Ýadyňda däldirin unudansyň belki,
Diýerdiň öň maňa, "sen diňe meňki".
Öň sen meniňkidiň, men hem seniňki,
Ýazgytda bar eken aýralyk çünki.
Iň süýji günlerim bolupdyr düýnki,
Indi ajy günler garaşýar çünki.
Menem seni unudaýyn diýsemde,
Birwagtlar elden alypdyň erki.
Dünýämiň bezegi, göwheridiň sen,
Seni arzuw edip aglaýardym men,
Bu gün ýeke syrdaşym, alowlaýan şem,
Şol şeme garaýan, sanaýaryn dem.
Bir wagt başymy sypaýardyň sen,
Indi bolsa sypaýar, gussa bilen gam.
Ýürek diýýär:
"Söýgiňi kalbyň bir çetine göm"
Emma men başarman alman onsuz dem...
Bägül Baýramowa & Çerkez Baýlyýew
(Haýyşt boýunça düzülen)
"Ýürekdäki gussam"
-
yyldyz.
3 years ago
- bezzat name 101 boldy?
-
BeZZaT.
3 years ago
- Yyldyz ozel pisey
-
BeZZaT.
3 years ago
- Oz aramyzdaky gurruň ol yyldyzjyk
-
Arzuwum
3 years ago
- Özim bilerin!
-
BeZZaT.
3 years ago
- Yataňokmy ona gaty ir yatyadyň
-
BeZZaT.
3 years ago
- Uytgap barya bar hasiyetiň
-
Xyivenia
3 years ago
- Seni arzuw edip aglaýardym men,
Aglanyna degmez :(
-
BeZZaT.
3 years ago
- Xiyayu kimi arzuw edyadiň
-
Xyivenia
3 years ago
- Ay biride...
-
Arzuwum
3 years ago
- BeZZaT, Myahri & Söhbet Rozyýew - Men üýtgedim, aýdymyny diňlesene sen
-
BeZZaT.
3 years ago
- Xyivenia 7 hours ago
Ay biride...
Aglanyňa degmejekdigini mnm gic bildimda
BeZZaT. 3 years ago- 101 boldou indi bolly eday