Gül ýetişmänkä-açylmanka... 9-nji bölüm. Jemleýji bölüm.

...Sapa beter ünjä batyp, ýerinden turup Berekede hiçzat etmän, hatda hiçzat diýmänem, jaýdan çykyp Leýliniň ýanyna ylgady. Çaltlyk bilen ýöräpbarşyna howlugyp Leýlä jaň edip duşuşugy belledi. Ýolda bir musurkada elindäki pyçagyny zyňyp, bellenilen ýere haşlap baryp Sapa sen men ýok:
- Leýli, şol gün Bereket seň ýanyna gelende seni çekip-süýräp maşynyna mündirdimi? - diýip ýuwaşlyk bilen sorady. Leýli Sapanyň bu soragyna aljyrap, näme diýjegini bilmän, gözlerini elek-çelek edip, daş-töweregine seredip:
- Ýok. Özüm mündüm.
+ Nätanyş maşyna ýaş gyz bolup münmelidäldigini bileňokmeeee...- diýip Sapa gygyryp sögünmän zordan saklandy hem gaharyna gözlerini ýumup, gyza bildirmän ýumrugyny gysyp:
- Soňra oň bilen oň öýlerine baryp, öýe gireňde, öýde nähili adamlar bar? - diýeninde Leýli aşak seredip:
- Toýda gyzlar, oglanlar, adamlar bar...
+ Adamlarmy ýada diňe oglan gyzlar???
- Diňe oglanlar we gyzlar bar...
+ Eee mal, kluba kimler barýa???
- Sapa ýuwaş bolsana, sögme...- diýip Leýliniň ýüzü aglaýanýaly üýtgedi. Sapa:
- Bolýa, bolýa. Arak içdiňmi?
+ Howwa koka-kola garyp berdiler... - diýeninden Sapa Leýliniň sözüni bölüp:
- Onsaň içmänkäň barlap görmediňmi?
+ Sapa bolýanzatlara hopugup, damagym gurap gaty-suwsapdyryn. Göni bir gezekde işdim. Arakdygyny bokurdagymy ýakamda bildim. Sögündim...- diýeninde Sapa ýene Leýliniň sözüni bölüp:
- Eý bu zatlaryň gowluga däldigine şondada düşünmediňmeee???
+ Onsaň çykyp gaýtjak bolamda ol meni gujaklap...
- Howwa spalna süräp-zyňdy. Eee haýwan dişlemelidigiňi, dişläp birýerini goparyp oň etjigini agzyňda sakgyç çeýnänýaly çeýnäp, oň ganyny içip, etini iýmelidigiňi bileňokme samsyk zaýa... - diýip Sapa elini Leýliniň ýaňagyna golaýladyp, urman zordan saklandy. Leýli urulýandyr öýdüp tisgindi. Ýüzi eýýäm göz-ýaşlardan ýaňa suw-sil bolan Leýli, eli bilen ýüzüni ýapdy. Sapa ýuwaşlyk bilen:
- Eý haýwan, otaýda diňe seňdäl ejeň-kakaň, tas-meň namysym ýatyr, şeýdip ortasyna depip bilmediňmeý!?... - diýip Sapa aýagy bilen boş-ýere towsarlady. Leýli bolsa:
+ Depdim Sapa duýanok, meňem başym aýlandy...- diýip gygyrdyda, Leýli ýene ýüzüni tutup aglamagyny dowam etdi. Sapa az wagt sessiz oturup, daş-töwerege seredip:
- Onsaň ol ýerden çykyp nämçün polisiýa, ýa-da prokuratura gitmediň!? Oň tölän puly üçin aýtmadyňmy???
+ Ejem-kakam, bütin iller bilerdi. Masgaraçylykdan gorkup gitmedim. Puly salanyny görmedim, soň bildim, şol durşuna hudaýoly berdim. Bir teňňesinem özüme almadym... - diýip Leýli hem batly gygyrdy. Sapa içinden "Howwa,bu samsyk ejesinden-kakasyndan bukulup kluba gidip şeýle iş edenini masgaraçylyk hasaplaman, ar-almagy masgaraçylyk hasaplaýar" diýip, Leýlä bakyp:
- Ynanýan. Beter ynanýan. Namysym barow. Seň pikir edýän zaýa, heňlän-ynjanyň däl men. Meni saklanyňa sagbolsun aýdýan. Allajan eden günälerimizi bagşlasyn. Bu bolan wakany bü dünýedehä däl, ol dünýedede hiçkime, hiçýerde aýtmaryn. Sagbol. - diýip Sapa Leýliden daşlaşyp ýitip gitdi. Wagt geçdi. Köp wagt geçdi. Gaty köp wagt geçdi. Sapanyň gelejekki-guron durmuşy, bu psihiki hadysa sebäpli, bagtly hemdäl bet-bagthemdäl. Sebäbi Sapa başga gyza öýlensede, ol gelni arassa-päk hem bolsada, äri-bolan Sapany jany-teni bilen söýüp beter wepaly bolsada, barybir Sapanyň ýanyndan gara was-waslyk hiç aýrylmady we bigünä-gelin öz durmuşunda köp-bagt görenem bolsa, ol was-waslyk üçin az-owlak ejirem çekmeli boldy. Leýliniň durmuşy bolsa... Gyzlarynyň nämçün durmuşa çykmaýanlygy eşitmeselerde, bilmeselerde aňşyrýan eje-kaka sessizje gara ýere girip-gitdiler. Şol sebäpli hormatly-okyjylar, hususanda gyzlar "GORANMAGY ÖWRENIŇ, ÖWRENIŇ, ÖWRENIŇ" erkek doganyňyza, söýgüliňize, kakaňyza haýşt edip düşündirseňiz hökman meselesiz öwreder. Esasy zat şolarýaly pursatda size topulýanyň etini "DIŞLÄP, ETINI GOPARMAK, ÝA-DA GÜÝÇLI EDIP BILINE DEPMEKDIR". Tebigatda "Gül ýetişmänkä-açylmanka zaýalanyny" şuwagda çenli göremok, emma bu waka, gördügümdälmidir eýsem!?

Soňy. Gutardy. Dowamy ýok. Tükendi. Tamamlandy. Yzy ýok.

Hormatly okyjylar. Mümkin bolsa öz-pikirleriňizi we tekliplerini ýazyň. Siziň her-bir sözüňiz meniň üçin wajyp. Siziň aýdanlaryňyz, gelejekde, maňa kämil bolmaga ýardam berer!!!

Awtory: IDEALLIDER.

Edebiýat, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir