Salam dostlar we talyplar.com agzalary.
@Jeksparro agza Deňizleriň tolkuny alyp geldi küreksiz... (@hanture bilen jedele) atly blog açypdy. Bu blogym şol bloga jogap hökmünde açyldy.
@Jeksparro:
@hanture, sen mowzuklaryň birinde B.M.G.-niň baýdagynda hemme materiklaryň bir tegelek suratda ýerleşdirilip çyzylanyny sen hakyky ýeriň formasy diýip tekrarlapdyň!?
Indi Ýeriň togalakdygyny ýa tegelekdigini bilmek üçin BMG-nyň baýdagyndan başga görkezjek tutarygyň ýokmy seniň. Gel-gel indi şony subut etmek üçin bir baýdaga ýüzlenmelimi biz!?
Jogap:
Ilkinji nobatda hormatly Jeksparro sen bu blogyňy howlugyp ýazypsyň öýdýän. http://talyplar.com/posts/32397 şu blogymda men BMG nyşanyndaky tekiz ýerçileriň kartasy (Tekiz ýeriň hakyky formasy diýmedim)diýipdim. Resmi tekiz ýer kartasy Aleksandr Gleason tarapyndan 1892-nji ýylda döredildi (surata seret). BMG-nyň ondan soňra 1945-nji ýylda döredilendigini hasaba alsak BMG öz nyşanyna tekiz ýer kartasyny goýandygyny aňladýar. Onsoňam sen tekiz ýeri subut etmek üçin bu kartany peýdalanyp bilersiň, ýöne subutnama hökmünde däl.
@Jeksparro:
Ol baýdakdaky şekiliņ asyl manysy hemme milletleriň Ýewraziýada, Afrikada, D.g. G.o Amerikalarda we Awstraliýada ýerleşendigi üçin gojaman Ýer şarynyň depesinden ýöne şekillendirilip ady agzalan materikleriň demirgazykdan alynan şekili ahyry ol...
Bolmanam hemme materikler demirgazyk polyusdan Yere seredilende görünenok, görünmegine ýarym şaryň aşagy päsgel berýär. A Antraktida ýa Antarktika gerek däl-ä Bmg baýdagyna. Sebäbi o taýda millet ya döwlet yok.
Jogap:
Seniň baýdakdaky karta düşündiriş berişiň bütinleý nädogry. BMG ony Azimuthal equidistant projection map diýip atlandyrýar. https://en.wikipedia.org/wiki/Azimuthal_equidistant_projection linke baky bilersiň.
@Jeksparro
Ikinjiden. Mowzuklaryň birinde Mahmyt Kaşgarynyň tegelek kartasyny ýaňsylap o görgülinem tegelek ýerçi edip goýupsyň. Üst-üstesine Mahmyt Kaşgarynyň gürrüňi edilýän kartasy Aziýany, ýa-da Ýewraziýany şekillendirip Ummany bolsa görkezmeýär. Üstelik hem bu karta tekiz ýere girmäge gutarnykly subutnama däl.
Jogap:
http://talyplar.com/posts/32407 şu blogymda men diňeje ,,Mahmyt Kaşgarlynyň dünýäniň merkezi Balasagun bolan ajaýyp kartasy." diýdim we tekiz ýer bilen baglanyşdyrmadym iň aşakky teswirimde belleýşim ýaly men muny prosta maglumat üçin goýdym.
Hormatly @jeksparro siz bu blogyňyzda meniň teoriýamy bozjak hiç zada duş gelmedim.
Uly hormat bilen HANTURE BS.
Jeksparro agza jogap
-
Hercai
3 years ago
- dunye elbetde bumat beyle dal yone wagty gelende seyle boljakmys
-
Khanture
3 years ago
- Prokuror777 howwa
-
Prokuror777
3 years ago
- Wagty hacan geljekmish Hercai?
Khanture name diysem bolya... ine in bolmanda sadikdaky cagalaram ynanmazmyka diyyan muna!
-
Khanture
3 years ago
- Prokuror maňada başda ynanmak kyn boldy 1 ýyl dagy wagt. men beýle diýýänleriň üstünden gülýärdim wagtynda.
-
Gray_wolf
3 years ago
- Bamyñ dirimiñ???
-
Prokuror777
3 years ago
- Yone bu diyshim bilen sen teoriyany tankytlamok. Cunki men hem azajyk su zada gyzyklanyan, men hem seylemika diyyan. Yonebu zada hic bir adam ynanmaz. Ozimem ynanyp baramok gyzyklanma bar yone mende hem?
Indi su tayda bir sorag yuze cykya:name ucin bizi yer togalak diyip allayarlar? Name ucin ? Khanture jogap beray mana!
-
Prokuror777
3 years ago
- Eger syr bolmasa nadip ynandyn? Haysy cesmelere esaslanyp?
-
Khanture
3 years ago
- @Graýjan barow men.
@Prokuror777 bloglarymy barlap göräý kyn görmeseň!
-
Prokuror777
3 years ago
- Bor Khanture wagtym bolanda gormek niyetim bar!
-
Yylgyn
3 years ago
- Khanture saña sorag:Nämçün Aşgabatda gije wagty Waşingtonda gündiz ya tersine şuny düşündirip beraý
-
Khanture
3 years ago
- @yylgyn gun yerden has kici we yere has yakyn shol sebapden gun dunyanin belli bir bolegini yagtyldyar
-
MrOKaS
3 years ago
- Şeýlelik bilen käbir bir aňsyz adamlar öz aslyna çekip başlamak bilen maýmyna öwrülip başlady. Adamlaryň aňy ösýär diýip begenip ýördük welin.
@Khanture gardaş gatam görme welin ýakyn günlerde bir gaty zat kelleňä urulan ýaly bolup özüňem şony duýman galan ýaly bolduňmy? )))
-
Khanture
3 years ago
- @MrOKaS yok bolanok. Bolagandada men ,,yakyn gunlerde" tekiz yerci bolmadym
-
Jeksparro
3 years ago
- Onuň aly hezretleri jenap @khanture, Yer shar tekiz bolsa Yeriň Ýewraziya bolegie Gun dushyarka ABŞ-da gije. Onda ABŞ Tekiz Yeriň aşak tarapynda bolyarmy? Bagyşla welin idea gabat gelenok seniň bu komplimasiyaň!
-
Khanture
3 years ago
- @jeksparro gun yerden has kici we yere has yakyn shol sebapden gun dunyanin belli bir bolegini yagtyldyar. gun ozem yerin dasyndan aylanyar.
-
Jeksparro
3 years ago
- Gel, bolyar Gün seniň aydyshyň yaly kiçi diyeli. Onda name ucin mysal Yewraziyadaky yurtlardan Gunuň dogyan yurdy Yaponiya tarapda Gün dogsa Amerika tarapa shol dogan Gün kiçijik yagtylyk berip bilmez. BubAmerika tarapda-da sheyle bolaymaly. Amerikada gundiz Gün dogsa Yaponiyada gijelik wagty Gün yyldyrap gorünmeli günbatar tarapdan. Yyldyz yaly yagty sacyp görünyär diyseňem gijelikde görünyan yyldyzlar yaly Gün bilen Ýeriň aralygy uzak däl. Munyň nähili teoriya boldugy?
-
Khanture
3 years ago
- birinji nobatda atmosfera gyrylma effekti, ikinji nobatda hem sen amerika bilen yaponiyan arasyndaky apet yuwash ummanyny yatdan çykardykmy?
-
Khanture
3 years ago
- onsonam tekiz yer kartasyna seredip barlap gor!
Prokuror777 3 years ago- Sen yerin tekiz (disk sekilde)-digine ynanyanmy?