Psihologiýa bilimine görä, süri Psihologiýasy: bir giden düzgünnamalaryñ we şertleriñ ýygyny bilen esaslandyrylan käbir ynançlaryñ bir toparyñ, jemgiýetiñ w.ş-leriñ agzalarynyñ arasynda ýaýramagyna berilen atdyr. Bärde, hakykat bolan ýekeje zat, bir agza tarapyndan şol şertleriñ(ynanjyñ) kabul edilmeginiñ esasy sebäbi, şol toparyñ, jemgiýetiñ köp agzalary tarapyndan kabul edilenligidir.
Köpçiligiñ täsiri barada başga bir düşünje bolsa, topar bilen hereket etmek. Bir toparda(edarada) işleýän adam beýleki agzalar(işgärler) bilen arasyny gowy saklamak isleýär. Käbir agzalar bilen aragatnaşygy saklamak ýa-da topardan aýra düşmezlik(işini ýitirmezlik) maksady bilen dogry pikirlerden dänip, ýalñyş pikirleri kabul edip bilerler. Bir toparda, jemgiýetde deñduşlarynyñ talapkärligi(köp geplemegi) bir agzanyñ(işgäriñ) erkin pikir ýöretmegine täsir(päsgel) edip bilýär. Beýle päsgel berilmeginiñ sebäbi bolsa, şol agzanyñ(işgäriñ) erkin pikiri, topardaky agzalaryñ garaýyşlaryna, pikirlerine, hereketlerine we ynançlaryna täsir edip bilmesidir. Köpçüligiñ täsiriniñ üstün çykmagynyñ sebäpleriniñ biride bu sebäpdendir.
Käbir adamlaryñ topara görä hereket etmesiniñ esasy sebäpleriniñ biri hem, ýalñyzlyk(ýeke galmak) gorkusydyr.
Eger-de añymyz gorkular bilen doly bolmadyk bolsa, onda biz, akylly we takyk pikirlenip bilerdik. Eger-de erkin ýagdaýda, özbaşdak akykly-başly pikirlenip bilmeýän bolsak, onda biz, gözümizi ýumup(dañyp) beýlekileriñ yzyna düşüp başlaýarys. Köpçiligiñ yzyna gözi dañylgy düşýänler, beýlekileriñ pikirlerini we ynançlaryny kabul etýärler. Bu ýagdaý, köpçiligiñ pikirleri we hereketleri ýalñyş bolsada, amala aşýandyr.
Köpçiligiñ täsiri jemgiýetde käbir adamlara erbet täsir(zyýan) ýetirip biler. Käbir ýagdaýlar sebäpli bu zyýanly täsir, özüni bir bada belli etmezligi ahmal. Mysal getirjek bolsak, belli bir garaşaýş, ynanç ýa-da bir jemgiýet, millet(welaýat, ýurt) barada ýalan-ýalñyş zatlaryñ ýa-da ýigrenç ýazgylarynyñ paýlaşylmagyna göz ýumulsa, hiç kim çykyp - «o ýalan ine dogrusy» - diýip, aýtmasa, bu ýagdaý geljekde gorkunç jenaýatlaryñ(ýa-da töwekgelçiligiñ) bolmagyna, ýigrenç duýgusynyñ döremegine sebäp bolup biler.
Karar almak ukybymyz, pikirlerimiz we duýgularymyzdan başgada bize ýol görkezýän esasy zatlaryñ biri hem "maglumatdyr". Kiçi ýaşda çagalar töweregindäki ähli zatlar barada ene-atalaryndan maglumat alýarlar. Bu maglumatlar ene-atalaryñ ynançlaryna esaslanan maglumatlardyr. Olaryñ düşünjeleri añlarynda gizlenen pikirler esasynda emele gelýär. Bu doly ýagdaýda köpçiligiñ täsirinde galmaklyk bolmasada, özbaşdak erkin pikirlenmek hem diýip bolmaýar.
Köpçiligiñ täsiri, bu: «käbir adamlaryñ düşünjeleri we öwrenen zatlary esasynda karar almak(pikir ýöretmek) ukybynyñ ýoklugynyñ netijesidir». Aslynda-ha köpçüligiñ, akymyñ(akgyn) propagandanyñ w.ş-leriñ içinde bolup olaryñ täsirinde galmazlyk gaty bir añsat däl. Hemmämiz karar almak we dowam etmek üçin durmuşyñ esasy hakykatlaryny kabul etmeli bolýarys.
Köpçüligiñ täsirinde galýandygymyz sebäpli ýaşaýyş durmuşymyz, iş ahlagymyz(tertibimiz), hereketlerimiz(we ş.m-ler) şol esasda dolandyrylýar.
Jemalettin BEKTAŞ.
"AYRINTI" žurnaly.
(makala gysgaldylyp terjime edildi we rejelendi)
terjime eden: Akif Türkmen
23. 07. 2020.
KÖPÇÜLIGIÑ TÄSIRI (Süri Psihologiýasy)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Howwa,
-
Nirvana
3 years ago
- Tüweleme, berekella!
Sada dil bilen gowy terjime edipsiň)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Sag bol,
türkmençe edebi we resmi ýazylyş dilini içgin öwrenýän, bu günler)
-
Nirvana
3 years ago
- 25 ýaşda Türkmen diliniň kadadyr, düzgünlerini öwrenjek ekenik:))
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Maña Türkmençe terjimede goldaw(maslahat) berseñ hoşal bolardym! Sebäp, türkçe ýazylan käsir eserlerdäki duýgulary türkmençe beýan etmek köplenç kyn bolýar
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Nirvana Salam!...@Shahyrana
-
Nirvana
3 years ago
- Akif_Turkmen
Baş üstüne!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Öwrenmegiñ ýaşy ýok))
Türkmen dili özümiziñki hiç ýere gaçmaýar diýip köp üstünede gitmändiris:))
-
Nirvana
3 years ago
- Shahyrana
Salam!
:/
-
Nirvana
3 years ago
- Dogry öwrenmegiň ýaşy ýok.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Nirvana, onda
akifturkmen34@yandex.com
e-salga, bir poçta ugratsañyz, terjimelerimi ilki size ugratsam, göz gezdirseñiz :)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Nirvana, okaýan ugruñ, göniden-göni psihologiýa däl bolsa gerek?!
-
Nirvana
3 years ago
- Syr:)
-
Nirvana
3 years ago
- İkimiz tanyşmy?!
Başga teswirde, seň bilýän ýerleriň diýipsiň...
-
yyldyz.
3 years ago
- Suraty)))
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Doglan gun hakda, Goshgy gerek diyipdin, Olam eje hakynda, Adymdan yaz diyipdin. Men shahyr dal, Halk yazyjy dal, Ozumche yazyan, Eserlerden ylham alyan...@Shahyrana
-
yyldyz.
3 years ago
- Kop kisi suri psihologiyasynyn astynda yatyr..
-
Nirvana
3 years ago
- Da diýdim Shahyrana.
Dogrusy diýenimden soň, blogyňy pozduň. Menem özümi erbet duýdum.
Bolýar, zyýany ýok, düşündim. Minnetdar!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Tanyş däl, ýöne dostlaşmak isärin. Kitaplary we psihologiýany gowy görýän bir dostum bolsa, begenerin.
Men çaklaýan, içimdäki sesi diñleýän :)
Çaklamalarym köplenç dogry çykýar :)
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- *l
-
Nirvana
3 years ago
- Psihologiýa okaýan bolsaň çaklamaga ökdesiň.
-
Nirvana
3 years ago
- Sen öň ýokduňmy?
Şuňa meňzeş temalarda pikir alyşypdyk, käbir agzalar bilen.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Soñky döwür diñe okaýadym, şu gün ýazyp başladym
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Çaklamalary has hem kämilleşdirmek üçin başga nähili kitaplar ýa-da ş.m zatlar peýdaly bolar, bir pikiriñ barmy?!
-
Nirvana
3 years ago
- Pikirleneýin..
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Psihologiya okayan bolsañ, Chaklamaga okdesiñ sen, Shu temalarda bolsañ, Pikir alysharsyn sen...Ichindaki sesi dinleyan, Chaklamalasy dogry chykyan, Kitaplary gowy goryan, Dostum bolsa begenerin...@Shahyrana
-
Nirvana
3 years ago
- Shahyrana adyň Aýgülmi?
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Salam, Shahyrana, tüweleme, ylham bar, biraz tejribe gerek, onam wagt geçmegi bilen gazanarsyñ :)
-
Nirvana
3 years ago
- Howlukman ýazsa, manyly setirleri kän. Tüweleme!
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Howwa, ýazybermeli, wagtyñ geçmegi bilen tejribe gazanýar ynsan. Esasy tankidi belliklerde, öz ýalñyş(egsik) ýeriñi görip, düzetmegi(doldurmagy) başarmaly.
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Adymy aytsam sizlere, Men @Shahyrana oglan, Ozumem Maryda doglan, Goshgylardan ylham alyan, Ozumche birzat duzyan, Pikir deryasynda yuzyan, Akyl gamisinde gezyan, Talyplara goshgy yazyan, Olaryn kabirin duzyan, @Shahyrana gurlemegi halayan, Sozlerimi goshga goshyan, Goshgy bilen joshyan, Doredijilikden ylham alyan...Barde adymy aytmayan...@Shahyrana
-
Nirvana
3 years ago
- Shahyrana aýtma gowy etýäň.
Akylly oglan ekeniň, molodes göwnüm ýetdi:))
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Shahyrana, özüňem oglan ekeniñ, saña kömek,
edebiyat.tm@yandex.com
e-poçta ýazsañ saña [@TM.] diýip nick(hasap) berer.
-
Nirvana
3 years ago
- O nähili nik?
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Anketa,
oglan bolup Aygül, diyen anketadan girip dirsa birhilirak ýaly.
-
Nirvana
3 years ago
- Hawa şeyle.
Bizem adymyzy üýtgedip bilýäsmi?
-
Wonderfull
3 years ago
- Anketa,
oglan bolup Aygül, diyen anketadan girip dirsa birhilirak ýaly.
Gyz diýip pikir edipdim!
-
Aygul nuralyyewa
3 years ago
- Belki pikirin yalnysh daldir, Talyplara giryan kandir...@Shahyrana
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Wonderfull, menem şeýledir öýdipdim
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Nirvana, ýok, diñe täzeden agza bolup, ilsän adyñy goýup bolýar
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Men bolsa, akymyn ugruna gozumi danyp gidemok. Akymyn ugruna gitsen yazgyt hakykat. Men bolsa muna garshy. Diymek akyma hem garshy bolyan.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Siz mana manlay bilen yazgydy tapawutlandyryp berin. Yene shularam tapawutlandyryp berayin:
Sylag bilen hormaty,
Eklench bilen gazanjy.
-
Akif_Turkmen
3 years ago
- Ahmedik_97, men ,psihologiýa barada ýazypdym, ylahiýet barada däl :)
-
Korolewa
3 years ago
- Menem psihologiyany halayan, menem owrensem shony...)
Nirvana 3 years ago- Sen terjime etdiňmi?!