Sadaka soraýan gedaý hem husyt hojaýyn hakynda hekaýat
Gedaý işigini kakyp bir öýüñ,
"Men aç" diýip duýdurypdyr ýagdaýyn.
Ol öýüñ eýesi - bir husyt gende
Diýen: "Berjek welin, çörek ýok mende".
Gedaý oña şeýle diýipdir şo hal:
"Bir bölek et berseñ, bolardym hoşal".
Öý eýesi aýdan: "Bilip goý, gedaý,
Etçiniñ dükany däl ahyr bu jaý".
"Bolmasa, az-owlak unuñam ýokmy?"
"Men kilwan däl ahyr, nä göreñokmy?"
"Onda suw bir eçil dolduryp gabym".
"Görýäñ-ä bu ýerde ýokdugny ýabyñ".
Öý eýesi husytlygnyñ derdinden,
Ol näme sorasa, gopan tersinden.
Gedaý öýe tarap uranda gadam,
Hojaýyn öñünde keserip şo dem,
Diýen: "Nirä gelýäñ, ataña nälet!"
"Etmekçi öýüñde ullakan täret.
Ötmese käse suw, döwüm nana-da,
Parhy ýok bu öýüñ hajathanadan".
SADAKA SORAYAN GEDAY HEM HUSYT HOJAYYN HAKYNDA HEKAYAT
-
Zalymm
3 years ago
- Bilyan yone shu wagt yadyma dushenok kitapcy.comdan aldym Birzat Rumy diyyami shoñ ady.
-
Wrestling
3 years ago
- Hm bolya
-
Xyivenia
3 years ago
- Gowy hekaya eken
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- Jelaleddin Rumy awtory
-
LadaKalina.
3 years ago
- Çozupdur gedaya+
-
Mecnun
3 years ago
- ijjen binamys geday eken...utancsyz deyyus ekenlai baryp duranja...el ayagy abat adam gedaycylyk edip yoren bolsa onun yaly itlere nebsini agyrtmaly dal...sebabi ozi yaly adamdan zat sorap dilegcilik etmane utananok...oy eyesi berman dogry edipdir sebabi olam coregi eti oyune oyun oynap getirenok ishlap getiryq
Wrestling 3 years ago- Pizdes edipdirlay geday😂😂😂Eytjek beytjek şol öyden boş gaytmaly däldä!
+++
Awtoryny bilýäňmi Parahat