girip teatr sahnasynyň gutarandygyny aýdýarlar.
Sahnanyň ''ýyldyzyny'', telepatiýa mugallymy Wolf Messinge daşarda garaşyp durdylar. Ony maşyna mündiräge-de alyp gidýärler. Staliniň diktaturasynyň astynda dolandyrylýan Sowetler şol wagtlar (1940) režimiň bulaşan döwürlerini başyndan geçirýärdi (?), adamlaryň tutuşlaýyn diýen ýaly tussag edilen we Sibiriýa sürülen döwürleridi. Bu syrly Ýahudy Stalin bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny şeýleräk görnüşde beýan edýär:
''Öň görmedik-bilmedigim bir ýere getirdiler. Soňundan düşündim Myhmanhana (hotel) otagy eken. Ol ýerde meni ýeke özümi goýup gitdiler. Soň bolsa ýene başga bir ýere äkitdiler we ýene başga bir otaga saldylar. Murtlak bir adam geldi. Salamlaşdy. Ony şol gören wagtym tanadym we jogabyny berdim...''
Tanyşlykdan soňra täsirlenen Stalin Wolf Messingiň telepatiýa we telkinlik ugurlaryny barlap görýär we oňa ynam bildireninden soň oňa wezipe berýär. Messing öz tejribeler kitabynda şeýle diýýär: ''Arassaja kagyz bölejigi bilen Merkezi Bankdan 100. 000 rubl almalydym. Ýöne bular ýaly zada çemeleşmegimiň soňy betbagtçylyga uçradyp biljekdi.
Weznedara geldim we okuw depderinden goparylan bir sahypany alyp uzatdym. Kiçiräk gapyny aýdym we bankyň öňünde goýdum. Ýaşuly witrinar kagyza seretdi we kassany açdy. Ýüz müň rubly sanamaga durdy. Kagyz bölejigini bilet hökmünde görmegini, otlyda bilet ýygnaýan biriniň hyýalyna salyşym ýaly aňsatdy bu iş meň üçin... Hiç kynçylyk däldi bu meň üçin...
Başga bir wezipäm bolsa, örän uly goragly, uly jaýlaryň birinde bolýan bir wezipeli adamynyň otagyna girmelidim.
Giriş kartymam ýokdy. Bu tejribänem doly ýerine ýetirmegi başardym.
Wolf Messingiň politika we tejribeler dünýäsinden täsirlenen dostlary kändi. Hawa bu şeýle...Paranormal güýçleriniň dabarasy dag aşandy. Mahatma Gandi, Eýnşteýn, Freud, Stalin ýaly adamlar tarapyndan test edilen we subut edilendi.
Bu bolup geçen zatlaryň hemmesi dogrudy. Messingiň adatdan daşary ukyplaryny ilkinji gezek ''Ylym we Din'' atly meşhur gazetde neşir edilen awtobiýografiýadan öwrendik.
Paranormal ukyp başarnygynyň başlangyjy Messingiň çagalyk döwründe bolup geçipdir. Ol heniz 11 ýaşyndaka biletsiz-zatsyz otla münýär we konduktora kagyz bölejigini uzadýar. Şonda ol hakykatdanam geň galýar.
Ol ilki otlyda gelýärkä ''Bilet çöpleýänçä näme diýerkäm'' diýip oturylýan sdeniýanyň aşagyna girýär. Oturylýan sdeniýalaryň aşagynda ýolagçylaryň çemodanlary, çuwallary we ş.m. zatlar hem bardy. Şeýdip bilet çöpleýän sdeniýanyň aşagyna egilip meniň bukulýandygymy bildi''. W. Messing şeýle diýýär: ''Ol ses integem gulagymdan çykanok, ''Bilediňiz barmy?'' Gaharym geldi we ýerde ýatan bir gazet bölejigini aldym we bilet toplaýança uzatdym. Gözlerimiz çaknyşdy. Beýnim we bütin wujudym bu kagyz bölejigini bilet hökmünde kabul edilmegini isledi. Bilet toplaýançy kagyzy eline aldy, terslin-oňlyn öwürişdirip seretdi. Örän ýerliklilik bilen kagyz bölejigini bilet hökmünde kabul edilmegini islän men rahatlanyp özümi dürsedim. Bilet toplaýan kagyz bölejigini barlag enjamyndan geçirip soňra ýüzümi fonarik ýagtylygy bilen aýdyňlatdy. Bilet çopleýänçi bir hili haýran galdy: sebäbi kiçijik çaga biletli zatly bolubam sdeniýanyň aşagynda syýahat edýärdi...''
Messingiň adatdan daşary ukyplaryny nähili şekilde açyklap bilerkäk?
Parapsihologiýa bilen meşgullanýan gözegçileriň aýtmaklaryna görä Messingiň gipnozçylyk we gözbagçylyk ygtyýarlary bardy. Şo zatlaryň ýany bilen ýene güýçli telepatik ukybyna hem eýedi.
Gipnotik ýagdaýa getirjek bolýan adamsyny sözi, diňledijilik bilen däl, düşünjesi we görnüşi gözlegleri bilen täsir ederdi.
''Syrly ýahudy'' öz başarnygynyň şeýle görnüşde açyklaýar. ''Bu işiň özi şeýleräk, başgalaryň arzuw-hyýallaryny bilmesem-de şolaryň hyýallaryny öz arzuw-hyýallarym ýaly duýýaryn.
Onuň (kimdir biriniň) duýgulary mende bir duýgy ýaly bolup içimde döreýär. Eger garşydaşyň suw içmek isleýändigini düşünýän bolsa menem suwsaýanlygymy duýýaryn. Eger ol bir pişijegi ogşasy gelýändigini düşünýän bolsa, menem elime myýmyk, ýumşak jandary elimde ýaly duýýaryn... Nätanyş pikir kellämde öz düşünjäm ýaly döreýär...''
Messing meniň pikirimçe ýaşap geçen iň uly telkin ussadydy.
Uzakdan telkin metoduny başarnygy bilen tanalan Şwessariýaly lukman Freddie Uzllimanndyr. 1985-nji ýylda ZDF kanalynyň kameralarynyň öňünde özüne fotograflary görkezen we syrkawly ýagdaýlary görkezilen dört syrkawdan üç sansyny 500 km uzaklykdan birnäçe seansyň içinde sagaltmagy başardy. Bu alym ekerana tomaşa edip oturanlaryň öňünde uzakdan telkin emelini ulanypdy.
Telepatiýa bilen baglanyşykly gözleg gözegçileriniň dykgatyny çeken ýene bir waka ''Nowosti VMF'' atly Sowet gazetinde 1967-nji ýylda çykan ýazgyda habar berilmegine görä Kosmonawtlaryň taýýarlanylýan programmalaryna parapsihologiýany öz içine alýan adamlar belli edilýär. Älem gämisinde orun alan kosmonawtlaryň öz aralarynda we ýer ýüzünde saýlanylyp seçilen kişiler bilen telepatik baglanyşygy şeýleräk ýagdaýda, ýagny gat-gat ýokarda-da bolýandygy çaklanylýar.
Kaliforniýa, San Diego, parapsihologik usulynyň baştutany Russiýalylardan alan maglumatyna görä uzakdan bellenilmedik ýerlerde duýmak we bilmekligiň aňryýany gipnoz tejribeleri başaryp bolýandygyny aýdýar.
Synanyşyp görmeler netijesinde başga bir aragatnaşygyň wakalarynyň çäkli bolan Älem ýaly aralyklara telepatik baglanyşygyň hem bolup biljekdigi ýaly zatlar hakykatdyr.



PARANORMAL FENOMEN
''SINIR ÖTESİ YAYINLARI''
Sentýabr 2010

Renan SEÇKIN

Bilim, Jeksparro tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir