Häzirki wagtda telefonlardaky "Google maps" programmasy hemmeler üçin elýeterli.Içine girip gözletseň,öýüň gapdalyna döken bir maşyn daşyňa çenli ýokardan görmek bolýar.Gps-i işledip şäheriň içinden islendik ýeriňi arkaýyn tapyp barsa bolýar.Gerek bolsa barjak ýeriň näçe kilometrdiginem anyklap bolýar.Ylymyň şol derejede ösüp barýanyny öz gözümiz bilen görüp duran wagtymyz,täsinden-täsin teoriýalary tapyp,adamlaryň aňyny bulaşdyrmaga synanyşýaňyz.Tekiz ýerçiler Google mapsa meňzeş bir programnany döredip bilerlermi?Meniň pikrimçe ýok.Ony döretmek üçin takyk we anyk ölçegler gerek.Oňa meňzeş programma oýlap tapanlary bilenem Gps satyp goýardy.Ýalňyş kartany gpsem takyk görkezmeýär. Tekiz ýerçiler adamlary ýaňy bir ynandyryp başlaýarlar welin,ters köçelere alyp girýärler.Mysal üçin:Güni asmana emeli usulda galdyranmyşlar ýa-da günüň tempraturasy +10+15° eken.Onsoňam ylym bizi näme üçin aldasyn?Aldamakdan olara çigit ýaly peýda ýok.Biz şol ylyma "ýalan" diýip otursak,biz oturan ýerimizde oturup galyberýäs.Biz häzirem ösen ýurtlardan yzda galýarys,iň bolmanda bir yzyna eýermage synanyşjak bolmaly.Biz bärde ýeriň üstünde jedelleşýän wagtymyz,ösen ýurtlarda ýaşlar inawatsion tehonologiýalaryň üstünde kelle döwýär.Biz diňe jedelleşmäni we sögüşmäni oňarýas.Üsti-üstüne gybatam ýatdan çykarmaly däl.Şonuň üçin bizde NASA ýok,Hollywood ýok,dünýä derejesinde güýçli futbol komanda ýok.
.......
-
aynura
3 years ago
- brawo, döwüp ýazypsyň mlds. häzirki ýaşlaň köpüsi biderek, şeýle çagany dogurandan dogurmanyň gowy. ýa ene atalary hiç hili terbiýe berenok şulara. daş etsin allam. beterinden saklasyn. ýöne ýurdumyzda urş ýok atyşma zat ýok şoňa şükür. daşary ýurtlarda haçan atylyp öljegiň belli däl. ýurdumyz asuda parahat.
-
GaRa_TmyN
3 years ago
- Google maps hiç hili kella de gelmandir...... tekiz yerçiler çyndanam hacanam bolsa bir wagt seyle prog yasap bilerlermika? :-P
-
Paris
3 years ago
- Ooha
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Wah Khanture agza bulasdyrya kellani
Uzaga gitmäli goňşy ýurt Özbegistandan mysal alsak näli ösýä esasy ugur IT başga zat.Robot tehnologiýasy tebigaty goramak.A biziň ýaşlar öýünden alyp çykyp köçä zyňýalar.Ekologiýany hapalaýarlar.Mekdepde ýowar geçirilse barjak ýok.Nämemiş men indi çaga däl ýowara barar ýaly diýýä.12-13Ýaşdan ulylaryň 70%i esasy oglanlarda Çilim boldy işi başga hiç zat.
-
yashalym
3 years ago
- Malades. Sana yer tekiz boldy name togalak boldy name. Thnologiyany owren. Yerin ustundaki gowulyklardan lezzet almany basar. Halal gazanc et hozirini gorun durmusun.
Hali bul tekiz togalak diyip dawalasyan mahluklar. Siz talyplar.com saytyna eliniz degmezdi o dereja baryancanyz. Orta mekdep mugallymlarynyzdan sorasak aydar kimdiginizi.
Acyn tehnologiya osen yurtlaryn gowy yasaysyny. Barde tegelek togalak ya din yazgarmak bn mesgul bolmanda. Masgara bir topar. Hokumet baryp yakandan tutsa bilyan nahili boljagynyzy.
Yada soygi dp yandym bisdim dp arlap yorsuniz. Gazanmany basaramok diyenzok. Name etyanini bilmeyan dalbayob bir topar. Hazirki zatlary gormani owrenmani basaryanyzmy 1000 lerce yylky zadynowrener yaly. Owrenmane synanysanzogam. Yogsa eliniz degmezdi bu sayta girmane. In bolmanda iyjek coregini ozun gazanmany owren.
Yada kopun dasary yurtda bolup bu saytda arlap yorsuniz. Ejeniz kakanyz na gunlik bn size pul ugratya. Gadyrbilmez bos kelleler. Sizin kellanizde semal suwlap dur. Aydara gep taasanyzam "kellan gowy dal" "beyninde kemcilik bar" "illuminat ya musson" masagar bir topar.
-
Ra
3 years ago
- bu zatlary doretmage massonlar pasgel berya diysenizlan 🤔)
yok shu (shol) yashlara mumkincilik doretmeli hokumet, goy hemmeden ozdursynla butin dunyani yalancy cykarsynla :)))
GaRa_TmyN 3 years ago- 👍👏