"Kemçiligmi basyp göni ýüzüme"
Ýazmyrat ÇÖRLIÝEW

Kemçiligmi, basyň, göni ýüzüme,
Arkadan gep edip, göwnüme degmäň!
Köpçülikde kemsidip, bir garyp bendäň,
Aýbyny paş edip, göwnüne dägmäň!

Käbir dostlaryma çyndan ynanyp,
Kömek diýse, elden gelenin edip,
Öýde otyrşamda, duzumy depip,
Haýyş edýän, dostlarym, aş dosty bolmaň!

Size hijem ýaman netim ýok meniň,
Herkim bu durmuşda tanaýar deňin,
Bu goja zeminde alýarkak demi,
Haýyş edýän dostlarym, göwnüme degmäň!
06.02.2021.ý.

Çerkez BAÝLYÝEW

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir