“Men yşky ömürlik iş etdim saňa”
Italmaz Akmyradow
“Aýralyk dagynda üşeme” diýip,
Ýüregimi ýakyp, o:t etdim saňa.
Çirksiz ynam bilen ezizläp, söýüp,
Yşksyz geçmişimi ödetdim saňa.
Salgym däl ekeni güneşli günler,
Ýyglaýa-ýyglaýa, terk etdi tümler.
Gizleme duýgyňy, barybir bilner,
Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa.
Sen hakda “gepledip” ähli setirin,
Döretdim kalp ysly goşgy hataryn.
Uçuber erkana, üwräp öterin,
Ylham ganatymy bat etdim saňa.
Çözledik, arada goýmadyk düwün
(Öwün yşkyň bilen, ýüregim, öwün!).
Seni magşuk kylyp özüme, bu gün
Jümle aşyklary ät etdim saňa.
23.02.2021ý.
Sapa HOMMADOW
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...”
-
Yylgyn
3 years ago
- +++++
#Ailara
-
Yylgyn
3 years ago
- Sapa söygüliñ barmy
#Ailara
-
yashalym
3 years ago
- Yylgyn
Men soygulym yok men bilen
Soyusaa
-
Pegas
3 years ago
- @Yylgyn, ýok.
-
yashalym
3 years ago
- #Ailara
Men bilen soyusa
-
A93
3 years ago
- Italmaz Akmyrat halypaň bir aýratynlygy bar. Özünden soňky ýazanlary özüne meňzedýär. Öz stiliň galmaýar. Sapaň adyny aýran bolsalar şuny hem Italmaz Akmyrat ýaznadyr öýderdim
LUKMAN_GYZ 3 years ago- ++++++++++++