Gaňňalyň oýunda - Tejende galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy,
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň.

Bir yandan uruşdy, bir yandan hasrat,
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat,
Șol yowuz ýyllara gelipdi gabat,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Geçen asyryň ýetmişinji-segseninji ýyllarynda türkmeniň uly şahyry Kerim Gurbannepesowyň şu setirleri doga ýaly bir zatdy. ÜRE GATANÇSYZ ARASSA DUÝGYNYŇ ÖLÇEG BIRLIGIDI! Ony tas hemmeler ýatdan bilyärdi. Bagşylar aýdym edip aýdýardy. Aşyklar onuň setirlerini söýgi hatlaryna goşýardy.

Bu beyik gosgy durşuna yanan söýgüdi.
Bu beyik gosgy ilkinji soyga Senady.
Bu beyik goşgy ERKEK ADAMYŇ bagyr yashyna ýuwnan agysydy.

...Ine-de, bäş adam bolup, Gaňňalynyň oýunda otyrys. Sagymyz - gaçy, solumyz gaçy. Ýylgyn, toraññy. gargy-gamyş tokaýlygy. Keypler bäş, bir elde ýagly petir, bir elde etli omaça. Yetjek ýerine ýeten ýaz ýere-göge syganok, ol joşa berlip, öz-özünden owaz tapyar.

Häzir biziň hemmämiz şahyr. Üstesine-de bagsy, göni «Nowgüle» tutduryberjek.
"Yusup owgan", "Akýüzli maralym", ýene-de göwnüň näme isleyär - baş üstüne. Ýürek aýdym aýdanda müşgil zat yok...

Yöne biziñ aramyzda Kerim Gurbannepesow bardy. Oturan ýerimiz bolsa Tejen, Gaňňalynyň oýy! Mundan ähli barlyk söýgüden söz açýar! Han-ha, şol ýylgyn, ynha, sag gapdalymyzdaky goja toraňňy, gargy-gamyş... öz ene dilinde "Yaşlyk dramasyny" okaýar.

"Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň"...
"Tas şahyr bolupdyň çuwalgyz wagtyň"...

Oňa sesiňi goşmazlyk mümkin däl. Megerem, ýaza goşulyp, biz ony ýerli-ýerden alyp götererdik. Emma... türkmeniň Kerim Gurbannepesi bar-da aramyzda!

- Şahyr şu yerde «Yaşlyk dramasyny»
okamasaň-a günä bor...

Ýigitlerin biri şeyle diydi-de, şahyryň
ýüzüne seretdi.

- Al bäşi!

Şahyr ýaňky ýigide elini uzatdy:
- Günä diýme, agyr günä bor diy!

Ýanky yigit joşup gürledi:
- Ana, agyr günä bor.

Şahyryň mahmal sesi Gaňňalynyň oýuny tokaýy-hanasy bilen bagryna basyp,
ony Taňrynyn yerdäki jennetine öwürdi.
Men şu beyik goşgyny şahyrynlň agzyndan kän-kän gezek eşitdim. Bu gün welin...

Şahyr alamat perdeden tutdy. Gaňňaly bir gez beýgeldi!

Şygryň humaryna berlip, öte bagtlylykdan şahyryň turup gideninem aňmandyrys. Birhaýukdan görsem onuň ýeri boş dur. Onsoň ýuwaşjadan ýerimden turdumda, gabat garşymyzda, tokaylygyň içinde beyleki agaçlardan mazaly saýlanyp duran gaba torañña tarap ugradym.

Ýüregim aldamandyr - ol toraňňynyň ýanynda otyrdy.

Öňünde pygamber ýaşynyň eýwany bardy.
Yzda - yşka beslenen ýyllar bardy.
Ol - örän, örän bagtlydy...
Ol - örän, örän betbagtdy... Egnindäki ýüküň astynda barha ýegşerilýärdi. Ýüz ýylda bir gezek dogulýan şeýle gyzy ýitirersiň-de, nädip ýegşermersiñ-ä?

- Şomy?

- Şo.

Biziň aramyzda başga hili gürrüň bolmady. Gaňñaly. Şol toraňňy...

Häzir diñe şygyr gürläp biljekdi.

...Arada aýlandym, Tejen ýerlerne,
Ýaşlyk ýyllarmyzyň geçen ýerlerne,
Seredip gözýaşyň seçen ýerlerñe,
Geçirdim bir gije,
Bir gündiz wagtym.

Gaňňaly hem otyr öñki ýerinde,
Toraňňy hem otyr öñki ýerinde,
Şol derýa hem ýatyr öñki ýerinde,
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden -
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.

Halypa, rahat ýat, hemme zat: toraňňyňam, il-günüñem, Watanyňam öz ýerinde, "Ýaşlyk dramasam" öz ýerinde!

Edebiýat, Mister X tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir