Ertesi irden turup okuwa gitdim. Rówşeniñ bolsa şol ýarawsyzlygydy, bu gúnem okuwa gelmedi. Okuwdan çykyp barýarkam oña jañ etdim:
- Alo Däli. Okuwyñy taşlap dälihana geçipsiñ diýip eşitdim - gúldim. Agşamky oña garaşman ýatanym úçin ol óýkeli kineli bolar óýtdúm, ýóne tersine:
- Ýemşijek agşam náme ahyry óz diýeniñi edip ýatypsyñ? - diýip ýylgyrdy.
- Ukym tytdy, bagyşla Däli - diýdim.
- Wah arman sóýýándá, arman Leýli bolaýýañda bolmasa...bilýánle seni náme etmelidigini - diýip degişdi.
- Báh şeýlemi asyl, men Leýli bolmamda sen náme edip bilersiñ bu ýarawsyz halyña seni bir pitiklámde ýykaryn - diýip gúldim. Olam gúldi- de:
- Señ hakyñ bardyr, Leýlim. Ursañam, sogseñem, ýyksañam, dówseñem, kúl etseñem sen haklysyñ ýóne ýekeje haýyşym ýúregimi dówmegin, sóýgúmden ýúz ówúrmegin. Sóýgimden geçen gúniñ men ólerin - diýip ulydan demini aldy.
- Däli. Seniñ sóýgiñden ýúz ówúrip men nirá gideýin. Sensiz durmuşym góz óñúme gelenok, hiç haçan senden, señ sóýgiñden geçmerin. Sen ýaly Dälini hiç kime dózmerin - diýip ýylgyrdym.
- Dálije sen. Menem señ Däliñ...
- Hawa sen meñ hakyky orginal Dälim.
Şeýdip degişip gúlişip telefony goýduk... Śol gúnler ikimizem órán bagtly ekenik... Wah şol gúnleri ýekeje pursat yzyna dolap bolsady....(( Bir gún adaty gúnler ýaly okuwdan gelsem óýde ýeke ejem dálde başgada sesleriñ bardygyny eşitdim. Óýe girsem ejem ýylgyrdy:
- Geldiñmi gyzym sag amanja - diýip gapdalyndaky oturan daýzama hem gelnejelere seredip:
- Ynha meñ gyzym, ýeke dikrarym Leýlijan. Gyzym bar egin eşigiñi çalyşda geláý - diýdi.
- Leýlijan gurgunmy? - diýip daýzam gózúni oýnaklatdy. Menem ýylgyrdymda geçip gitdim beýleki jaýa. Eşiklerimi çykaryşdyrdym saçymy çóşúp darap başladym, ýanyma daýzam geldi.
- Agyz Leýlijan gowjamyñ, okuwlaryñ gowumy? - diýip sóze başlady.
- Hawa Hudaýa şúkir Daýzajan gowy, gúl ýaly. Siziñ ýagdaýlaryñyz gowumy? - diýip soradym.
- Hawalagyz bizem gowy. Işdedim welin şu işdeş joram halys goýmadyda ýór gidip geláýeli diýip duransoñ bizá gaýdyberendiris - diýip sózúni dowam etdi:
- Wiý Leýlijan şu işdeşimiñ ady Aýgúl. Ózem bir şeýle bir gowy, ýúreginde zat ýokdur. Adamsam gowy, túweleme kaşañ jaýlary bar, maşynlary bar, gooowjaaaada oguljygy bar - diýeninden men "Hmmmm hálden mus mus diýip durmada mustafa diýáýdá şeýdip" diýip içimi gúrletdim.
- Agyz oguljygam túweleme ýurdumyzdaky Institutlañ birini gutaryp gowja işe ýerleşipdir. Ejesine kajasyna gaty rakypja, şolaryñ diýeninden çykmanjyk gezip ýór - diýip daýzam ówúp añyrsyna çykyp bilmedi. Men ówdigiçe gaharym gelýádi. Ahyry daýzam:
- Leýlijan sen şoña barsañ bagtly bolarsyñ, ejeñem bagtly edersiñ. Biziñem saña hiç ýamanlygymyz ýokdur. Gowja ýer bolan soñ sypdyrmaly diýdim - diýip óz eden işine begenip aýtdy.
- Daýza men şolara barsam bagtly boljagymy nábilýáñiz. Ejemi bagtly etmek úçinem ilki men bagtly bolmaly, a galanyny bolsa góribereris - diýdimde aşhana tarap ýóredim. Daýzamam ejem dagyñ ýanyna gitdi.
Aşhanada pikirler ummanyna gark bolup otyrkam daýzam ol gelneje bilen gelip sagbollaşyp gaýtdylar... Soñ bir salymdan soñ ejem geldi. Óñúme geçip oturdy-da gúrrúñe başlady:
- Gyzymjan daýzañ hálki işdeşi bilen saña gudaçylyga geldiler. Olar seni óz ogluna bermegimi soradylar. Men enták gyz bilen geñeşeýin diýdim, soñ size habar bererin diýdim. Daýzañ aýtmagyna górá oglan okuwly, işli, tutan ýerlimiş gyzym - diýip diýmáká,
- Onda náme şeýle gowy oglana daýzam óz gyzlaryny bermeýáká eje - diýip náyrzalygymy bildirdim.
- Men saņa góni şu wagt jogabyny ber diýip duramok pikirlen gyzym, bize ýarany bilenem ýaşaşmaly sensiñ saña ýaramasa haÿry ýokdur. Daýzañam ýamanlygy ýokdur bize gowusy bolsun diýip edendir - diýdi.
- Hawa her kim óz işi bilen bolsa şo iñ gowy ýagşylygy - diýip húññúrdáp gaplarymy ýuwmaga durdym.
- Wiý agyz sen náme gaharlany berdiñle, ýa náme halaşýanyñ dagy barmydy? Başga birinde gównúñ bolsa aýt, men garşylygym ýok, ÿóne goý ol ejesini ugratsyn menden ogryn dogryn bolup ýórmesinde - diýdi.
- Waý ejemi ýokla námáñ halaşmasy, námáñ sóýgúsi, okuwym bilen meñ hiç zada elim degenoga - diýdim içimdenem " Wah ejejanym saña aýdyp bilsedim káşkám, halaşýanym Rówşendigink bilseñ sen meni ýere sokarsyñ" diýip gaty gynandym...
Men bu zatlary Rówşenede aýtmadym. Men ony hiç hili alada goýasym gelmedi. Biz biri birimizi sóýýás şolam bise ýetikdi, biz bagtlydyk... Guda gúrrúñi wagtlaýynça bolsada ýatdy. Ondan soñ 3-4 gún geçdi. Dynç gúnidi, okuwa gidýán gúnlerim ir turasym gelmeýádi, emma dynç gúninde tersine ir turýadym. Óýúñ işlerini dynyp, el işlerimi edýán jaýyma geçdim. Ejemem ol gún bir işgáriniñ súnnet toýuna gidipdi. Menem aýdym diñláp işimi edip otyrdym. Birdenem jañ geldi, seretsem Rówşen:
- Alo Leýlim gowumy ýagdaýlaryñ? Gúrleşip bilýáñmi? - diýip sorady.
- Salam Rówşen. Gowy Hudaýa şúkir. Sen ýagdaýlaryñ gowumy? Hawa gúrleşip bilýán aýdyber - diýdim.
- Ýemşijek kán wagtyñy aljak dál, ýóne bir zatlar aýtjakdym saña.
- Aýdyber Däli diñleýán.
- Aslynda men saña aýtmalam dál ýóne bilip gal diýdim-de jañ edáýdim.
- Aýtda diñleýán.
- Sen bilýáñmi bu zatlary aýdamsoñ maña nâhili garajagyñ gyzyklandyrýa meni.
- Waý içimi it ýyrtyp gelýádá, bolaýda aýdaý.
- Alñasama howlukma hemme zady ýerbe ýer edip dúşindirmesem sen dúşinmersiñ.
- Námáni dúşindirjek bolýañ?
- Aslynda men saña jañ edenimiñ sebábi sen maña náme úçin aýtmansyñ bir zady, náme úçin gizleýáñ menden - diýende men "waý guda gelineni bildimiká" diýip pikir etdim.
- Rówşen men senden zat gizlámok.
- Aý şona gizlápsiñ, ýa men bilmez óýtdúñmi há Leýli?
- Bagyşla men aýtjakdym hemme zady, ýóne seni alada goýmajak boldum.
- Şoñ úçin men alada eder óýtdúñmi?
- Hawa.
- Náme úçin men olar ýaly zat úçin alada edeýin.
- Wiý şeýlemi şol indi señ úçin alada dálmi?
- Ýok asla alada dál.
- Sen beýle biperwaý gararsyñ óýtmedim. Meñ úçin uly alada şol bilseñ. Señem sóýgiñ ýúrekden bolsa şol uly alada bolmaly, ýóne sende sóýgi ýokdurda onda - diýip gaharlanyp ugradym.
- Mende sóýgi ýokmy? Sen námáñ gúrrúñini edýáñáý şu wagt? Mende sóýgi ýok bolsa şeýdip jañ ederinmi saña há? Samsyk. - diýip gaharlandy.
Men ol sózlerine beter gaharym gelip:
- Ózúñ samsyk. Maña jañ edýániñem diliñe alyp ugradyñmy? Etme maña jañ onda dúýbinden. - diýdim.
- Etmerinem. Bar islegiñ şolmy há? Men jañ etmezligim, meñ ýitmegimmi bar islegiñ há bol aýt?
- Ol señ islegiñ. Alada etmeýániñ islegi ol.
- Leýli men seni alada edişim ýaly hiç kimem alada etmedim. Sen bolsa aladamy edeñok diýýáñ. Borlaý... Sagbol ýetip gelýán doglan gúniñem gutly bolsun. Uzak ýaşa. Bagtly bol. Ýóne mensiz - diýip telefony gahar edip goýdy...
Men ol teli goýansoñ ençe wagtlap pikire çúmúp oturdym. Wah şol wagt onuñ guda barada hiç zat bilmán doglan gúnimiñ ýetip gelýánini aýtmansyñ diýenine dúşinen bolsadym. Yzyna jañ edip, tá bagyşlaýança ótúnç sorardym...
Dowamy bar...
"Sen hakyky däli" 7-nji bölüm (bolan waka)
-
yashalym
3 years ago
- ++++
-
muratik
3 years ago
- Biderek dialoglar gaty kan bagysla welinn.. hindi kinodan beter icin gysdyrya
-
Black Wolf
3 years ago
- @Arzuwum senin bashyndan gecenmi bu waka
-
Ylmytalyp
3 years ago
- @muratik, aýtma, ynanar ýaly däl.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Biderek zatlara teswir yazmagyn ozi bidereklik. Mowzuga gelsek, tuweleme, gowy yazypsyn, dowamyna garashyarys. +++
-
Black Wolf
3 years ago
- Dowamyny yazay hayys
Xyivenia 3 years ago- Garasyan dowamynda yene sabyrsyzlyk bilen
3.03.2021 17:32