Ejizlemäge hakymyz ýok!!!
Görýänsiňiz saýdymyzda ala-sarmyklar harmazadalar köp. Emma begenmeli ýeri, halal, arassa-päk adamlar şolardan 100 esse köp. Şeýle biýedepçiligi diňe asly-näbelli wenezzynalar döredip biler. Beýle adamlaryň niýeti näbelli emma çaklap bolar. Men öňler "Bir psihiki taýdan näsag şeýdip adamlara azap görkezeninde keýp alýandyr" diýip pikir edýärdim. Emma ýok. Psihiki nasag hem ýekelikde beýle uly zat edip bilmez. Sebäbi şeýle postlary udalit etmek aňsat, döretmek bolsa kynyrak. Diýmek şeýle haramlyklary ýeke däl 4-5 adamdan köpräk topar edýär. Şeýlelikde "4 ýada 5 adam nämçün beýle hereketler edýärler, olaryň nä başga işi ýokmy!? diýilen sorag ýüze çykýar. Elbetde jogap "Olaryň işi şu bolýar" diýilen jogap hem öz-özünden gelýär. Nädip? Ýagny haýsydyr bir saýtyň adminleri üýşip "Gelejekde saýtmyzy ösmegi üçin köp adam girmeli, köp adamlar bolsa talyplar.com-da bar. Eger talyplar.com-y garalap bilsek onda köp adam biziň saýdymyza gelerler we saýdymyz öser. Ösen saýdymyzda başga ederadyr firmalar öz harytlaryny reklama etmek üçin pul tölärler. Netijede adminler bolup paýlaşars" diýip ýönekeý ýaşlary haram ýola iterýän bolmagy mümkin. Elbetde aowady we bilimi hem durmuş-okuwy pes ýaşlar şeýle ýalançylaryň sözlerine ynanýandyrlar we şeýle hereketler edýändir. Emma dogry zat "HARAMLYK, ÝAMANLYK, NEJISLIK, ZULUM, ERBETLIK BILEN GURULAN ZADYŇ SOŇY EŞRET HEZIL HALAL BOLMAZ". Başda haramlyk edip ýol alan soň halal bolup gelejekde düşen pul-girdejilerini galan işdeşleri bilen bölüşmez, ýagny işdeşlerini her-hili ýollar bilen aldap pulsuz goýarlar. Sebäbi "öň allap haram boldy, soň halal bolar" diýen fantastiki pikire uýarlar. Nähili hem bolanda galan arzyly agzalar, size diýjegim: Ruhdan düşmäň, berk boluň, bu bir wirtual ýagdaý. Emma wirtual kynçylyklara döz gelip bilmese, hakyky durmuş kynçylyklara nädip döz gelers. Her-bir kynçylygyň köp peýdaly taraplary bar. Ýagny kynçylyklar bize 1) Özümizi tanamaga kömek edýär, şu kynçylykda biz ejizlesek özümiziň ejizligimizi biler, emma aňsatjak ýeňip geçsek güýçlidigimizi bilser. 2) Kynçylyklar bize sapak-ders-okuw-ylym-bilim öwredýär. 3) Eger kynçylygy ýeňip geçsek, başgalar bizden eýmenýär-çekinýär. 4) Kynçylykda biz ejizlesek kynçylyklar bizi öňküden hem beter döwýär we üweýär, emma kynçylykda biz güýçli bolsak onda biz öňküden hem beter berkeýäs we gaty-dogumlanýas.
Şu zatlardan ugur alyp haramlary begendirmäliň, yza towsmalyň. Eger yza çekilsek "Şol wagt yza çekildim, ýadadym, ejizledim" diýen pikir bilen ömrümizi ötürmeli bolars. Ýagşylara üsdünlik, ýamanlara eşen bolsun!
Ejizlemäge hakymyz ýok!!!
-
yyldyz.
3 years ago
- gaty dogry diydiniz
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Söhbet Abdullaýew! "Baştutanlygy başga geçirýän"
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- Ideallider siz bolsañyz Gaty gowy,bolardy
@Agashka
-
IDEALLIDER2
3 years ago
- Söhbet Abdullaýew! Garşy!
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- +++
Söhbet Abdullaýew 3 years ago- Ideallider2 PASS name bolýar?