Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Men hazir UK-da okan bolup yorun welin, barde yashamak hem ansat, hem-de oran kyn bolyar, sebabi, girdeyji we cykdayjylar. Ynha, menin barde goren aylyk cykdayjym, umuman aydanynda sheylerak: 1-Oy puly(kwartirant); 2-Tok puly; 3-suw puly; 4-council tax puly; 5-gaz puly; 6-yol puly; 7-okuw puly; 8-viza puly; 9-iymit puly; 10-geyim-gejim puly; 11-ojuk-bujuk(cilim, arak we sh.m.) 12-tel puly; we sh.m. Munyn jemi aylyk bir talyp/ynsan 1000$ gowrak pul sowmaly bolyar, ishlemesen ya-da bayin gyzyny almasan kyn-da how :) shu yerde oyun edyandirin, gaty gorayman, ya-da sizem oyun edayin:) Yokardaky zatlar we sh.m. zatlar ucin pullar gidyar, shol sebapli-de, tygshytlyja bolmaly! sizin bolyan yerinizde yagday nahilika?! TM-de ha : 1-tok; 2-gaz; 3-suw; 4-duz; 5-gyz (mugt dal-le, yurekden gidyan hazir galyny pikir edip) mugt ya-da gytcylygy yok diyyas welin, bardakilerin gulaklary capak calyp dur, zordan tutup yerli yerinde goyyas-how :)
Ata
-
cendrillon
17 years ago
- fransiyada-da sheylerak,1000 yevro ayina(bir adam uchin) hokman gidya;
kabir zatlary uk-a serende gymmadrak,kabirleri bolsa arzanrak;
su,gaz,elektrik toguny tygshytlyja ulanmasan ayin sonuna syurprizler bolya:)) bir gezek sheyle syurpriz alamson otaglardan chykan vagtymda derrev chyrany ochurip chykyan,hich yadymdan chykmaya;irden ishe chykyp gidemde\"otopleniyelerem\" ochurip gidyan;
yadyma dushya tmda kop oylerde gaz yakyp goyushlary otluchop ekonom etmek uchin:)))
-
Harmandali
17 years ago
- Ata aga salamalik! Bu sizmay?! Arak chilim nireden chykdy?! Ya oyun edyanizmi?!
Bayboooowww onde birinin diyishi yaly “biz onda behishtde yashayan ekenik” :))) Gaz, suw, tok olara tolejek bolsak TM choker onda.
Dashary yurtda shol tolegler bar yone ona yarasha aylyklary hem bar. A TM toleg yok aylygam yok. Aylyk galya zat hem galya. Her yurdyn oz yashayysh rejimy shol yurdyn yagdayyna gora. Garaz her yurdyn oz kanunlary, oz yashayshy, oz udobstwasy, oz hezilligi, kynchylygy.. bar. Natjek bu durmush.
Wiy men Ata agamynkyny gen gorup otyrn weli barde gerre diyip yatanam bar yalyla :)))
-
korpe
17 years ago
- Ata çilim diyyanmi, işdän açyk bolsun...:)
Adamyn naçe çykdayjysy bolsa, şonça-da puluny tygşytly ulanyarmyka diyyan
-
ata
17 years ago
- Harmandäli, jigim, sen geň gördüňmi meň çilim çekenimi :)
a-how, men özüm üçin ýazmadym-a, umumy manyda aýtdym.
Seret, çilimiň paçkasy bärde 5.5 pound, olam 11$ eder, ýagny, 260 müň manat 1 paçka çilim bärde, a men TM-da bir blogyny 4 pound-a alypdym:)Onsoň biliber nähili gadyrlydygyny bärdäki çilim çekýän TM talyplar üçin:)Men-a, Allaha şükür, şol mmerezden uzak şu wagtlar :)
-
ata
17 years ago
- Hä, bir çüýşe piwonyň bahasy 2 pound, manat görnüşinde 100 müň töweregi bolýar ýarym litrlik çüýşesi, araňyzda piwo içbän bar bolsa, UK-ýa gelmesin, ýa-da örän taýýarlykly gelsin :)
-
ata
17 years ago
- beýleki mowzukda-da köpüräk zat ýazypdym öýdýän, gyzyklanýan zatlaryňyz bolsa guk diýiň, ýazyp bereýin :)
-
ata
17 years ago
- Hä, Fransiýada maşynlar naçeräkkä?! Bärde benzin gymmat, maşynlar arzan. Onsoňam, fransiýada 1 adamyň ortaça aýlygy näçeräk bolýar, bärdäkileriňki 1 aýda 1.200-1.500 pound, olam 1500-2100 euro bolýar. Doktorlar zatlar ýyllyk 70.000-100.000 pound hem alýalar, bäý-bä diýmek galýar maňa-ha :)
-
ata
17 years ago
- Körpeje, inim, degişýäsmi?!
Bolsa-da, sen çilim çekýärmiňay?!
Eý, bärde çilim paçkaň üstünde \"Çilim çekmek ynsany ööldürer! (smoking kills)\" ýýazýaram welin, ynsanlaryň piňlerine däl, çekişip ýörler.
Ýene bir zat, bärde hiç bir ýapyk ýerde çilim çekmek bolmaýar, gadagan, jezasy hem gaty uly, türmä çenli gidýär öýdýän, sebäbi, ýörite kanun kabul edilipdi ýakynlarda.
Pahyrjyklar, sowuk howada-da öýlerinden daşaryk çykyp çilim çekişip durýalar kämahal!
TÇ-de bolsa bankdyr döwlet edaralarynda otaglaryň, salonlaryň içinde ullakan harplar bn \"Çilim çekmek gadagan!(Sigara içmek ýasak!)\" diýlip dursa-da, jogapkärleriň özleri (memurlar) şol ýazgynyň aşagynda kükedişip otyrlar:)
Eý, kakamyň çilim çekişi göz öňüme gelip gitdi, gaty zor çekýär-eý, men-ä şony görelde almaly bolaýsam... :)
-
ata
17 years ago
- türkmenoglan, haýt, hany, akyllyja bol :)
meň mowzugymda ol zat näme işleýär :))
-
Farabi
17 years ago
- :) ata aga, öz adyna bir blog acyp asagyna yazybilenini yazypsyn.
-
ata
17 years ago
- Ynan, Parahat, men öz adymy goýandyryn öýdemok, entägem doly öwrenişip bilemok täze sahypaňyz/sahypamyz bn!
2 zat çyrşaň diýlipdir, men hem mowzuk bn baglanyşykly 2 söz ýazdym, asyl, mowzuk adynyň ýerine ulanyjy adymy ýazan oguşýan :)
Eý, häzir täze mowzuk açmaga gorkup otyryn ýene-de şeýle bolaýarmyka diýip, näme etmelay?!
-
serahsi
17 years ago
- cendrillon turkmenler otluchop ekonom etmek uchin gazy achyk goyyalar diyip yalan sozlapsin.(oglan bolan bolsan bashgarak aydardym weli gyz bolyanda)
shon yali zady bashga yerde aytman gayrat edip.
arada mana bir turk shey diydi gaty gaharym,nireden eshitdin diysem bit turkmenden diydi.
ol turkmenlerin zat gormedigini gorkezya.
yone turkmenler eyle dal.
men turkmenistanda wagtym hich vagt chyrany yada gazy achyp goyamok,oydakilere de maslahat beryan.
Yone bir tarapdan size hak beryan,turkmenler kan uns berenok shol zatlara.Sheyle bolsada olar yali ulaltmaly dal.(yalnysh pikir etman oz abrayimiz uchin diyan men)
-
ata
17 years ago
- serahsi, tm-ny alada edýäniň belli welin, hakykaty şu ýerde aýdany üçin birr uýamyza şeý diýjek bolşuň bolanok!
salyhatly ýazgylaryň bar seniň, men-ä saňa ýaraşdyryp bilmedim.
Özümem şaýat şol ýagdaýa, öýde çyralaryň ählisi açyk durandyr, söndürýän welin az salymdan ejemiň:\"Sen söndürdiňmi, oglum, çyrany?!\" diýen sesini eşidýän. Suwlar şäherde çeşmeden(krant) akyp durýar gelen wagty. Gazymyz gijesi-gündüzi bn ýanýar, iň azyndan biri. kämahal farsunkamydyr nämedir, oturylan ýerleri ýagtyltmak üçin ulanylýar kkä ýerlerde, ynha, şu ýagdaýlary bärdäki ulanyjylara, onda-da ýaşy uly bir uýamyza beýle aýtmak gelşiksiz, onda-da seniň ýaly salyhatly agzalara!
Garaz, mylaýym bolmak iň amatlysy, ýogsam, zabuna zabun, merhemede merhemet ýaraşar we netije-de şol bolar, ýagny, netijesizlik ýa-da erbet netije.
Kim näme etse özüne eder, ynha, bulam aýat!
Geliň, agzybir bolalyň, agzybirligi ündäliň!
Maslahatlaşalyň, haýyş edeliň, zulum ýa gara güýç däl!
Şony dilemek bn!
-
ata
17 years ago
- ha-ha-ha :)
men \"aralaryna otur goýup azyndan 2 belgi ýazyň.\" ýerine mowzuga degişli zat ýazan ekenim:)
ol ýerde bolsa :\" ýazanyň ady\" diýip ýalňyş okapdyryn ekenim, diýmek :)
haý, zaluwat, çyndanam, garraýan öýdýän, eý, men derrew öýleneýin, ýogsam, maňa gyz tapylmaz bu ýaşşdan soňra :))
Sagja bol, Parahat!
-
serahsi
17 years ago
- Dogry aydyan ata.
Men biraz agyrrak yazipdyryn
Cendrillo senden otunch sorayan!
Yone shonun yali zat gorsem gaharym gelya,shonun uchin basyberyan.
Gayrat edip turkmenistan barada gurrun chyksa dykgatly geplalin.Esasanam dashary yurtda gepleshseniz.
Olar turkmenistany doly bilenoklar,onson azajyk yalnysh bir zat aytsan olar yalnysh pikir edya.
Ine menin shu yagdaya gaharym gelya.
yenede sorry :)
-
Farabi
17 years ago
haý, zaluwat, çyndanam, garraýan öýdýän, eý, men derrew öýleneýin
ba indi ahtden danayjek bolyanyzmy? men 30 yaşyma çenli öylenjek dal diyipdim welin ata aga kyn zat bolsa aydaweri, ilin arasynda köp gaytalamayyn beyle sözleri :)
-
ata
17 years ago
- Parahat jan, indi meniň, hasap edip otursam, göni 30-yma 2 ýyl 2 aýym galypdyr, olam 28 ýyl-a garaňdda derrew bolaýýarmyka diýipdim-le :)
wiý, senem 30 diýdiňmi, meňkä az galdy, galanynam özüň gör-dä, aňsad-a ddäl, aýratynam, bärrlerde. tç-de hem şeýledir-le?! :))
-
serahsi
17 years ago
- Ay elinde bolsa yash 15em bolsa oylenmelilay.
yone akademiyada galmak howesiniz bolsa garashyn 35e chenli :)
(mena 25i gechirman kakjaklay,tapsam shu towreklerden birini,birini weli olam eyeli ekenohow :))
-
Farabi
17 years ago
- ay bilmedim, men kompyuterini gujaklap ofisden ya-da öyden çykmany yatyan adam bolanson kan bildirip duranok. fakultede gitsem ya-da üytgeşik gözel gabat gelayse gynayar kawagt diyaymesen :)
-
ata
17 years ago
- serahsi,maksadyňa düşündim, men hem gaharlanýan şeýle ýagdaýlarda, ýöne ýolbarrs gören düýeguşyň kellesini ýere sokup, ondan gaçjak bolşyna meňzeýär meniň halym.
Kä şaherlerdäki parlemento binalarynda ölke we prezidenttleri barada maglumat we suratlar bar, ynha, şolar biz aýtmasagam ýazyp çekýäler özleriçe, olaram öwerlik däl. bu diýdigim, her gören daşary ýurtly ynsanlarymyza ülkämizi ýamanlalyň diýdigim däl, başaryp bilsek, gowy taraplaryny aýtmaly. kämahal iş etjek bolýanlar ýagdaýy sorasa, oňatja edip gözleg geçirmeklerini, soňra gitmeklerini aýdýaryn, tm-da goldaw berjek bolmasa, ggidenleriň kän bir haýry hem bolmaz, belki?!
Elbetde, özlerine-de bagly!
garaz, bizem dykgatly bolsak, güldürmesek iň amatlysy, onam hasaba alalyň, elbetde!
-
ata
17 years ago
- ha-ha, ikiňizem ýetişenje pälwanlar, duýgylarymyz möwjeýär diýýääňiz-dä :)
bäh, mende-de bbar-eý, şol duýgylar, basdyryp ýatyrmaly bolýar! Aýratyn bir mowzuk açaýyn-la, bu gezek, enşallah, mowzuk ady dogry bolar, \"ata\" däl :))
serahsi, ol ýerlerde-de tm gözeli barmaý :))
eşidýäs öz-ä :))
-
Harmandali
17 years ago
- Ata aga sizem indi 30 yashayancham diyip garashyp otyrmansana oyleniberin. Gyz tayyn bolsa garashmak nama gerek. Goz onunize getirin 30 yashynyzda oylenseniz son hachan chaganyz bolar hachan olar ulalar hachan oylenerler, hachan olarynam chagajygy bolar garrap gidersinizda. A shu wagt oylenseniz bolsa yenilrajik dusher biraz yash bolsanyz hem.
Yone mena 25-30 aralygy oylenseler bolya diyyan weli yone gyz bar bolsa garashyp otyrman!
-
ata
17 years ago
- :) gyz barlygyny nireden cykardyn-ay, shugunlerde giybatym gidyar, yogsa-da, Agajanyn sahypasyna goydursakmykak menin giybatymy :)
Ey, Agajan, goyayma, akyllyja bol :))
Harmandali, jigim, erkek 1 sozli bolar, 30 diydimmi, 30 :)
Hany, goreli, dayanyp bilyarmikam :))
-
el_mariachi
17 years ago
- ay ata aga menem öylenjek dal diyipdim birwagtlarda
beyle gözel gyzlar baka name üçin diydim özüme:))))))))))
-
diwana
17 years ago
- bah, bu gun name how temalar dolup giden ogushyar. hay, ata agan geleni bildiryar-da. :)
cendrillon turkmenler otluchop ekonom etmek uchin gazy achyk goyyalar diyip yalan sozlapsin.(oglan bolan bolsan bashgarak aydardym weli gyz bolyanda)
serashi
shepam, shol sozi men aydypmyshym-da, hany aytsana shol diyjek zadyny, gyzyklandym. men oglan :)
-
diwana
17 years ago
- kukurt ekonom etmek ucin gaz yakyp goyulyar diyip turklerin arasynda-da yayrapdyr. beyle zat yokdur welin gazyn kukurtdenem arzandygyny gorkezmek ucin diylen zatdyr-da.
kukurt ucin daldir sebabi ol hem mugt diyen yaly bizde. bizde-de acyk goyulyardy gun uzyn. yone meselem gsyhda kuhnya yylasyn diyip shony acyarlar. bir goz elmydama gundiz acyk goyulyar diyen yaly. gije bolsa hokman yapylyar sebabi hernace mugut hem bolsa ynam yok. yone kesilip dur gaz. kesilip sonam yene gelip bir pajygaly yagday bolaymasyn diyip hokman yapylyar gije.
mugut mugut, men baramda pully bolsady diyyan. meselem gaz az kesilenok. tok diyenin dagy dash etsin, shu gidishi bilen bizin toweregimizde ayneksiz adam galmaz. yaman korek, ustesine yone oynap dur. sowadyjylara zada gaty zyyan beryar. kitap okamak kyn ashagynda. suw diysen suwa yogam. her iki gunden dandan iki sagat gelyar, shonda edibilenini edyan, gaplary doldur, kiri yuw. pully bolsun, gowy bolsun diyyan mena gorup.
-
ata
17 years ago
- men gelipdirin, bildiryamay :)
bah, diwana, jigim, sagja bol :)
ay, el degse girmekci indi, ensallah!
-
ata
16 years ago
- barde howalar +6, +9 bolup dur, tm-da -20, -30 lara cykypmysh diyip eshitdim, dunya tersine donyar oydyan :)
azyrak barde-de sowuk bugunler welin, tm-daki bardakin caky dal oydyan?!
-
ata
16 years ago
- mowzugyn adyny \"UK-da(Britaniyada) yashayish shertleri\" diyip uytgetjek bolyan welin, men-a edip bilemok, guyclilerin biri gayrat edip goybersin-le!
-
ata
16 years ago
- parahat, ýokardaky zatlara göz ýetirip ýetişdiňmi ýa irräkmi :)
sagat irden 6:30-larda näme edýäň bu wagt, ýataňokmy sen:)
tel nomeriň bar bolsa, atamyrat@hotmail.com a ibersene, ýa msn-dir ymsg-ň bar bolsa guk diý, habarlaşaly!
-
ata
16 years ago
haý, zaluwat, çyndanam, garraýan öýdýän, eý, men derrew öýleneýin
ata
ba indi ahtden danayjek bolyanyzmy? men 30 yaşyma çenli öylenjek dal diyipdim welin ata aga kyn zat bolsa aydaweri, ilin arasynda köp gaytalamayyn beyle sözleri
Farabi
jyzadyk öýdýän, hä?! :)
-
kombat
16 years ago
- soňky döwürde 30-dan soň öýlenmek o diýen peýdaly däl bolarly. biri 30-da öýlenerin diýip garaşypdyr, 30-a ýetende düýbünden öýlenme höwesi gaçyp, hyjuwy ýitipdir.
Hawa, indi öňki howalar ýok. Tüsse-himikatlar ukybyňy belli peseldýär. Şoň üçip, kim bilýär. ertir näme boljak...
-
ata
16 years ago
- Salam Kömekow Batyr!
Aýdýanlaryňda jan ýok däl. Ýöne şertler oňaýly bolmady mende. 6 aý soň oňaýly bolaýjak ýaly görünýär. Şu ýagdaýda men hem örän isleýän toý etmegi, olam 30-ymdan öň bolýar-da :)
-himikatlar ukybyňy belli peseldýär. Şoň üçip, kim bilýär. ertir näme boljak...
ony diýseň, haçan öljegimiz
hem belli däl, ahyryn!
Allah Kerim! Enşallah, ölmän-ýitmän dursam we şertler hem oňaýly bolsa öýlenmekçi!
-
bond
15 years ago
- ata salowmaleykum,siz oz halkynyz ,milletiniz u/n name ishler etdiniz shu yashynyzyn ichinde ,eden bolsanyz shol barada bir iki agz gurrun berseniz bizem gowy edip dinlesek gaty hoshal bolardyk ,we talyplaram size sagbolsun aydardy ata aga ,hich bolmanda watan onundaki borjunuzy eden bolsanysh shol barada bolsa hasda gyzyk bolardy.
-
Adybeg
15 years ago
ata salowmaleykum,siz oz halkynyz ,milletiniz u/n name ishler etdiniz shu yashynyzyn ichinde ,eden bolsanyz shol barada bir iki agz gurrun berseniz bizem gowy edip dinlesek gaty hoshal bolardyk ,we talyplaram size sagbolsun aydardy ata aga ,hich bolmanda watan onundaki borjunuzy eden bolsanysh shol barada bolsa hasda gyzyk bolardy.
bond | 2009-07-04 06:29:11
hmmmm
bond sen name etdin diyip sorajak welin, menem hich zad etmedim etsemem men şuny etdim diyip barde yanramaryn ...
bir azajyk şlyapany önümüze goyalyn hou
etmedigimizi beylekilere soramak kimin haddyna
-
daKING
15 years ago
1-Oy puly(kwartirant);
2-Tok puly;
3-suw puly;
4-council tax puly;
5-gaz puly;
6-yol puly;
7-okuw puly;
8-viza puly;
9-iymit puly;
10-geyim-gejim puly;
11-ojuk-bujuk(cilim, arak we sh.m.)
12-tel puly;
AHh ata aga aytmasana :)
-
ata
15 years ago
- daking, senem-ay :)
Waleykim salam, bond! Bah, shey diy-a :D
Men entak gulluk etmedim. Beyleki soraglaryna-da son jogap yazaryn-da, enshallah.
Hazirlikce cykmaly!
-
ata
15 years ago
- bond: Name edenimi sorapsyn watanymyz ucin!
Aslynda, mana gora kabir zatlar bar, yone sana gora bolman biler. Olary yazyp bilerin yene-de islesen.
Yone, gel, ilki sen yaz watanymyz ucin shu wagda denic name(ler) edenini! Bizem goreli we shona gora sana hormat goyaly!
Men oz yagdayym barada son yazaryn diydim, yone shu sahypa-da agza bolan kemaltm bn dushuniship bilmandik tmolympiadda Bir talant/ukybyň bahasy (gadry) diyen blogda we sheylerak yazgy we soraglar goyupdym, sholary sana degishli edibem goyyaryn ashakda ayratyn yazgylar arkaly.
-
ata
15 years ago
- "...hmm, içim byjyklady!
Kemal aga, sen dönük diýýärsiň bize?!
Gel, saňa käbir soraglary soraýyn:
1- TÇ-de we başga ýerlerde uni uçurymy bolup gelýänler bar, olar näme edýäler tm baryp?!
2- Diýeli, sen häzir bir ýerde işläp ýörsüň. Indi, sen döwletimize näme peýda edýäň?! El bn tutulyp, göz bn görüljek ýagdaýda peýdaly zat ýa-da zatlar?!
3- Eger sen hem belli bir sebäp bn daşary ýurtlara bilim ýa iş tejribesi üçin giden bolsadyň, onda şu ýazanlaryňy özüň üçinem pikir edermidiň?!
4- Diýeli, biz şu wagt daşary döwletlerde. Gaçyp aýlanyp ýörüs we biz DÖNÜK. Indi, biz tm barsak, nädip peýdaly bolup bileris. Islenilen pudaklarda işlämäge mümkinçilik, iň azyndan, şol mümkinçiligi döretmäge doly ygtyýar/rugsat barmy?!
şu we şuňa meňzeş soraglary köpeltseň köpeldip oturmaly. Muňa parahorlyk, ogurlyk, ýalan, hilegärlik we ş.m. goşulyp biler!..."
3.1- Diňeje tm-däki asyl jogapkärleriň üstüne günä atylanok. Olaryň säwlikli ýerleri bildirilýär. Aslynda, syýasata girýäni üçin, şu tetelli ýazgylaryň hiç bolmazlyyny isleýän men-ä welin, bolaýýarmy. Garaz, türkler aýtmyşlaýyn:"Palçyk zyň, yzy galsyn!" diýen ýagdaý ýok bärde, halk bähbidi gözlenilýär pikirimçe.
3.2- ynha, şol beýikler (pygamberler, weliler we sh.m. agirtler) hakykatdanam , beýik. Sebäbi, olar halk üçin, hatda, ähli ynsanlyk üçin ägirt uly peýdalar getirdiler, köp sanly halklaryň aňyny-pikirini düýpgöter özgertdiler, çopan halky dünýä üçin göreldeli ynsanlar halyna getridler, ýüz müňlerçe talyp/şägirt ýetişdirdiler we ş.m. Ynha, bulara hakyky geni/akyldar/dana diýilmeli we goldanmaly!
3.3- şeýle oglandyr gyzlar bu sahypada-da köp. Hem okap, hem işläp bilimdir tejribe gazanyp ýörler. Ýazgyňda bularyň hemmesine günä ýöňkelen ýaly göründi. Iň azyndan maňa şeýle göründi?! Indi, men şuny diýmek isleýän: wagty gelende, okuwdyr işimizi dynyp, bilimdir tejribe gazanyp, has hem kämil ýagdaýda TM döwletimize bizem dolanyp geleris we bize ynanylan ýagdaýynda, elimizden geleni öz watanymyz üçin hem gaýgyrmarys, enşallah.
Eger şu diýýäniňi, hakykatdanam, TM şertleriniň ýetersizligi üçin, daşary döwletlere gidip, yzyna dolanmak/dönmek islemeýänlere diýen bolsaň, ona oňa sözüm ýok!
"Dönük" sözüň oýunjak däl, Kemaltm! Indiki ýazgylaryňda umumylaşdyrmanjyk ýazjak bol şu ýagdaýlar üçin. Ýogsam şyltagyňam baryp ýatany bolýar şol söz! Garaz, türkmençelesem:"7 ölçäp 1 kes!", ýeňilmersiň!
Şony dilemek bn!
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"
Bellik: Yokardaky yazgyda men kemaltm-a yalnysh dushunen ekenim, yone shu soraglar, bond, sana-da degishli! Mumkin, sana-da yalnysh dushunendirin, shu yagdayda sendenem otunc soramagyny bilerin, enshallah!
Yokardakylary bir oka unslije, son yazjak jogaplaryna gora men hem yazayaryn!
-
chopan
15 years ago
ata | 2009-07-05 02:29:46
salam!
dostum hemme kişi eden işi bilen görkezmeli, barde jogaplap azara galmak hökman dalle! hemma kiş-a beydip jogap yazjak bolsan soni gelmezmi-ka diyyan!
sagliginiz!
-
ata
15 years ago
- Waleýkim salam, Batyr akga!
düşünýän men hem ýagdaýa.
Ýöne başga bir zat sebäpli, gelip bärini aktiw edip, şahsyma ýazgy gönükdirdi-dä ol.
Bolýar-da, meň-ä niýetim erbet däl - Allah şaýat!
Salam we dileg bn!
-
bond
15 years ago
- salowmaleykum ata aga siz soraga jogap bermedinizey in barkisi oz dogduk yurdunuzdaky halk u/n oz yurdunuz u/n nahili yagdayda bolsada borjunuza etmansizin ,gynanyan siz oz ene toprak ata watande yerleshyan dogan gardash halkynyz u/n synagdan gechmekden saklanypsynyz ,bolyada men barada sorapsynyz welin ukusuz giyjeler kop boldy name bolsada oz watanyma ishleyan keseki yurt u/n dalde in barkisi ,galanynam sorap oturman ,gowusy sizem bir zatlar yazyn ,sizden haysht etdim welin bara soragy mana gaytaryanyz.
-
garabekewul
15 years ago
salowmaleykum ata aga siz soraga jogap bermedinizey in barkisi oz dogduk yurdunuzdaky halk u/n oz yurdunuz u/n nahili yagdayda bolsada borjunuza etmansizin ,gynanyan siz oz ene toprak ata watande yerleshyan dogan gardash halkynyz u/n synagdan gechmekden saklanypsynyz ,bolyada men barada sorapsynyz welin ukusuz giyjeler kop boldy name bolsada oz watanyma ishleyan keseki yurt u/n dalde in barkisi ,galanynam sorap oturman ,gowusy sizem bir zatlar yazyn ,sizden haysht etdim welin bara soragy mana gaytaryanyz.bond
salam bond akga ilki bilena sizi yenede shu sahypada gorenisme shat! belki hem ata agamyzyn shu soraglara jogap bermezligi hem adatydyr!
sebap-
" adamlary soyyan diyip gygyrma,
bu bir bosh sozlere sarpa goymakdyr,
sen gygyrma hunarini dowam et,
shunun ozi adamlary soymekdir!"
diyilshi yalak, her kim hem oz edyan ishinden jogapkarcilik duyyan bolasa, shol edyan ishini yurekden etse, yagny para alman, berim peshgeshden dahsda, haramylykdan dahsda,
halkyna soygusi, watanyna hormaty bolsun!
hokman bir yagdayda, men watanymy soyyan, onun uciin bash goyyan diyip olume gerek yok, emma dhs etsin kyn gun gelse bashymyza watan elmydam tayynlaryn hatarynda, ilkinjilerin hatarynda!!
isle yat yurtda, isle mahriban mekanda adamlara hormatyn, sylagyn, ishinde abrayyn senin watanynyn hem abrayydyyr! sebap hacan hem bolsa ol watanda gobek ganymyz daman bolsa, yenede shol topraklara sinmeli biz!!
" minnetdarlyk sozi sada bolarmysh
yollaryn ak bolsun uzaga gitsin,
baky uka batsam bir gazaply gysh,
sen goynunda yatmak miyesser etsin!!"
-
ata
15 years ago
- waleýkim salam, bond!
bäh, synagdan galypdyryn-da onda?!
Gulluk üçinmi diňe?!
Hawa, onsoň gullukda nämeler etdiň sen?!
Watanymyzy duşmandan goradyňmy?!
Eliňe ýarag zat alyp gördüňmi?!
Atyş tälimi etdiňmi?!
Kämil ýagdaýda adatdan daşary ýagdaýlar üçin goranma tärlerini öwrendiňmi?!
Bar soraglara göwün hoşlugy bn "hawa!" diýýän bolsaň, telpek we hormat saňa!
Ukysyz galmazlyk sözde aňsat, birnäçe günem bolsa :)
Bolýar-da, men goýaýyn.
Öz eden zatlarymy saňa şahsy mail bn ýazaýaryn! Bärde goýup oturmaýyn. Isleseňem, bolşy ýalyjak bu ýere-de geçirip bilersiň! Meň-ä garşylygym ýok.
Başga-da zatlar ýazan bolsaň, olara jogap bermäni gerekli gören däldirin. Aýratyn bir zady soraýan bolsaň, onda garaldyp aýratyn soraý!
Şunam aýdaýyn: Men daşary döwletlere hyzmat edemok. Daşary döwetderde bilim alýan. Şu ýagdaýda gaçak ýaly däl, resmi ýagdaýda gezýärin we döwletimiziň kanunlaryna laýyklykda. Munam gowja bil!
-
bond
15 years ago
Hawa, onsoň gullukda nämeler etdiň sen?!
Watanymyzy duşmandan goradyňmy?!
Eliňe ýarag zat alyp gördüňmi?!
Atyş tälimi etdiňmi?!
Kämil ýagdaýda adatdan daşary ýagdaýlar üçin goranma tärlerini öwrendiňmi?!
hudaya shukur shularyn barynam etdim ,we bilyan ,goradymam oz bergimi berdim ,oz wagtymda giyjesi yatman size geroinden nesheden goradym diyip doly aydyp biljek,we degishli sylaglaram aldym dowlet tarapyndan.yone siz shuny eshdesiniz gelendirda ine aytdym.
-
Studentka
15 years ago
1-Oy puly(kwartirant);
2-Tok puly;
3-suw puly;
4-council tax puly;
5-gaz puly;
6-yol puly;
7-okuw puly;
8-viza puly;
9-iymit puly;
10-geyim-gejim puly;
11-ojuk-bujuk(cilim, arak we sh.m.)
12-tel puly;
UK uchin viza'n bahasy nache ata aga? Multi entries hem berilyarmi ya... bashgamy?
Yol kreye-de 1 ayda ishlap gazanjagyn goni gidyar, shon uchin onunden ayyrypjyk tayyarlap goyaymaly :)
Studentlere kyn chyndanam...
-
Studentka
15 years ago
fransiyada-da sheylerak,1000 yevro ayina(bir adam uchin) hokman gidya;
cendrillon | 2007-10-24 11:56:58
Ouch..kan ekeni'le?
shony $$ owursen iki essesi bolyarmy?
Ayyn sonundaky bill'lerden gelyan syurprizler goni yureginden pristup berdiryar kawagtlar...
Taze yyla golay oy bilen gurleshdim 2 gun yzly yzyna shonda nomeri aylaman (yagny kartochkan) goni jan edip goyberdimde gurleshdim gde-to 2 sagat...
2gun+ 2 sagat = 4 sagat yalyjak...son kompaniyadan jan gelyar bu nomerden beyle kop jan edilenokdy, tochno siz ulandynyzmy diyip. Aha bill'i nache bolupdyr? - ay aza dal $860
SHol bada telefony zyndym :)
-
ata
15 years ago
UK uchin viza'n bahasy nache ata aga?
Siz UK Visa alyp bilmek ucin maslahatlar/shertler atly mowzugyma seredäýiň, şol ýerde has giňişleýin ýazypdym.
Gysgaça: Men alan wagtym, Wneş ekonom banka 6 aýlyk wiza üçin 50$ (şol wagtlar 750 müň manat) gowrak töläpdim 2005-de. Soň her ýyl 1 ýyllyk UK-da uzatdym wizamy. Öňler 1 ýyllyk wiza uzatmak £295 = 483$ (£1=1.64$)di, indi azyrak galanam bolmagy mümkin, çünki, ýakynlykda wiza alma sistemasy üýtgäpdi, entäk men alyp göremok.
Multi entries hem berilyarmi ya... bashgamy?
multi entries
Yol kreye-de 1 ayda ishlap gazanjagyn goni gidyar, shon uchin onunden ayyrypjyk tayyarlap goyaymaly
hawa. Birem, bärde her aý soňunda däl-de, ýaşajak aýyň başyndan bermeli puly.
Studentlere kyn chyndanam...
hawa, şeýle!
shony $$ owursen iki essesi bolyarmy?
Ýok, häzir 1 eur = 1.40 $ töweregi bolmaly.
Ayyn sonundaky bill'lerden gelyan syurprizler goni yureginden pristup berdiryar kawagtlar...
hawa! ýaýdanyp otyryn şu aýky geljek diňeje tel bill-imden hem.
Taze yyla golay oy bilen gurleshdim 2 gun yzly yzyna shonda nomeri aylaman (yagny kartochkan) goni jan edip goyberdimde gurleshdim gde-to 2 sagat...
2gun+ 2 sagat = 4 sagat yalyjak...son kompaniyadan jan gelyar bu nomerden beyle kop jan edilenokdy, tochno siz ulandynyzmy diyip. Aha bill'i nache bolupdyr? - ay aza dal $860 . SHol bada telefony zyndym
sizem ýagdaýa düşünipsiňiz-dä :)
Hawa, esewan etmeseň örän kyn. Suw, tok, gaz, tel, сouncil tax we ş.m. maýryp bilýär eger taýýarlykly bolmasaň. Ýokarda diňeje tel bill-iň ýagdaýy bar, meselem :)
Ýakynda gidýän-le men-ä bärden. Ýöne bu ýere öwrenişipdim. Bähbitlisi.
-
ata
15 years ago
- hä, şu wagt ASB-LON-ASB açyk(open) 1 ýyllyk biletiň bahasy 420$ bolmaly.
türkmenoglan 17 years ago- 1-Oy puly(kwartirant);
2-Tok puly;
3-suw puly;
4-gaz puly;
5-yol puly;
6-okuw puly;
7-iymit puly;
8-geyim-gejim puly;
9-ojuk-bujuk(cilim, arak,gerre we sh.m.)
10-tel puly;
türkiyede gerek bolyar.300$ şa bolup yaşamasagam yetyar.şa bolup okuwy gutaryp yaşarysda