Salam hormatly talyplar! Gowmysyňyz? Bimaza edýänem bolsam şu mowzugy okamagyňyzy haýyş edýän!
Men döredijilik işine täze gadam basdym, özem intäk tejribäm juda pes. Men şonda-da öz ýazan goşgularymy siz bilen paýlaşmagy makul bilýän, siziň her bir tankydyňyza hormatym uly. Meň paýlaşýan goşgylam sizi rahatsyzlandyrýan bolmagy mümkin, belki köpiňiz: "Gelip-gelip şulam türkmen edebiýatynyň üstüne gaçaýmalymy" diýýäniňizem badyr, şondada adam ýalňyşlyklar bilen üstünlige ýetýär, bilmeýänini öwrenýär, täze zatlara höwes döreýär... Meň umuman aýtjak bolýan zadym, hormatly agzalarmyzdan meniň ýazan goşgularymy okap, onuň ýalňyşlyklaryny, kemçiliklerini ýazmaklaryny haýyş edýän...
Iň uly zadam, kiçijek zatdan başlaýar...
P/s: Wagtyňyzy aldym, bagyşlaň..!
Agzalara hormatym...
-
Pegas
3 years ago
- Tankyda hoşniýetli garamagyň gowy zat, tüweleme. "Polat otda taplanýar" bolmanam. Haýdaber! Hemem okamakdan, öwrenmekden ýadama! Aşaky mowzukda hem aýdyşym ýaly, köp okap, az ýaz! Diňe okanyň ýeterlik däl, okan zadyňdan bir zatlar öwrenmeli, netije gazanmaly.
-
Mr.WriTer
3 years ago
- @Pegas aga, sagboluň, siziň aýdyşyňyz ýaly "Hoş söz ýoluňy ýalňyşdyrar" onsoň hoş sözden, hakyky söz ýakymly bolaýýada))
-
yashalym
3 years ago
- Goşgularyña höwes bilen garashyan!
-
Wonderfull
3 years ago
- Tüweleme 👍
Arzuwum 3 years ago- Iň uly zadam, kiçijek zatdan başlaýar...
(+)