Soňunda jogabynama bermelisiň!
Bir baý adam bar eken. Ol ölümden we gabyr yalňyzlygyndan şeýle bir gorkýan eken. Ol baý adam ölmänkä: "Kimde kim meniň ölen günümiň gijesi gabyra girip maňa ýoldaş bolup ýatsa, şoňa baýlygymyň ýarysyny bagyş etjek!" diýip wesýet edipdir. Baý ölenden soň: "Kim daňa çenli gabyrda ýatyp baý bolmak isleýär?" diýip adam gözläpdirler. Hiç kim çykmandyr. Ahyry bir garyp hammal: "Meniň ählije baýlygym bir ýüpim bar. Ýitirjek zadym hem ýok. Ertire çenli ýatyp baý bolaryn" diýip pikir edip bu wesýeti kabul edipdir. Ýaňky garyp hammaly öliniň ýanynda jaýlap gidipdirler. Soňra şol agşam sorag-jogap perişdeleri ol baýyň ýanyna gelýärler. Bir seretseler, gabyrda bir öli, birem janly adam ýatyr... "Öliniň gitjek ýeri ýok" diýip bu perişdeler, ýaňky hammalyň üstüne sorag baryny ýagdyrypdyrlar "Ol ýüp kimiňki? Nireden aldyň? Näme üçin aldyň? Nädip aldyň? Alanyňy razy etdiňmi? Hüşžrini çykdyňmy? Halal ýola ulandyňmy?..." Garaz daň atypdyr, perişdeleriňä bu hammala beren soragy, ol hammalyňam olara berýän jogap-hasaby gutarmandyr. Ertesi irden ony gabyrdan çykarypdyrlarda:
- Indi baýlygyň ýarysy seňki! Alaý, hakyň bar. - diýipdirler. Hammal bolsa:
- Ýok, ýok. Alla saklasyn, gerek däl. Toba etdim. Baýlyk gerek diýenimden dänýän. Men daňa çenli birje ýüpiň hasabyny-jogabyny berip bilmedim. Munça baýlygyň hasabyny nädip bererin!? - diýip jogap beripdir...
Awtory: Halk arasyndan.
Paýlaşan: IDEALLIDER.
Soňunda jogabynama bermelisiň!
-
Arzuwum
3 years ago
- Manyly. Sagbol yetireniñe
-
Men_ve_Sen
3 years ago
- +++ gowy eken yenede bir gezek sps :)
-
LadaKalina.
3 years ago
- Gaty gowy
-
Söhbet Abdullaýew
3 years ago
- ++++++++++Ideallider2 dine one
Seyle manyly rowayatlarda koprak.goy
-
Gray_wolf
3 years ago
- Öñ okapdym, bir kitapda
Hercai 3 years ago- gyzykly eken minnetdar yetireniňe