Pişikdäl, güjükdäl, aýy.

Bu jandaryň ady "Kiçi panda" ýa-da "Gyzyl panda"(lat.Ailurus fulgens) bolup, bu jandar "Pandalar" maşgalasyna degişli. Ölçegi uly öý-pişigi ýaly. Bu jandary 1821-nji ýylda iňlis-generaly Tomas Hardwik resmileşdirýär. Bu jandary hytaýlylar "Ho-hu", nepallylar bolasa "punýa" diýip atlandyrýarlar. Şol sebäpden hem şeýle söze meňzeş "Panda" sözi emele gelipdir. Ölçegleri ortaça 51-64sm, agramlary 4-7kg. Bu jandaryň her penjesinde 6 barmaklary bardyr. Özleri çypar(ryžy)-goňur reňkde bolýarlar. Gyzyl-pandalar agşamky jandarlardyr. Ýagny olar gündizlerine agaçlaryň şahalarynda uklaýarlar we üstlerini guýruklary bilen ýapýarlar. Olar esasan bambuk ösümlikler bilen iýmitlenýärler, iýmitlerine köplenç kömelekler, miweler, mör-möjekler, ownuk gemrijiler we guşlaryň ýumurtgalary hem girýär. Gyzyl-pandalaryň sesi guşlaryň jürküldisine meňzeş. Bu jandar parahat jandardyr we öýde ýaşamaga aňsat öwrenşýär. Ortaça olar 8-15 ýyl ýaşaýarlar. Olar ýanwar aýlary jübütleşmäge gelip, her gezek olar 2 ýada 4 çagajygy dünýä getirýärler. Gynansakda ähli çagalar uly ýaşa ýetmänkäler heläk-bolýarlar. Çagalary ene-gyzyl-panda saklaýar. Häzir bu gyzyl-pandalara ýitip gitmek howpy abanýar we ýer ýüzünde 3000-e golaý jübüt bar diýilip hasaplanylar. Gyzyl-pandalar halkara gyzyl-kitaba giriizilip, döwletler tarapyndan güýçli gorag astynda saklanylýar. Sebäbi bu jandarlar dirikä, hamlary soýulup, hamlaryndan başgaplar we sütükler taýynlaýarlar.

Toplan: IDEALLIDER.

Bilim, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir