Bu gün durmuşymda täsin bir görnüş,
Peýda boldy ýüregimiň töründe.
Bilemok nireden peýda bolanyn,
Ýöne men bilýärin yşga düşenim.
Ilkinji goşgymy ýazýaryn şuwagt,
Ýazmagyma sebäp boldy şo duýgy.
Men öň hijem garaşmadym bu duýga,
Duýdansyz durmuşyňa geler eken söýgi.
Men şeýlebir ýürekden söýýärin ony,
Indi ähli kişä äşgär söýenim,
Ýöne kimi söýýänim äşgär bolanok,
Ony äşgär etmegiň geregi-de ýok.
Goý gizlin bolsun, biziň söýgimiz,
Biziň aramyzda bakylyk syry,
Şonda-da iru-giç biler hemmeler,
Goý bilsinler, bilinmeli gezegi.
22.12.2020.ý.
Çerkez BAÝLYÝEW.
Ilkinji goşgy
-
Pegas
3 years ago
- Gaty gowşak goşgy eken. Awtora köpräk okap, azrak ýazmagy maslahat berýän.
-
Nirvana
3 years ago
- Pegas
Salam sizden bir zat soramakçy?!
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Pegas 1 minute ago
Gaty gowşak goşgy eken. Awtora köpräk okap, azrak ýazmagy maslahat berýän
Sagboluň! Emma bu ilkinji goşgysy awtoryň. Göz öňüne tutar.
-
Arzuwum
3 years ago
- Nirwana, meňem saňa soragym bardy, eje-kakaň dawwasy çaga ruhy taýdan nähili zeper ýetirýändigi hakda mowzuk açaýsaň, okap bermeli adamlarym bar
-
Pegas
3 years ago
- Nirvana, salam. Soraý.
Awtoryň adyny öňem bir-iki ýerde okapdym. Nädip ilkinjikä...
-
Nirvana
3 years ago
- "Men durmuşyň öweý ogly" atly goşgyň barmy?
-
Pegas
3 years ago
- Bolmaly.
-
Nirvana
3 years ago
- Arzuwum
Bolýar, nesip bolsa bir gün açaryn.
-
Mr.WriTer
3 years ago
- @Pegas aga, meniň mowzuklamy teswirlemegiň begendirýär agam, esasanam goşgylamma berýän bahaňyz meni hasam gyzyklandyrýa, beýleki goşgylarma hem öz tankydyňyzy ýazsaňyz şat bolaryn, minnetdarlyk bildirýän!!!
-
Nirvana
3 years ago
- Talyplar.com paýlaşdyňmy?
Eger zametkaňda taýýar ýazylan bolsa paýlaşaý ýa-da maňa ugradaý.
Men başga bir saýtda diňe adyny gördüm.
-
Mr.WriTer
3 years ago
- Awtoryň adyny öňem bir-iki ýerde okapdym. Nädip ilkinjikä...
Şolaň içinde ilkinji ýazan goşgysy şul.
-
Perhat Sabirovv
3 years ago
- 22.12.2020ý 18ýaşan günüm
Arzuwum 3 years ago- :-)