Bir obada adatdan daşary görmegeý,göreni öz owadanlygy bilen haýran edýän gözel gyz ýaşapdyr. Ýöne onuň ne adamsy ne-de söýgülisi bolupdur. Onuň sebäbi bolsa şol töwerekde ýaşaýan garry akyldaryň aýdan şu sözi bolupdyr:
—Kim bu gözel gyzy öpse—öler !
Hemmeler ol akyldar garryny örän oňat bilýärdiler we onuň aýdan her bir zady hökman bolýardy.Şol sebäpli obanyň batyr ýigitleri ol gözel gyzy daşdan synlap oňýardylar,hiç biri ol gözel gyzyň ýanyna golaýlaşmaga hem milt edip bilenokdylar,diňe uzakdan armanly seretmeli bolýardylar.
Ine bir gün bolsa bir ýigit ol gözel gyzy görüp şol bada hem oňa aşyk bolupdyr. Ol şolbada haýatdan aşyp baryp ol gyzy öpüpdir.
—Wah ! —diýip beýleki ýigitler ony görüp gynanypdyrlar—Häzir ol ýigit öler indi !
Ýöne ýigit ol gözel gyzy gaýta-gaýta öpüpsede oňa hiç zat bolmandyr we ol gyz hem oňa durmuşa çykmana razy bolupdyr.
—Bu nähili beýle bolýaraý—diýip,beýleki ýigitler nägile bolup akyldardan sorapdyrlar:
—Aý,akyldar ýaşuly sen kim ol gözel gyzy öpse öler diýipdiňä ?
—Şeýle hem bolar elbetde—diýip akyldar aýdypdyr:—Ýöne men edil şol öpäýen badyna öler diýp hiç wagt aýtmadym,ol haçan hem bolsa bir wagt öler,köp wagt bagtly durmuşda ýaşandan soň ajaly ýetende öler. Men ýöne şeýle diýmek bilen şol gözel gyz üçin janyndan geçjek oňa mynasyp ýigdiň tapylmagyny isledim .
Awar tymsaly
Rusçadan terjime
Gözel gyzy kim alar
-
BeZZaT.
3 years ago
- Dogy gowy tymsal
-
Nätänyş adam
3 years ago
- Örän manyly akyldaram akyldar welin ýazyp, döreden has akyldar.
-
Mur_17
3 years ago
- Onarypdyr
-
Barbary
3 years ago
- Awar diýip ýalňyş ýazypdyryn,adygeý bolmalydy :)
-
Ulugyz
3 years ago
- Baybah O_o
Owadan gyzlan 70%-inin soygulisi yok diyseler cyn oytyan ))
-
Zulfikarow
3 years ago
- Owadan gyzlar ýaşlykdan oglanlaryň çenden aşa ünsi bilen aýnadylan we hemişe şeýle bolar öýdýärler. Netijede hiç bir sawça göwünleri ýetenok we iň soňunda bazarlary sowulýar we hiç kime gerekdäl bolyp galýarlar. Gerekläne welin göwünleri ýetenok, sebäbi mekdep döwürlerinden olaryň yzyndan şeýle bir oglanlar ylgady, şeýle bir oglanlar ylgady, sen bir bilsediň. Ak atly şa zada garaşýarlar, ol sözüň düýp manysyna welin düşünenoklar, hakyky many bolsa şeýle: Ak at ýaly şazada, (ak atly şazada däl). Tebigatda bolsa ak atlar dogulanok, at garranyndan soň agarýar. Garran at bolsa rahat bolýar, nirä sürseň gidýär, depenok, dişlänok. Gepiň gysgasy garran at ýaly oglan diýen manyny berýär. Ak Mersedesli oglan diýen manyny berenok. Karoçe otda ýanyň owadan gyzlar...
-
Mur_17
3 years ago
- haha
-
Ulugyz
3 years ago
- :-D :-D @Zulfikarow, onaraydyn. Ak gyz yoldasyn bolsun! :-D
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- bah gaty manyly eken +++like
@Zulfikarow ai edil hemme gyz beyle dal kabir gyzyn kellesi ishleya dashyndan naili bolup yorenlerini gorup soz alanok ,kabirleri abray uchin,kabirleri oz gou goryanleri bolia shondan bashgasyny islanok hemmesi beile dal gunasini alma:)
-
ODINOKIY
3 years ago
- owadan gyzlaryñ taÿy bolmaÿa soñ ùn olar àre çykman garrap galÿalar
-
yashalym
3 years ago
- Leilam haçan i-lemesini goýsa guda goýberjek men şolara 😄
-
Arslanova.L_05
3 years ago
- @yashalym onna oturuver goijak dal shona :))
Ylmytalyp 3 years ago- Bäh?!